14:45

Müsürde şalyk süren türkmenler

MÜSÜRDE ŞALYK SÜREN TÜRKMENLER

Müsür - gojaman döwlet. Ol hakda anyk bir maglumat aýdyp bilmejek adamam iñ bolmanda faraonlar, müsür piramidalary diýen düşünjelerden habarlydyr. Özüniñ ajaýyp ýadygärlikleri bilen tanalan ýurduñ taryhyny yzarlasañ, onuñ köküniñ juda-juda çuñluklara aralaşandygyma göz ýetirýärsiñ. Şeýle-de, Müsüriñ taryhynyñ haýsy sahypasyna, haýsy döwrüne aralaşsagam, şol sahypalarda hökman türkmenleriñ yzlaryna duş gelmek bolýar. Hatda faraonlar döwründe-de Müsüre agalyk ediji golunyñ uzandygyny birnäçe taryhy çeşmeler güwä geçýär. Bu barada Saparmyrat Türkmenbaşy şeýle belleýär:

"...Ýer ýüzüni zabt edip, bäş sany türk urugyna at beren Oguz handyr. Ol 116 ýyl hökümdarlyk edipdir. Ýöne bu ýyllaryñ wagty häzirki ýyllaryñ ölçeginden az bolmagy we türklere mahsus ýyl ölçegi bolan bolmagy mümkin. Müsüri boýun egdiren bu beýik patyşanyñ agtygy ol ýerde "Hiksos" (giksoslar -H.T.) diýilýän fyrawun kowmuny döredipdir. Hezreti Ybraýym aýaly Sara bilen bu kowmuñ höküm süren zamanynda Müsüre barypdyr. Hezreti Ybraýymyñ miladydan (b.e.ozal) 4000 ýyl öñ ýaşandygyny nazara alsak, onda Oguz han hem miladydan 4000 ýyl öñ dünýä inipdir".[1]

Fazlalla Reşideddiniñ Oguznamasynda "Oguzyñ Müsüre azimat kylganynyñ zikri" bölüminde Oguzhanyñ Müsüre eden ýörişi şeýle beýan edilýär:

"Oguz Dymaşky il kylgandan soñ Müsür kasdyna azimat kylyp, üç günlük ýol ýörediler. Iki gün anda makam tutup, barça leşkerlerine buýurdy kim her müñ kişi gije iki-üç ýola izine gaýdyp, gündiz göç etsin. Bu usul birle leşkeri şeýle görkezerdi weli, halaýyk gözüne iki-üç gadar köpräk görünerdi.
Ondan soñ Müsüri ne dürli almagyñ geñeşini etdi. Üç ogluny dokuz müñ kişi bile manglaga iberip, bir ogluny ýene dokuz müñ kişi birle anyñ ardyndan iberip, özi uly çerik birle olardan soñ rowana boldy.
Özi atlanar gününde goşa at birle ilçi iberip tabşyrdy kim (baryp müsürlilere aýtsynlar): "Bu düzüliş bilen şeýle goşuny oglanlaryma berip iberdim, özüm hem ulug çerik bilen barup ýetjekdirin".
Ilçiler gidenden soñ ol onda (Dymaşkda) makam tutdy, oglanlary (Müsür tarapa) ugradylar. Iguz Dymaşk töwereginde gyşlak ýasap, aw awlamak bilen boldy.
Dymaşklylar hem Müsüre kişi iberip, Oguzyñ leşkeriniñ beýanyny olara ýetirdiler we uruşmazlygy maslahat berdiler. Müsür ähline bu söz örän täsirli boldy. Oguzyñ ogullary ýurda ýakyn ýetenlerinden, Müsür ekabyrlary bary jemlenip, garşy aldylar, peşgeşlerini getirip, tabyn we boýun boldylar.
Oguzyñ oglanlary dagy şäher degresinde otyryp (orun tutup) "Müsür adamyny hiç kimse gynamasyn we azar bermesin!" diýip höküm çykardylar. Emma höküm kyldylar kim: "Biz ýyrak ýoldan gelipdiris (we biz her sapar mal ýygnamaga gelip bilmeris. Şonuñ üçin siz) üç ýyllyk maly öñünden taýýarlap, tertibe getirip, bize gowşuryñ se her alty aýda (şol malyñ) üçden birini ödäñ".
Bu ýylda üç ýyllyk maly Müsürden aldylar. Leşkere bol-elin mal berip, Oguzyñ permany birle yzlaryna dolandylar.
We ýene bir ýyl hem Oguz Dymaşkda mesgen tutdy we ondan soñ Mekge we Medinäge ilçi iberdi we ol sebäpden kim, Adam aleýhis-salamyñ gabry anda turur. Buýurdy kim andan bir owuç toprak getirdip bir parasyny õ bedenige sürtüp, Alla Taalaga şükür kyldy. Oglanlary birle umaralaryga diýdi kim: "Adam toprakdan erdi we ýene topraga wasyl boldy we biz hem barçamyz toprak bolgusymyz".
Andan soñ (Oguz) Baalbek daglarynda, sowuk howaly ýerlerde ýaýdak tutup, diýdi kim: "Bu ýazda Bagdadga barsa bolmaz. Howa mylaýym bolandan soñ Bagdada azymat kylgymyzdyr. Ýaz tamam anda oturyp, gyş başy Bagdada azymat kyldy we Allahu aalam (dogrusyny Alla bilýär!).[2]

Söhbetimizi Gadymy Müsür döwletinden başlalyñ. Bu ýurt geçmişde siwilizasiýanyñ ojaklarynyñ biri bolupdyr. Müsüriñ taryhyny üç döwre bölýärler: Gadymy, Orta we Täze Müsür. Biziñ eýýamymyzdan öñki IV-III müñýyllyklar Gadymy, XVI asyra çenli Orta we XIX asyryñ ahyryna çenlem Täze Müsüri öz içine alýar.
Siriýa, Palestina, Kuş we beýleki ýerleriñ eýelenen ýyllary, ýagny, täze eýýamdan öñki XVI-XV asyrlar Müsüriñ gülläp ösen döwrüne degişlidir.
Biziñ eýýamymyzdan öñki 30-njy ýyllarda Müsür rimliler tarapyndan basylyp alynýar. Ol 395-639-njy ýyllar aralygy bolsa Wizantiýanyñ tabynlygynda bolýar. 639-642-nji ýyllarda Müsür araplaryñ eline geçýär. Fatimileriñ Ýakyn Gündogary dolandyran 901-1171-nji ýyllarynda Müsür ykdysady we syýasy taýdan uly güýje öwrülýär. Müsüriñ geçmişiniñ her döwri barada durup geçjek bolsañ, häli-şindi sanlara salgylanmaly bolýar. Çünki, bu döwlet geçmişde ençeme şalyklaryñ, hanlyklaryñ golastyna düşýär. Ýöne Müsür müñýyllyklara uzaýan taryhynyñ islendik döwründe haýsy döwletiñ tabynlygyna girse-de ýa-da özbaşdak döwlet hökmünde ýaşasa-da, özüniñ iñ gülläp ösen döwürlerini türkmenleriñ täsirinde bolan bolan wagtlary başdan geçiripdir. Çünki türkmenler ata watanyndan atlanyp dünýäniñ haýsy ýurduna baranda-da, ol ýere rehimsiz talañçy, basybalyjy hökmünde girmändir, gaýtam biziñ ata-babalarymyz baran ýurdunyñ halasgäri, ýerli howandary hökmünde garşylanypdyr. Muña Müsüri Fatimi şaýy agalygyndan we ýewropaly haçparazlaryñ çapawulçylykly ýörişlerinden halas edip, ýurtda kuwwatly döwleti we asuda durmuşy berkarar eden eýýuby türkmenleri iñ gowy mysaldyr.[3]
Müsür 868-905-nji ýyllarda Tolunogullary türkmen döwletiniñ (Buharaly türkmenlerden Tolun Türkmeniñ /Dolanaý beg/ ogly Ahmet ibn Tolunyñ guran döwleti -H.T.)[4, 5], 935-969-njy ýyllarda Ihçidi türkmen döwletiniñ (Fergana türkmenlerinden Muhammet ibn Togaç Türkmeniñ guran döwleti -H.T.)[4, 6], 1171-1250-nji ýyllarda Eýýuby türkmen döwletiniñ, 1250-1571-nji ýyllarda Mamlýuk türkmen soltanlygynyñ[7, 8, 9, 10, 11] garamagynda bolýar. Hut şol döwürlerem Müsür syýasy we ykdysady ösüşde öñe çykýar. 1517-nji ýylda Osmanly türkmen soltany Ýowuz Selim Müsüri Osmanly imperiýasynyñ düzümine birikdirýär.
1879-1882-nji ýyllarda Müsüri Angliýa eýeleýär. Emma XX asyryñ 20-nji ýyllarynda Müsürde milli azat edijilik hereketi ýaýbañlanýar. Onuñ netijesinde Müsür garaşsyz patyşalyk diýip yglan edilýär. Muña garamazdan, ýurduñ ykdysadyýeti iñlisleriñ gözegçiliginde galýar. Diñe 1952-nji ýylyñ iýul rewolýusiýasyndan soñra iñlis goşunlary ýurtdan doly çykarylýar we Müsür Arap Respublikasy resmi taýdan yglan edilýär.
Müsüriñ gadymy bolşy ýaly, onuñ paýtagty Kairem köp şalyklaryñ dolandyryşyny başdan geçiren şäher. 933-1171-nji ýyllarda ol Fatimiler döwletiniñ, XIII-XVI asyrlarda Mamlýuk türkmen döwletiniñ paýtagty bolýar. Bu ýurdy kim eýelese-de, Kair paýtagt derejesini ýitirmeýär. Kair ilkinji nobatda, gadymy ýadygärlikleri bilen tapawutlanýar. Bu şäheriñ arhitektura ýadygärlikleri biziñ eýýamymyzdan öñki IV asyrdan gözbaş alyp gaýdýar.

■ Müsür gysga setirlerde

• Müsür Arap Respublikasy Demirgazyk-Gündogar Afrikadawe Sinaý ýarym adasynda ýerleşýär. 1001,4 kwadrat kilometr meýdany tutúan bu döwletde 90 milliona golaý ilat ýaşaýar. Ilatyñ 98%-i arap milletinden ybarat. Hristian dinine uýýanlar ilatyñ belli bir bölegini düzýär.

• Müsür 29 muhafaza - gubernatorlyga bölünýär. Döwleti Prezident dolandyrýar. Ýurduñ demokratik saýlawlar arkaly saýlanan Prezidenti Muhammet Mursini agdaryp ýerine geçen general Abdylfettah Sisi Müsüriñ häzirki Prezidentidir.[12]
Bir palataly halk ýygnagy döwletiñ kanun çykaryjy organy bolup durýar.

• Müsür çöllük ýurt. Onuñ meýdanynyñ aglaba bölegini, ýagny, 98%-ni çöllük raýonlar tutýar.

• Müsür agrar-senagat döwleti hasaplanýar. Inçe süýümli pagta oba hojalygynda öndürilýän esasy önüm bolup durýar. Mundan başga-da şaly, mekgejöwen, galla, şeker çiñrigi we beýleki ekinler ösdürilip ýetişdirilýär. Nebit, fosfat, demir magdany ýurduñ esasy tebigy baýlyklary hasaplanýar.

• Senagatynda gara we reñkli metallurgiýa, maşyn gurluşygy, nebiti gaýtadan işleýän we nebit-himiýa pudaklary görnükli orun eýeleýär.

• Müsürde port şäherleriñ birnäçesi ýerleşýär. Aleksandriýa, Port-Said, Sues ýaly portlary muña mysal görkezmek mümkin. Port şäher Aleksandriýany biziñ eýýamymyzdan öñki 332-331-nji ýyllarda Aleksandr Makedonskiý esaslandyrýar.

______________________________________________
[1] Saparmyrat Türkmenbaşy "Agzybirlik. Asudalyk. Jebislik", Aşgabat-1994, "Ruh" neşirýaty, tom 2, sah: 100.
[2] Fazlalla Reşideddin "Oguznama", Aşgabat "Türkmenistan" neşirýaty, 1990 ý, 46-58-nji sah.
[3] Giñişleýin maglumat üçin seret: Jumadurdy Annaorazow "Selahaddin Eýýuby", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/selaheddin_eyyuby/2018-12-10-3843
[4, 5, 6] Tolunlaryñ we Ihçidleriñ Müsürde guran türkmen döwletiniñ taryhy boýunça giñişleýin maglumat üçin seret:
- J.Annaorazow "Müsürde tagt guran türkmenler", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/musurde_tagt_guran_turkmenler/2018-12-30-4258
- J.Annaorazow "Dolan aýyñ döwleti", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/dolan_ayyn_dowleti/2018-12-16-3955
- J.Annaorazow "Oguz nesliniñ ihçitleri", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/oguz_neslinin_ihcitleri/2018-12-15-3924
[6] Mamlýuk türkmen soltanlygy we onuñ käbir hökümdarlary boýunça giñişleýin öwrenmek üçin seret:
Rahmet Gylyjow "Farysetdin Aktaý", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/faryseddin_aktay/2018-09-11-2410
[8] R.Gylyjow "Seýfeddin Guduz", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/seyfeddin_guduz/2018-09-11-2409
[9] Jumamyrat Gurbangeldiýew "Seýfeddin Kutuz", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/seyfeddin_kutuz/2019-07-23-7691
[10] J.Annaorazow "Beýbars", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/beybars/2019-06-14-7358
[11] J.Gurbangeldiýew "Beýbars", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/beybars/2019-06-14-7358
[12] Ekrem Bugra Ekinji "Türmeden Prezident köşgüne giden ýol", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/turmeden_prezident_kosgune_giden_yol/2019-06-23-7398

# Internet we gazet materiallary esasynda taýýarlan: Has TÜRKMEN.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 404 | Добавил: Hаwеrаn | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 okyjy  
Malades. Gowy maglumat. Sag boluñ

0
2 Hаwеrаn  
245
[1] Saparmyrat Türkmenbaşy "Agzybirlik. Asudalyk. Jebislik", Aşgabat-1994, "Ruh" neşirýaty, tom 2, sah: 100.
[2] Fazlalla Reşideddin "Oguznama", Aşgabat "Türkmenistan" neşirýaty, 1990 ý, 46-58-nji sah.
[3] Giñişleýin maglumat üçin seret: Jumadurdy Annaorazow "Selahaddin Eýýuby", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/selaheddin_eyyuby/2018-12-10-3843
[4, 5, 6] Tolunlaryñ we Ihçidleriñ Müsürde guran türkmen döwletiniñ taryhy boýunça giñişleýin maglumat üçin seret:
- J.Annaorazow "Müsürde tagt guran türkmenler", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news....30-4258
- J.Annaorazow "Dolan aýyñ döwleti", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/dolan_ayyn_dowleti/2018-12-16-3955
- J.Annaorazow "Oguz nesliniñ ihçitleri", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/oguz_neslinin_ihcitleri/2018-12-15-3924
[6] Mamlýuk türkmen soltanlygy we onuñ käbir hökümdarlary boýunça giñişleýin öwrenmek üçin seret:
Rahmet Gylyjow "Farysetdin Aktaý", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/faryseddin_aktay/2018-09-11-2410
[8] R.Gylyjow "Seýfeddin Guduz", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/seyfeddin_guduz/2018-09-11-2409
[9] Jumamyrat Gurbangeldiýew "Seýfeddin Kutuz", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/seyfeddin_kutuz/2019-07-23-7691
[10] J.Annaorazow "Beýbars", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/beybars/2019-06-14-7358
[11] J.Gurbangeldiýew "Beýbars", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/beybars/2019-06-14-7358
[12] Ekrem Bugra Ekinji "Türmeden Prezident köşgüne giden ýol", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news....23-7398

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]