00:25

Myhman bulut / erteki

Категория: Ertekiler | Просмотров: 750 | Добавил: Нawеran | Теги: Kömek Kulyýew | Рейтинг: 4.5/4
Awtoryň başga makalalary

Ertekiler bölümiň başga makalalary

Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024
Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024

Teswirleriň ählisi: 6
0
1 Bagabat  
43
Hasraty çeken bilýä...

-1
2 Bagabat  
43
Sözüň-ä däl, sazyňam artykmaç ýerleri bolýa-da, kämahal...Alla rahmet etsin!

0
3 mango  
651
Kerim oguljygymyň hem-de çagalyk ýaşyna ýetmedik ähli perişdejikleriň ruhuna bagyş etdim.

ökdä ökde diýmeli we ökdeden öwrenmeli.
üns beriň "...ruhuna bagyş etdim" diýýär.
eger "...ruhuna bagyşlaýaryn" diýen bolsa adaty guraksy bir bagyşlanma bolardy.
"bagyş etdim" diýende edil kurandan bir aýat okap onuň sogabyny bagyşlan ýaly assosiasiýa döredýär. diýjek bolýanymy ýazyp düşündirmek kyn. gaýtalap okap görüň, duýarsyňyz.
---
Ahyrsoňy bize-de bir ýagşy jaý ýetdi, Arşu-Kürsüň bäri ýanyndan ― on bäşinji gatdan.

"...jaý ýetdi, Arşu-Kürsüň bäri ýanyndan" diýende derrew kellä gat-gat jaýlar ýada salýar we kelläňe gelenini tassyklaýan ýaly yzyndan "15-nji gatdan" diýip nokat goýýar.
şu ýekeje sözlemi ussatllyk bilen oýnap, onuň içine bir süri hekaýany sygdyryp bilipdir...
Ahyrsoňy bize-de bir ýagşy jaý ýetdi, - (jaýsyzlygyň kösenjiniň soňy)
Arşu-Kürsüň bäri ýanyndan ― on bäşinji gatdan - (ol kösençlerden soň adam pahyr özüniňki bolan asmanda goýlan beton gapyrjagynam hamana arşy-kürs derejesine ýakynlan ýaly görýär).
umuman diýjegim, meniň ýalylara (öwünen bolaýynla) şujagaz sözlemem hekaýa hökmünde ýeterlik.

0
5 Bagabat  
43
Ine şony aýtjak boldum.
Şygryň ajaplygy bar - mysal üçin, Suraý jigimiziň bulut hakda goşgusy!
Kyssaň ajaplygy bar - Kömek agaň bulut hakda ine şu hekaýasy!
Näçe deňeşdirseň, deňeşdirip oturmaly.
Halk arasynda: "Ýer ýeriň gurbanymy?" diýen bir, dürli ýerlerde ýerine, ýagdaýyna görä äheň çaýylyp ulanylýan aýtgy bar.
Bu ýerde bolsa hakykatdanam: "ajaplyk ajaplygyň gurbany".
Ikisem aňk edýär.
Sebäbi gursakda döräp, gursakdanam gaýdýar.

0
4 mango  
651
ýekeje detal meni has gyzyklandyrdy.
"gaçgak" we "güpbasdy"-ly ýeri

Bir görsem, uluja oglum gyýlyp, çytylyp otyr. «Hä?» diýsem:
― Häý, kaka, bir gaçgak buludy myhman alypsyň diiýp, saňa käýemeseler ýagşydyr! ― diýýär.

...
Menem eýwana çykyp, şo-ol seredip durun. «Bularyň haýsysy biziňkikä?» diýýän. Ýa bir alys ülkede azaşyp galaýdymyka? Ýa bir degimsiziň demine düşüp, güpbasdy ediläýdimikä? Ýa-da... ýa-da... ýa-da...


aýaýyp jemlemeli ajaýyp erteki.

Nirede, nirelerde sen, akja buludym?! Sergezdan buludym, myhman buludym, janserek buludym, arman buludym...

0
6 Alaýabyly  
788
Perzent

Näzik ýylgyryşly Aýydyň tünüň,
Bökdürerdim, ýeňiljekdiň agramdan.
Ýöne sen hasrata öwrülen günüň,
Gozgap bolmaz agyr daş deý agraldyň.

Gülüň pudagyndan ýuwaşja täne.
Doňup galdyň ýowuz sözli jümlede.
Ak gül bolup ýazyldyňda meýdana,
Gyraw kimin eräp gitdiň dünýeden.

Mämmetnazar Babanazarow

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]