00:38

Noel baba kim? Noel we Täze ýyl baýramçylygy haçan döredi?

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 404 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Sadyk Çalyşkan | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Arzyman  
418
Täze ýyl—ýylyň başy hasaplanýar. Ýöne ýylyň başy her halkda dürli wagtda başlaýar we Täze ýyly her ýurt özüçe belleýär. Meselem, biziň ýurdumyzda ýylyň başy—ýanwar aýynyň 1-i hasaplanýar. «Uorld buk» ensiklopediýasyna salgylansaň-a, ýyl başy—ýanwaryň 1-i diýip, Konstantinden birnäçe asyr öň, ýagny b.e.öňki 46-njy ýylda Rim hökümdary Ýuliý Sezar yglan edýär. Rimliler bu güni hemme zadyň başyny we ahyryny, girişi hem çykyşy aňladýan Ýanus diýen taňra bagyş edipdirler. Ýanwar aýynyň özü-de Ýanus taňrysynyň adyndan gelip çykýar. Onuň biri-birine garşy tarapa seredip duran iki ýüzi bar eken. Diýmek, dogrudanam Täze ýyl baýramynyň hristiançylyk bilen düýbünden dahyly ýok.

0
2 Arzyman  
418
Ýene bir sözlükde şeýle diýilýär: «Köp ýurtlarda köne ýylyň täze ýyla geçmegini tans etmek, içhä-içlik we keýpi-sapa bilen garşylaýarlar». Başga medeniýetlerde-de şeýle zatlary görse bolýar, ýagny adamlar «bir ýyl tamamlanyp, indiki ýylyň başlanmagyna lezzet almak üçin sebäp hökmünde garaýarlar» (Standard Dictionary of Folklore, Mythology, and Legend)

0
3 Arzyman  
418
Ýeri gelende, «Amerikan ensiklopediýasyna» esaslanyp, ýene bir baýramy agzap geçesim gelýä. Başda aýdylyşy ýaly, her halkda ýylyň başy, Täze ýyl dürli aýlarda bellenipdir. Mysal üçin, häzirki wagtda hristan baýramy hasaplanýan «Hellouin» baýramy hem olardan öň druidleriň (gadymy kelt ruhanylarynyň) däp-dessurlaryndan gelip çykýa. Keltler iki esasy taňra — Gün taňrysyna hem ölüler taňrysyna bagyşlap baýramçylyk belleýärdiler. Şu Hellouin hem aslynda Noýabr aýynyň 1-ne bellenilýän keltleriň Täze ýyl baýramydy.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]