13:53

Öwrülme / powest

Категория: Mistika we fantastika | Просмотров: 740 | Добавил: Нawеran | Теги: Frans Kafka | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Mistika we fantastika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 13
2
1 Azady  
Hany geliň üýşiň hany F.Kafkaň beletleri. Kim şul powestiň düýp manysyny aýdyp bilse, çyndaman siziň Frans Kafka barada bir zat bilýäniňize ynanjak.

2
2 Azady  
Näme üçin Gregor almadan ölýär, hany kim düşindirip biljek? Näme üçin awtor Adamzady jennetden kowdyran alma agajyny şu eserde ulanypdyr? Hany Kafkaň muşdaklary nirde siz?

1
3 Azady  
Siziň F. Kafka barada bar bilimiňiz "Dünýä edebiýaty" žurnalyň çägi bilen gutarýan bolaýmasa? Şol žurnal iki sany eseri terjime etmäkä bizde hiç hili Kafka beletler ýokdy.

2
4 Azady  
Geçen hepde goňşy saýtda şu esere degişli bäsleşik geçipdi? Hany şol bäsleşigiň ýeňijileri nirede? Kerimkafka çakylyk ugradyň, Sizife çakylyk ugradyň? Kim maňa eseriň düýp manysyny düşindirip berjek? Eger kömek eder öýtseňiz internetdanam soraýyň? Şol esere degişli analiziň baryna belet men. ))))

2
5 Azady  
Kafka döredijiligi barada gürrüň açylsa göni alyp şu eseri mysal getirýärler. Kafka başgada gowy eserleri bar, ýöne olar entek dünýä edebýaty žurnalynda çap edilmedidä. Şondanam bilibermeli bu Kafka beletleň göz ýetimi nirde gutarýanyny. Eger kafka çyndanam belet bolsaňyz Syýahatçy barada hekeýasynyň düp manysyny maňa aýdyp beriň? Bok zyňmaga ökde siz, geliň bilimiňizem görkeziňdä oglanlar? Ýa-da gaýdyp Kafka barda dil açmaň.

-1
6 menem_biri  
Zamok, Prigowor... barada aytmazlar asyl... ))

1
7 Azady  
Bilmeýän zatlaryny düýşürgäp bilsinlermi? Bularyň edebaýt öwrenjek bolşy Puhyň bal aljak bolşy ýaly )))

0
8 Begli666  
4
Öwürülme powesteň düýp manysy ýa-da ideýasy şeýleräk;

—Zähmetden galyp öz ýakynlaryna alada bolýan adam hemme zatdan beter ýigrenji.

Eger eserden fantastika örtügi aýyryp, real göz bilen seretseň ýagdaý şeýleräk;

Bir oglan gowja ýerde işläp gowja pul gazanýar. Girdeýjisi gowy bolansoň oň öýde sylagam aýratyn. Maşgalasynda ondan başga öýe girdeýji getirýän adam ýok. Günleriň birinde şol oglan keselleýär, maýyp bolýar. Garaz öz otagyndan çykyp bilmeýän bir nadana öwrülýär. Ýap ýaňja tutuş maşgalany süýräp ýören oglanyň, indi özine kömek gerek bolýar. Bir bada oglana hossarlary seredýärler, ideg edýärler, ýöne wagtyň geçmegi bilen olar ýadaýarlar. Oglan hiç kime gerek däl agyr bir ýüke öwrülýär. Oglandan ilki bilen ýüz döndürenlerem, oň iň gowy görýän adamlary bolup çykýar. Eseriň soňynda baş gahryman ýogalýar.

Şu eserde awtoryň aýgytly bir çözgüdi bar. Ol baş gahrymany maýyp bolar ýaly etmän, ony uly bir tomazaga öwrüler ýaly edipdir. Maýyp bolup ýatan adamy ýigrenji bir tomazak bilen deňäpdir. Eger awtor şeýle çözgüde gelmedik bolsa, oň eseri beýle meşgurlyga eýe bolmazdy. Netijede hassa adam öz ýakynlary üçin ýigrenji tomazakdanam beter bolýar. Ýöne ol işläp ýören wagty gowydy. Gysgaça aýdaňda eseriň ideýasynda hiç hili täzelik ýok; Puluň bolsa sen hemme kişä gerek, ýykylan günüň hatda öz eneň ataňada gerek däl. Ýöne awtor şol ýönekeý ideýany fantastiki sýužedyň üsti bilen subut etmany başarypdyr. Eseriň ajaýyplygy hem şonda.

0
9 Azady  
Wooo, bratişka bildi. Şu bratişka Kerimkafkaň etinden palow taýýarlap beriň. Eger doýmasa zibildeşiň bar agzalarnam gazana atyň.

Alma barada aýdyp göýber Beglişka bratişka.

Kafka beletler nirde siz? Bilýän bilýän sessizje okap otyransyňyz. Bir hepde geçmäkä şu ýerde okan zadyňyzy, edil özüňiz akyl ýetirip tapan ýaly onda munda öwünip başlajagyňyzam bilýän. Şeýle bolmasa ýüzüme tüýküräýiň oglanlar.

0
10 Azady  
Kafkaň eserleriniň başga aýratynlyklary barada kim aýdyp berjek? Ýa-da Dünýä edebýaty žurnalynda çap edilinçä garaşmalymy? Aý borda garaşaýarys )))

0
11 toychyyewa  
10
Allajan hickime matac etmawersin

0
12 ahallydan  
6

0
13 Ussat  
Şu gürrüňden soň Kafkaly tema bir hili modadan gaçdy, iň bärkisi galamdaşdada indi agzalanok. Aý bolýada, bolanyna görä biz hem möhleti geçen bäsleşige gatnaşaly. Gregor Zamza näme üçin almadan ölýänine öz boluşly bir düşindirişi bar. Ol hakykatda almadan dälde öz kakasynyň ajy sözlerinden ölýär, ol ajy sözler oň kalbyna batyp, ony ýuwaş ýuwaşdan çüýredýär. Ýöne awtoryň täsin çözgüdine görä ajy sözler alma hökmünde görkezilýär. Sebäbi alma dawwaly jenjelli miweleriň biri. Hristýanlaryň aýdyşy ýaly Ýabloko razdora.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]