19:02

Oýnaş pidasy

Категория: Jemgyýetçilik tankydy | Просмотров: 1301 | Добавил: Нawеran | Теги: Çary Geldimyradow | Рейтинг: 4.5/4
Awtoryň başga makalalary

Jemgyýetçilik tankydy bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 15
0
1 Igdir  
14
Şular ýaly ar namysly meselesi ýaly derwaýys temada herkim öz pikrini ýazaýmaly ýaly. Şular ýaly wawwaly meseläniň döwürleýin metbugat neşirlerinde çap edilmeýän-ä bir ýaňa diýeli şu taýda pikirlerini teswir ýazaýmaly ýaly welin...aý bolýa-da

0
2 Garaýolly  
27
Bu oran derwayys gozgalmaly mesele. Ynsan mertebesi,ar-namysy,onuñ buysanjy oyun-oyunjak zat. Tebigat adama oz jismi-gowresini bela-beterden aman saklamak ucin ushuk,añlayjy duygy beripdir. Ol shol duygynyñ, eserdeñligiñ komegi bn howpy añlayar we.ozuni gorayar. Emma, mertebesini,ar namysyny,abray,buysanjyny ynsanyñ ozi gorayar. Birin bilyan. Ol ayalyny bozukluk edyan mahaly tutupdyr. Ayrylyshdylar. Emma, hemishe shahdiacyk,degishmani gowy goryan, yuzunden gulki ayrylmayan yigit shondan soñ dymma bolup galdy.On onki yyldan bari yuzunde yylgyrma alamaty gorunmeyar. Gara sacy ruhy sarsgyndan bolsa gerek,cuw ak boldy. Hemishe toy tomasha barsa marekani ala yaz edip oturyan adam indi birki adam bar yerde seyregrak gepleyar. Nicikmi, adam kopeliberse yenede dymyp, ashak bakyp oturyar. Ine, bozuklyk adamy nahili ruhy zarbalara ducar edyar.Huday gorasyn sheyle apatlardan.

0
3 Garaýolly  
27
,,oyun-oyunjak zat dal,,bolmaly

0
4 Oguzhan_aga  
65
Essalamu aleykum agalar. Haweran, gaty dervaýys meseləni gozgapsyñaý agam. Tesvir ýazan İgdir ve Garaýolly agalaram goldaýan. Hemmäñiziñ janyñyz sag bolsun.
Çary Geldimyradyñ diýşi ýaly biziñ öz milletimize görə öz kanunymyz bolmagy hökman hasap edýərin. Gadymyýetden bəri Türkmen halkynyñ düñýəñ ýüzünde tanalmagy, uly dövletler gurmagy, jemgiýet içiniñ arassa bolmagy öñ özüne mahsus kanunlaryñ ýöränliginden hasap edýän. Göz öñüne getiriñ binika (oýnaşdan bolan çöp düýbi, hüürü) dogan çagada günə ýok, ýöne şol binika çaga ulalansoñ jemgyýete, vatana nəhili peýdaly işler edip biler. Biziñ bir ýaşulymyz aýdardy "türkmen aga öñki zamanlarda bozuk gezenleri aýry gonamçylykda jaýlapdyrlar" diýip aýdardy.
Aslynda gürrüñ edişsek "halal diýýəs haram diýýəs"-binika birisi bilen bolmaklyk haramlyk bolmaýamy, elbetde olaryñam belli bir derejede jezasy bolmaly.
Köp heleýlilik (bu söz aýallara hormatsyzlyk dəl, öz ene dilimiziñ sözü) hakynda: Allahü tebarak ve teala adamyny iki jynsdan ýaradyp bir-birine hövür bolsunlar diýipdir halal ýol bilen. Erkek adamyñ aýal küýsemegi dogry bolşy ýaly, aýallaryñda erkek küýsemegi kanuna dogry gelýəndir. Emma biziñ Türkmen aýallarymyz haýalydyr, uýatlydyr. Şonuñ üçinem başy boş aýal adam erkege "meni alda aýal edinəý" diýip bilenok (bu günki zamanda bilmedimdə...). Şonuñ üçin özüni oñaran, güji ýetýən, maşgala durmuşyndan tejribesi bolan, ýañky başy boş aýallara eýe çyksalar (keýp üçin dəl elbetde ) belkide jemgyýetimiz has arassa bolardy.

0
5 Oguzhan_aga  
65
Haweran agam, şular ýaly movzuklary köprək açyñ.

0
6 Oguzhan_aga  
65
ýokarda:
*** "ýaradyp" bolmaly

0
7 Jeksparro  
405
Gaýtalamakmy bu!

0
8 Dokma2442  
423
Är-aýalyñ arasyndaky bu pajygaly mesela, är-aýalyñ deñ hukuklyklygyny nazara alyp, we dünýewi göz b.n seretseñ Annamyradyñ bu eden işi jenaýat bolýar. Ýöne şerigat gözi b.n seretseñ, Annamyradyñ Allanyñ öñünde-de günäkarçiligi ýokmyka diýýän. Awtor günäkärlenýäniñ jeza çäresini çekensoñam kalbynda kitüw galar, ýatmasy kynlaşar, eden işine puşman eder, mydama pikirde gezer, diýip belläpdir. Ýöne meñ pikirim Annamyrat özüni Allañ öñünde günäkärçilikli duýmasa, edil Awtoryñ belleýşi ýalam bolmaz. (Nesibesi çeken bolsa bu wagtlar belki azatlykdadyr)

0
9 Dokma2442  
423
Biz dünýewi döwletde ýaşaýarys, biwepalylygy ü.n janyna kast etmeklik gül ömrüñi kül etmek, öz ömrüñi ogulamaklyk diýip düşinýän. Iñ gowy çykalga (türkmen namys astyna galandan, maşgalañ darganyny kem görmez) aýyrlyşmak bolaýmasa.

0
10 hoşowaz  
390
"Belki, munuñ üçin Jenaýat kodeksinde ýörite madda gerekdir ýa-da punkt gerekdir, onçasyny bilmedim, ýöne halkymyzyñ şunuñ ýaly pajygaly halatdaky milli aýratynlyklary, gönüläp aýdanymyzda, türkmen psihologiýasy, meniñ pikirimçe, göz öñünde tutulaýmaly."
Edil kodekse goşulmaly-ha däl m.p.

0
11 Shapak_A9602  
1502
Aýalynyň janyna kast etmek bilen Annamyrat haýp özüne-de ýamanlyk edipdir. Birwagtlar şeýle aýallary bütin il näletläpdir. Aýalyň bir enäniň biwepalyk etmegi asla bagyşlanmajak bir hadysa. Ony öldürseňem az, ýöne kanun kanun bolýa-da. Ýokarda bir agza köpaýallylygy goldapdyr. Men-ä goldamok beýle ýagdaýy. Ogul-gyzlaram halamaz köp aýally atalaryny...

0
12 Shapak_A9602  
1502
Ýöne, şu wagtky döwrüň Annamyratlarynyň käbiri ýa has sada, ýa aýallary olary jady birzat bilen geplemez ýaly edýärler. Garaz gezip ýörler ýaşaşyp, aýallaram islänini edip ýör.

0
13 Bagabat  
43
Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 161-nji maddasy. Köp aýallylyk

Köp aýallylyk, ýagny bir hojalykda iki ýa-da birnäçe aýal bilen bile ýaşap, umumy hojalygy bilelikde ýöredene,
bellenilen binýatlyk mukdarynyň ýigrimisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli möhlete düzediş işlerinde işletmek jezasy berilýär.

0
14 Narcissus  
1589
Köp aýallylyk meselesi (meniň pikirimçe) aýallary masgaralaýjy ýagdaý, haýsam bolsa ylymly-bilimli erkin aýal muny özüne hormatsyzlyk, sylagsyzlyk, gödeklik diýip hasap eder. Jemgyýetde esasy zatlaryň biri howpsuzlygy üpjün etmek, olam dürli syýasy ýa-da sosial toparlaryň aralaryndaky bähbitleri gorap, deň saklamak bilen amala aşyrylýar, sen bir jynsy beýleki jynsyň maddy ýagdaýyna ýa-da statusyna görä ölçäp-kesseň bu deňsizlik bolýar, beýle ýagdaýda aýallara hem şertler amatly bolan mahaly birnäçe erkek almaga rugsat bermeli bolýarsyň, emma şeýle bolaýanda-da biziň däp-dessurymyza hem ters bu ýagdaý, ters bolmasa hem jemgyýetde asudalygy saklamak başartmaz.

0
15 Injener  
1
Aýalymyň bir jan ýalak jorasy bar, sen dur-da men öleýin diýip gatnaşýarlar. Men aram-aram ol ikisine seredip "lezbiýankalar" bolaýmasyn diýip pikir hem edýän? Aýalym bilen şol gyza bir är ýeterlik boljagyny bilýän, dogrusy aýalym şony alaly diýip, aram-aram diýýär, ýöne bir tüýsi men gorkýan. Köpaýallylyk şeýdibem döreýär öýdýän? Romantika, söýgi, ömürbaky bile, bu diňe ýaş wagtyň gyzykly zat. Soň kelläň başgaça işläp başlaýar. Bir goňşy başyboş aýalyň gezýäni bardy, özem öýlenen oglandy. Meniň goňşy diýýänim baý aýaldy, öz gezýäniniň çagalaryny we aýalyny ekleýärdi, şol oglana maşynam alyp beripdi öýdýän? Oglanda iki aýal bar, iki aýalam ýagdaýdan bähbit tapýarlar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]