19:34 Parhaý jülgesiniň taryhy | |
PARHAÝ JÜLGESINIÑ TARYHY
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan-melhemler mekany” atly kitabynda: “Ýurdumyzyň täsin tebigy şertleri, düzüminde seýrek gabat gelýän mineral suwlar hem-de bejeriş palçyklary köp sanly kesellerden saplanmaga ýardam edýär, saglygy dikeltmäge, ýadawlygy aýyrmaga kömek edýär we şähdaçyklygy hem-de gujur-gaýraty dikeldýär” diýip belleýär. Ine, şeýle jana şypa beriji suwy bilen, jülgesiniň gözelligi bilen gadymy wakalary öz goýnunda jemlän ýerlerimiziň biri hem, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda ýerleşýän gözel Parhaý jülgesidir. Parhaý jülgesiniň adynyň gelip çykyşy hakyndaky rowaýaty oba ýaşulularyndan eşidenim ýadyma düşýär. Ir wagtlarda Parhaý atly ýigit, Bibijan atly bir gyz ýaşapdyr. Günleriň birinde hem, asuda oturan oba ilatynyň üstüne ýagy çozupdyr. Şol wagtlarda Bibijan dört, Parhaý bolsa on ýaşynda ekeni. Ýagydan gorkan çagalaryň barysy daga-derä gaçyp gidipdirler. Şol çagalaryň içinde Parhaý we Bibijan hem bar ekeni. Olar ýedi günden soňra, öz obalaryna dolanyp gelýärler. Bibijanyň kakasy süýthor baý adamlaryň biri bolupdyr. Parhaý bolsa gün-güzeranyny zordan aýlaýan maşgaladan gelen ýigit ekeni. Aý aýlanýar, ýyllar geçýär Parhaý we Bibijan ulalyp kemala gelýärler. Günleriň birinde ýigit Parhaý atasyny Bibijanlara sawçylyga ugradýar. Emma süýthor baý garybyň sözüni alman ony yzyna ugradypdyr. Gyz Bibijan atasyny razy emek üçin köp synanyşypdyr. Her synanyşygy diňe şowsuzlyk bilen tamamlanypdyr. Aý aýlanýar, ýyllar geçýär aşyk-magşuklar günleriň birinde gaçmaga karar berýärler, emma bularyň ykballary ýene-de keç bolýar.Çünki, olary gyzyň süýthor atasy görüp yzyndan kowupdyr. Süýthor baý gyzyna azgarylyp: “Atdan düş” diýipdir. Gyz bolsa: “Men Parhaýy söýýän, söýýän!!!” diýip gygyrypdyr. Bu sözleri eşidip, gahary gelen baý Parhaý bilen Bibijanyň söýgüsiniň şol ýerde soňlanmagyna sebäp bolupdyr. Bibijanyň jaýlanan ýerinden çeşme çykypdyr. Halk oňa “Gyz Bibi” diýip at beripdirler. Ýigit Parhaýyň jaýlanan ýerinden bolsa kükürtli suw çykypdyr. Halk bu kükürtli suwy ýigidiň “ýürek awusy” hem diýip atlandyrýar. Häzirki wagtda bu iki çeşme biri-birine sepleşen ýagdaýda ýerleşip, watandaşlarymyzyň saglygyny dermansyz dikeldýän ýerine öwrüldi. Bu kükürtli suw nerw dartgynlylygyny, haýanç hereket synalaryny, oňurga we bogun agyrlaryny şeýle hem sowuklany bejermage diýseň ukyplydyr. Aýna ÇARYÝEWA, Mary welaýat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, TDP-niň agzasy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |