16:46 Robert Lah - Türkmen saz sungatyny öwreniji | |
ROBERT LAH – TÜRKMEN SAZ SUNGATYNY ÖWRENIJI
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Aýdym-saz – parahatçylygyň we asudalygyň goragçysy. Aýdymyň we sazyň güýji bilen ýurduň, halkyň, ar namysyň halas edilişi hakyndaky gürrüňler ajaýyp rowaýatlara öwrülip, nesilden-nesle geçip gelipdir” [1, 190 s.] diýen jümlesinde türkmen aýdym-saz sungatynyň bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyny nygtaýar. Milli Liderimiz: “Sungat – bu adamzat üçin hökmany zerurlyk bolup durýar. Sözüň gutaran ýerinde saz peýda bolýar” diýip, örän jaýdar belläp geçýär. Gündogarda Hindistan, günbatarda Ortaýer deňzine çenli aralykda birnäçe şalyklary döreden gadymy türkmen halkymyz dünýäniň aýdym-saz sungatynyň ösüşine özüniň mynasyp goşandyny goşupdyr. Halkymyzyň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan aýdym-saz sungatymyzyň taryhy dünýäniň alymlary tarapyndan dürli döwürlerde ylmy esasda öwrenildi. Ylmy çeşmeleriň esasyndaky subutnamalar türkmen milli aýdym-saz sungatynyň örän beýikligini, gadymylygyny tassyklaýarlar. Awstriýaly kompozitor, saz sungatyny öwreniji, professor hem-de şahyr Robert Lah 1874-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde dünýä inýär. Ol 1899-njy ýylda Wena şäherinde ýerleşýän sazçylyk konserwatoriýasyny tamamlaýar. Robert Lah 1913-nji ýylda Wenadaky milli kitaphananyň aýdym-saz bölüminiň ýolbaşçysy bolup işleýär. 1915-nji ýylda dosent derejesini alýar. Robert Lah 1920–1939-njy ýyllar aralygynda Wena uniwersitetinde mugallym bolup işleýär. Ol 8 messiň, 10 simfoniýanyň awtory bolmak bilen, dramatik pýesalary, aýdym-saz psihologiýasy we estetikasy ýaly temalara bagyşlanan işleri hem ýazýar. Nemes kompozitory 1916-njy ýylda Awstriýa-Wengriýanyň çägindäki ýesirleriň saklanylýan lagerinde ylmy-derňew işini geçirýär. Derňewiň netijesinde Robert Lah Merkezi Aziýanyň halklarynyň wekileriniň dilinden 2000-den gowrak aýdymy ýazyp alýar [2, 71 s.]. Awstriýaly saz sungatyny öwreniji I Jahan urşy ýyllarynda Wengriýanyň Eger şäherindäki awstro-wenger lagerlerine aýlanyp, ol ýerde saklanýan esgerler bilen duşuşypdyr. Bu lagerde türkmenler, kazanlylar, günbatar sibirliler, krym tatarlary, mişarlar, çuwaşlar, başgyrtlar, kumyklar, nogaýlar, gyrgyzlar we birnäçe beýleki halklar bolupdyr. Robert Lah her milletiň özüne mahsus bolan milli aýdymlaryny fonologik plastinkalara ýazdyryp alypdyr. Robert Lahyň bu işiniň doklady Wenanyň Ylymlar akademiýasynda çap edilýär. Köp wagt geçmänkä kompozitoryň “Rus harby ýesirleriniň aýdymlary” atly ýygyndysy çapdan çykýar. 1930-njy ýylda ýygyndynyň 2-nji sany hem neşir edilýär. Ýygyndynyň bu neşirinde krym tatarlarynyň halk aýdymlarynyň sözleri bilen notalary beýan edilýär. Şol halk aýdymlary harby ýesirler bolan Mustafa Süleýman, Kabullah Bikdaş, Abdullah Armed, Hüseýin Asan dagylar tarapyndan Robert Lahyň haýyş etmegi boýunça ýerine ýetirilýär. Wena uniwersitetiniň professory hem-de Wena aýdym-saz akademiýasynyň professory Robert Lah 1952-nji ýylda Gerbert Ýanskiý bilen bilelikde notalaryň ýazgysyndan we aýdymlaryň sözlerinden ybarat bolan “Volksgesänge von Völkern Russlands, II. Turktatarische Völker. Kasantatarische, mischarische, westsibirisch-tatarische, nogaitatarische, turkmenische, kirgisische und tscherkessische-tatarische Gesänge” ýygyndysyny çap edýär. Ýygyndy jemi 207 sahypadan ybarat bolup, bu kitapda ýazylan aýdymlar hem, alymyň öňki kitaplaryndaky ýaly, arap hatynda bolupdyr. Awstriýaly türkolog Gerbert Ýanskiý tarapyndan bu kitap latyn harplaryna geçirilip, soňra nemes dilinden terjime edilýär. Wýunsdorf şäheriniň ýokary aýdym-saz mekdebiniň professory G. Şýuneman tarapyndan I Jahan urşunyň ýesirleriniň aýdan aýdymlarynyň ýazgysy ýazylyp alynýar. Robert Lah G. Şýunemanyň işini toplap, öz ýygyndysynda ýerleşdirýär [3, 207 s.]. Bu ýygyndyda 61 tatar, 11 çuwaş, 4 başgyr milli aýdymlary jemlenipdir. Robert Lahyň işinde berlişi ýaly ýönekeý deneşdirme esasynda sazlaryň sanynyň onuň sözlerinden köpdügini görmek bolýar. Şol bir goşgular birnäçe sazlar esasynda aýdylypdyr. Mundan başga-da aýdymlaryň köpüsi ýönekeý äheňde ýerine ýetirilýär. Şol sebäpli hem olaryň notalary örän gysga bolupdyr. Lahyň ylmy işinde türkmenleriň aýdymlary baradaky maglumatlar tatarlaryňky we beýleki halklaryňky bilen deňeşdireniňde az berilýär. Munuň sebäbini ýesirleriň arasynda türkmenleriň juda az bolanlygy bilen düşündirmek mümkin. Şol ýesirleriň arasynda Rejep Sary atly türkmen ýigidi bolupdyr. Onuň asly Mary uýezdinden bolup, şol ýerde önüp ösüpdir. Ol urşa gatnaşmazdan ozal batrakçylyk edipdir. Şol wagt Rejep Sary 27 ýaşynda eken. Robert Lah Rejep Sarynyň ýerine ýetirmeginde 4 bentden ybarat bolan 6 sany aýdymy ýazga geçirýär. Rejep Sary şol bir goşgyny birnäçe sazda aýtmagy başarypdyr. Bu bolsa onuň türkmen milli sazlaryndan has gowy baş çykaryp bilendigini görkezýär. Robert Lahyň işinde Rejep Sarynyň ýerine ýetiren aýdymlarynyň atlary getirlmän, belgileriň üsti bilen berlipdir. № 11 aýdymdan bir bent (184) Kararym ýok, Aýjemalym görmesem, Durarym ýok, dünýe malyn bermesem, Seniň bilen bäş gün döwran sürmesem, Meniň ýanyma gel sen, Aýjemal! Ýokarda görkezilen türkmen aýdymynyň sözleri Rejep Sarynyň ýerine ýetirmeginde ýazylyp alynýar. Kompazitor Robert Lah bu goşgy setirlerini 1952-nji ýyldaky ýygyndysynyň içinde ýerleşdirýär. Aýdym rus dilinde gürleýän okyjylara düşnükli bolar ýaly türkmen sözleri rus harplarynda ýazylypdyr. Şu wagta çenli taryh ylmynda türkmen aýdym-saz sungatynyň öwrenilişiniň 1928-nji ýylda W.A. Uspenskiý bilen W. M. Belýäýewiň bilelikde taýýarlan “Türkmen sazy” atly 2 tomluk işiniň peýda bolmagy bilen başlanýandygy kabul edilendi. Emma Robert Lahyň işinde türkmen aýdymlarynyň getirilmegi türkmen aýdym-saz sungatynyň ýewropalylar tarapyndan öwrenilmeginiň ýokarda ady tutulan awtorlardan birnäçe ýyl öň başlanandygyny subut edýär. Geljekde Ýewropanyň arhiwlerinde saklanyp galan türki halklaryň aýdymlaryny toplap, olary täzeden ulanylyşa girizmek we bu ugurda ylmy işleri alyp barmak esasy maksatlaryň biri bolup durýar. Kabul edilen wagty: 2019-njy ýylyň 2-nji dekabry. --------------------- ULANYLAN EDEBIÝATLAR: 1. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmen medeniýeti. – Aşgabat, 2015. 2. Соегов М. Военнопленные и спетые ими песни в лагерях Австро-Венгрии в 1916-1917 годах. (в связи с трагической датой – столетний годовщиной начала первой мировой войны). // Научный Татарстан, 2/2013. 3. Lach R. Volksgesänge von Völkern Russlands, II. Turktatarische Völker. Kasantatarische, mischarische, westsibirisch-tatarische, nogaitatarische, turkmenische, kirgisische und tscherkessische-tatarische Gesänge. / Transkription und bersetzung von H. Jansky. Wien, 1952. ------------------------------- B.ANNABAÝEW. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti. "ÝAŞLARYŇ YLMY WE TEHNIKASY " žurnaly. 02.2020 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |