12:50

Sähra / poema

SÄHRA

I.

Gel, dostum, sähra gideli,
Men şu gün öýe sygmadym.
Düşnüksiz duýgularymdan,
Aýyrsyn seri basym.

Silkineli batnyksyzyň
Kalba siňen çaňlaryndan.
Pederleň yzyn gözläli
Köne çopan çalmaryndan.

Baraly sähra salama,
Ol bize saglyk dilesin.
Ýüpek şemal ýüzi ýelpäp,
Mahmal gije hüwdülesin.

Goý, Ömrüzaýa uklasyn,
Biz gije çekeli şöwür.
Ojar oduň ýagtysyna
Okaşaly goşgy-şygyr.

Daň ýyldyzdan biz aslyşyp,
Akmaýaň süýdün emeli.
Sährada bar zat tebigy,
Iç ýakýan zat ýok emeli.

Gysyp duran dar gursaga
Salyp sähraň giňligini,
Balsaýada zowladarys
Böwsüp gijäň tümlügini.

Gijäň mukamyny diňläp,
Gazanaly ymgyr sogap.
Asmana arzymyz aýdyp,
Topragny edeli togap.

Ýüregmizde gemre baglan
Pynhan syrymyz aýdaly.
Deregne sähraň giňligin
Gursaga salyp gaýdaly.

II.

Uzak ýollary aşyp,
Geldik sähraň gujagna.
Gazany atardyk,
Ýaňy gazan ojagma.

Gün ýaşmazdan has ozal,
Ýüwürdik-de dört ýana.
Sazak, çeti, çerkezden
Edindik biz merthana.

Bärde hemme zat deňlik,
Ylalaşyk ― bu ýerde.
Bu ýerde seniň üçin
Özge galmaz hiç derde.

Sähra çyksaň özüňe,
Özüň etmeli hyzmat.
Bir azajyk ylgasaň,
Yz ýany uly lezzet.

III.

«Sähra saňa behişt» diýip,
Magtamaýyn çakdan aşa.
Ýöne saňa muhabbetim
Tereň meniň hetden aşa.

Mahmal gijäňe sadaga,
Gündiziňe gurban başym.
Sende meniň daňym atyp,
Sende dogursam kuýaşym.

Gijäň ýaňyna diň salsaň,
Açýar gulagyň posuny.
Iňläp bir owaz eşdilýär,
Bilmedim Arşyň sesimi?!

Asman geýýär gara şalyn,
Öňi onuň apbasyly.
Aý geýinýär altyn tahýa
Dakyp oňa gupbasyny.

Agyl doly akja guzy,
Aý olaryň garawuly.
Käte agyldan çykýa-da,
Süýnüp gaýdýar garagoly.

Edil ýerden çykan ýaly
Ýagty ýyldyz dogýar käte.
Ylymda-ha olaň ady,
Ýyldyzam däl – planeta.

Demir gazyk dikilipdir,
Asmanyň edil döşünde.
Bir dor bedew, bir gyr bedew,
Aýlanyp ýörler daşynda.

Sahawatlyň elindäki
Susaga meňzeş Ýedigen.
Degresinde şol gazygyň
Dyngysyz öwrüm edegen.

Gal sen göge, howp edere,
Kerwenim ýok Kerwengyran.
Aý täjine bezeg etseň,
Ýyldyzlary uky büren.

Olar bilen ümmüldeşip,
Oýnaly biz kim bilmeşek.
Ojar ody meýmiredýär,
Asman ýorgan, Zemin düşek.

IV.

Giden sähra düýpsüz deňiz,
Ojar ody altyn ada.
Tuwagyny sylýan ýüze
Aýalarmy tutup oda.

Köreýän köze bent edip,
Didiwanyn nazarymyň.
Goýberýän arzuw-hyýaly
Öz maýdalna ― gezerine.

Duýgularym maýyl bolup,
Oduň elwan ýaglygyna.
Seýle çykýan saýyl bolup,
Arzuwlaryň şalygyna.

V.

Ana, tüňçe-de gaýnady,
Otdan alyp demlemeli.
Ýöne az-kem sabyr edip,
Lykyrdysyn diňlemeli.

Gök çaýa demin aldyrsaň,
Düwmeläbir narzan ýaly.
Tirsekläp içip başlasaň,
Ähli lezzet arzan ýaly.

Uzak gije otursak-da,
Çöl howasyny eý görüp.
Okasak-da goşgy-şygyr,
Uka bürülýäs meýmiräp.

Şöwür çekip, zalym ukyň
Hupbatyna dözeli biz.
Säher düşen hünjülerne
Baldyrmyzy ezeli biz.

Guş-gumrudan sena gelýär,
Günüň dogjagyn buşlap.
Tomzagam argyşa barýar,
Çägäň ýüzüni keşdeläp.

Sabanyň süýdi doldurdy
Keýikokaraň oýmagyn.
Ertir bilen başa çekdik,
Syryp aldyk-da gaýmagyn.

Dür monjuklary dakynan,
Selinler başyny egip.
Salam berýäler edaly
Tylla Gün gelýärkä dogup.

VI.

Ak säheri apalap,
Güne berip salamy.
Seýl edeli, ýör, dostum,
Sähra ― sahypjemaly.

Anha, garagol şemal,
Bir peşmegi kowalap,
Ýene öňünden çyksa,
Barysyny togalap —

Taşlap gitdi oý ýere,
Başga işi ýok ýaly.
Sazaklary gyjyklap,
Döredýär bir ahwaly.

VII.

Sähranyň gül görki bolýar,
Bolýar täsin gözelligi.
Ýöne asmandan inmeli,
Gözelligniň gönezligi.

Ýegşerip gelýän bulutlar,
Ýüküni düşürip geçse,
Garry mama sanajynyň,
Kakyp-kakyp, agzyn açsa —

Läle zemini nagyşlap,
Dürli otlar dyza çykýar.
Görke gelýär gözel ýaýla,
Gögüň nury ýere çökýär.

Gülleriň bally lebini,
Sorup ýör aşyk kebelek.
Sowgady Sähraň barana,
Akja selleli kömelek.

Güle gark bolan ýaýlada
Müň öwüşgine gözüň düşýär.
Reňkin gülli ýaýladan
Alýan borly älemgoşar.

Gandymyň, siňreniň güli
Maýdajadan oraýany.
Mawy kürtäň nagyşy dek,
Haýran edýär göräýeni.

Golaýlaşsaň gara gandym,
Dyrnajak ýüzün egşidip.
Otyr ol gyňyram bolsa,
Gülüni ýaza bagş edip.

Egşitse egşidibersin,
Maksatdan yza tesmedim.
Ýumry-ýumşak ak gelin deý,
Siňreniň gülün ysgadym.

Görmedim men borjagyňy,
Aýak ýeterden yrakmy?
Düşdümi gyzyl kitaba
Ýa yhlasym telperräkmi?!

VIII.

Durlanýar ýüzde tuwagy,
Garalyp başlasa asman.
Hamyla bulut, dogursa,
Ak ýagşy yzyny kesmän.

Meňzin zagpyrandan alan,
Bir gez öser çopantelpek.
Togsan dürli ot gögerýär,
Biri galpak, biri gulpak.

Dürli gülleň arasynda
Meý-mest bolýar meniň göwün.
Munda deňiz topugyňdan,
Hala magtan, hala öwün.

Ak gülleriniň hörpi uly,
Göge tutup temegini.
Çomujyny oda gorsap,
Dadyp gördük tagamyny.

Ýere düşýän ýapraklary
Piliň gulagy deý – yşgyn.
Güli tawusyň ýelegi,
Görseň, göteriler yşkyň.

IX.

Hem seýil, hem çöpläp ýörkäk
Guran sazak töňürtçesin.
Atýalman bizi gördi-de,
Taşlap gaçdy gemirtgesin.

Öz awuny aňtap duran,
Atmaga boşan garnyna,
Tebil tapan mekir tilki
Kürsäp urdy sürenine.

Dört-bäş ýerinde agzy bar,
Süreni oň beýijekde.
Birinden howp abanaýsa,
Birinden çykyp gaçjak-da...

X.

Ejnebidir elmydam,
Zemzen bilen kepjebaş.
Ýerden esli galyp dur,
Hürsek ýaly dikje baş.

Duşupdyrlar bu ýerde,
Ýylan atýar haýbaty,
Zemzen atýar haýbaty!

Bar sähranyň kanuny:
Ylalaşyk gowy zat,
Hiç zatda geçme gaty!

XI.

Ataýry bar atan-satan,
Möýüň görnüşi kän bolýar.
Goýunlar olaň ýagysy,
Gabat geleni şam bolýar.

Oklykirpiň tikenleri
Şakyrdaşyp dur birhili.
Eger golaýna baraýsaň,
Etmesi bardyr persala.

Ýöne bulaň hiç birisi,
Degmedige degýän zat däl.
Mertdir, özem heläk bolar,
Başga başyn egýän zat däl.

Bu zatlaryň hemmejesi,
Topugyndandyr pyşbagaň.
Çanagynda gizlenäýýär,
Eger göräýse duşmanyn.

Ýekeje aýynda baharyň,
Gezýär-de gülüni çürtüp.
Soňra asla görünmeýär,
Çar pasyl ýörenok ýortup.

XII.

Hany dostum, ber dürbini,
Seredeýin alyslara.
Oba baryp gürrüň berjek,
Görenimi il-uluslara.

Urpagy bar, alaňy bar,
Takyry bar, adyry bar,
Küýsäp gelen janköýere,
Giň gujagy, hödüri bar.

Tomusda çägä gömülseň,
Agyryň bolýar zym-zyýat.
Sähra durşuna hazyna,
Haýsyny aýtjak atma-at?

XIII.

Sähra hakda söhbet etsem,
Suw ýapaşak gaýdan ýaly.
Her setiri mukam bolup,
Her bendi bir aýdym ýaly.

Häzir bize ak pata ber,
Gitmegiň pursady geldi.
Heňňam ýöredýär hökümin,
Hoşlaşmaga wagt boldy.

Ýüregimiň bir bölegi
Galan ýaly – yza bakýan.
Sähram, meňziňe teşne men,
Güller deňzine teşne men,
Ýene-de gelerin hökman!

Jumadurdy AKYÝEW.
Категория: Poemalar | Просмотров: 298 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Jumadurdy Akyýew | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Poemalar bölümiň başga makalalary

"Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024
"Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]