15:52

Şähryslam / taryhy hekaýa

Категория: Taryhy proza | Просмотров: 258 | Добавил: Bagabat | Теги: Öwezmyrat Ýerbendi | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Bagabat  
43
Ýazyrlar XII-XIII asyrlarda belli bir ýeri mekan tutunyp, düýpli ornaşýarlar. Olara köplük, uly halk hökmünde garalypdyr. Olar şol wagtlar Balkan daglaryndan gündogara tarap süýşüp, Parawy, Täk galany eýeleýärler. Täk galasynyň ýerleşýän ýeri Ahal welaýatynyň Bäherden etrap merkezinden 20 kilometr demirgazyk-günbatardaky gumuň içinde ýerleşýän Şähryslamyň harabalygydygy aýan edildi. Atlandyrylan şäheriň tutýan ýeri 30 gektar bolup, Täk gala şol döwrüň orta şäherleriniň biri bolupdyr. Şähryslam galasynda gazuw-agtaryş işlerini geçiren türkmen alymlary şol ýerde ekerançylygyň ösendigi, küýzeden ýasalan suw turbalarynyň çekilendigi barada maglumat berýärler. Ýazyrlar Durun töwereklerinde-de ýaşap, ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar. Olaryň hany Hindi han on bir ýyllap hanlyk sürüpdir. Hindi han ýogalandan soň, Türkan hatyn özüniň ýazyrlardandygyny nygtap, olaryň ýurduny Horezmşalar döwletine birikdirýär. Ýazyrlaryň döwleti Çingiz hanyň goşunynyň Türkmenistany basyp almagy bilen synýar.

Çeşmesi: https://www.ylymly.com/2021/01/27/yazyr-turkmenlerinin-dowleti/. 15.05.2023ý.

0
2 Bagabat  
43
Şähryslamyň arheologiýa we etnografiýa taýdan öwrenilişiniň hem gyzykly taryhy bar. Onda ilkinji arheologiýa ylmy barlaglary 1930-njy ýylda A.A.Maruşenko tarapyndan geçirilip, soňra 1946-1948-nji ýyl larda arheolog B.A.Litwinskiniň we etnograf W.G.Moşkowanyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Günorta Türkmenistan arheologik we etnografik toplumlaýyn ekspedisiýasy guralýar. Bu ýadygärlikde arheologiýa-gözleg işlerini geçen asyryň 60—70 ýyllarynda Ý.Atagarryýew dowam edýär. Häzirki wagtda ýadygärlikde gazuw-agtaryş işleri alnyp barylýar.
Geçirilýän ylmy barlaglaryň netijesinde Şähryslamyň taryhy ösüş ýolunyň esasy döwürleri anyklanylýar, maddy we ruhy medeniýetine degişli maglumatlar toplanylýar. Ýüze çykarylýan ylmy täzelikler orta asyr ýazuw çeşmelerindäki maglumatlary tassyklaýar. Şundan ugur alsak, Şähryslamda ýaşaýyş IX asyrda döräp, XIV asyryň ahyryna — XV asyryň başlaryna çenli güýçli ösüpdir. Medeni we ykdysady ösüşiň belent sepgidine ýetilen döwri XII asyryň ahyrlaryna, XIII asyryň başlaryna gabatgelýär.
Şäherde tegelek we gönüburçly uly howdanlar — sardobalar gurlup, suw ätiýaçlygy üpjün edilipdir. Gala diwarlary berkidilipdir, şähristanda emele gelen senetçileriň we hünärmentleriň ussahanalary, söwda-täjirçilik mähelleleriniň çäkleri giňäpdir, kerpiç bişirijileriň, binagärleriň, küýzegärleriň, demirçi we agaç ussalarynyň, zergärleriň, dokmaçylaryň, degirmençileriň, alymlaryň, hatdatlaryň sany gitdigiçe artypdyr. Munuň şeýledigini ýadygärlikden ýü ze çykarylýan maddy gymmatlyklar anyk subut edýär. Geçirilen barlaglar ylmy taýdan örän gymmatly subutnamalary — kerwensaraýyň we erkgalanyň, daşky gorag galasynyň, sardobalaryň binagärlik galyndylaryny, senetçilik önümlerini, daşdan, demirden, çüýşeden, küýze önümlerinden ýasalan zähmet gurallaryny, aşhana gaplaryny, hojalyk we dur muş esbaplaryny, dokma önümlerini ýüze çykardy. Özem, gazuw- agtaryş işleri Şähryslamyň kabir ýerleriniň medeni gatlagynyň galyňlygynyň 10 metrden hem geçýändigini tassyklady. Beýik Seljuk döwletiniň medeni galkynyşlary bu şäherde has-da rowaçlanypdyr.
Etnografiýa ylmy barlaglarynyň esasynda Şähryslamyň suw üpjün çiligi bilen bagly täze maglumatlar ýüze çykaryldy. Şäheriň içinde we töwereginde bişen kerpiçden örülen, kabir ýerinde ýörite ýasalan keramika turba ulanylan, giňligi ýarym metre barabar, çuňlugy 4—5 metre ýetýän guýularyň ençemesiniň üsti açyldy. Munuň özi Şähryslamyň suw üpjünçilik ulgamynyň örän kamil de rejede gurlandygyndan habarberýär. Guýulara suw şäheriň çetinde bina edilen, giňligi 5—6 gektara barabar howuzdan keramiki turbalar arkaly akdyrylypdyr.
Geçirilen arheologiýa we etnog rafiýa barlaglary Şähryslama agyz we ekinzarlyklar üçin suwuň Bäherden etrap merkeziniň we Durun obasynyň golaýyndaky kärizlerden we Arwaz derýasyndan bişen kerpiçden gurlan suw geçirijiler arkaly çekilendigini tassyklady.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri.

Çeşmesi: https://science.gov.tm/tm/library/articles/article-2019-06-12-1/. 15.05.2023ý.

0
3 sylapberdimuhamov  
1428
Ýazyr türkleri hakda Bartoldyñ yazgylaryny okapdym. Köp gowy maglumatlar okadym.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]