23:38

Şir hudanyñ penjesi / taryhy powest

Категория: Taryhy proza | Просмотров: 534 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Hojanyýaz Amanow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Bagabat  
43
Hojanyýaz aga, halypa mugallymlaryň biri. Ýöne eser...Çeperçiligi hem beýan edilişi boýunça dokumental oçerk derejesinderäk. Özem, öte tarapgöýlük bilen ýazylypdyr. Dar çygyrly dünýägaraýşyň çäginden çykyp bilmändir. Has takygy çykjagam bolmandyr. Umuman, eli birneme "galam" ýöredip bilýän adamyň öz kowumynyň öten-geçenlerine maýyllygyny beýan etmesi-dä...Onsoňam, kimiň aýdandyg-a anyk ýadyma düşmeýär welin: "Последнее дело спорит с умершими" diýipdir. Ýöne, şonda-da, ýazýan adam her bir ýazylan zat barada pikirini aýtmasa, içini gurçuk gemirýäne dönäýýär. Ýalňyşmasam, bu powest geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda neşir edilipdi. Ýöne şol döwürler, munuň ýaly wakalar öň okalmadyk zat bolandygy üçin, üýtgeşik ýiti täsir edipdi...Äý hawa-da. Wagt - ýeriň ýüzünde iň adyl kazy.

0
2 Bagabat  
43
Ýene-de bir geň galdyrýan ýagdaý, näme üçin şeýle sowatly, ylmy derejeli adamlar, baryp-ha on bäş asyr mundan ozal adamzadyň başyndan geçirip, üstünden geçip gaýdan urug-taýpa jemgyýetçilik gurluşy döwrüne mahsus düşünjeleri, meşhur satiraçymyz Nuryşkanyň aýdyşy ýaly: "Dilenipalnanow Ölnüpýetilen" bäbek ýaly huwwalap, apalap, götergiläp, sereşläp ýörmegi özlerine kiçilik ýa-da akmaklyk diýip bilmeýärkäler? Bu näme? Dar düşünjelilikmi ýa-da tebigy instinktleriň nogtasyndan sypyp bilmezlikmi?

0
3 Bagabat  
43
Ýazyjynyň hakyky ýazyjy bolmagy üçin, ilkinji nobatda onuň juda talapkär hem bilimli, zehinli okyjysy gerek. Talap güýçli bolsa, işem kämilleşýär.

0
4 Bagabat  
43
Biperwaý okyjy - ýazyjynyň höwesini gaçyrýar, hyjuwyny ýakýar.
Başdansowma okyjy - ýazyjynyň içini ýakýar.
Howul-hara okyjy - ýazyjynyň öz çekýän zähmetinden göwnüni geçirýär.
Nadan okyjy - ýazyjynyň çekýän zähmetiniň bihudalygyna ynam döredýär.
Akmak okyjy - ýazyjyny ýazýandygyna utandyrýar.
Çakdan aşa joşgunly okyjy - ýazyjyny özüni oýnatgy ýaly duýmaga iterýär.
Hakyky okyjy - ýazyjyny üýtgeşikden üýtgeşik ýazmaga mejbur edýär.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]