05:35 Başagaçda näme kastyñ bar?!. | |
BAŞAGAÇDA NÄME KASTYÑ BAR?!. ■ Müñ gowgany gören ilim... Türküstanyñ çar künjeginde il bolup dünýäni sorap oturan türkmeniñ Hydyr demi düşen ýerlerini mongol basybalyjylarynyñ haram aýaklarynyñ depgilän wagtyndan bäri, sekiz asyryñ içinde Türkmenistanyñ territoriýasynda ýaşaýan tire-taýpalarymyz tä XX asyryñ başlaryna çenli asuda we parahat gün görmänsoñ we elmydama döwüşde, başy gowgada bolansoñ, onuñ edim-gylymlary-da dünýäniñ çar tarapyna pytrap giden beýleki türkmenleriñkiden tapawutlanyp, özboluşly öwüşgine bürenipdir. Mysaly Azerbaýjan, Türkiýe ýaly alys ýurtlardaky musulmanlar bilen Türkmenistandaky musulman doganlarymyzyñ gonamçylyga bolan gatnaşygyndan alyp göreliñ. Agzalan ýurtlarda asudalyk höküm sürensoñ, üstesine-de halk oturymly bolansoñ gonamçylyklara seredişi-de üýtgeşik. Olar ýogalan ýakynlarynyñ üstüne miweli we miwesiz dürli agaçlary, gülleri ekýärler. Wagtal-wagtal gonamçylyklarda arassaçylyk işlerini geçirip durýarlar. Iñ bärkisi araplarda-da mazara bolan garaýyş biziñkiden tapawutlanýar. Mysal üçin Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) öz ýaşan otagynda jaýlanýar. Diýmek, mazara idi-issiwat etmegiñ, onuñ daşyna gorag (diwar ýa-da kümmet) galdyrmagyñ ýa-da agaç ekmegiñ, mazaryñ daşynda ekilen gülleri suwarmagyñ dinimizde hiç hili günäsi ýokdur, tersine asylly we sogaply işdir. Gonamçylyga (ýa-da mazara) edilen bu sylag-hormat şol mazarda ýatan bendä diri wagtynda edilen sylag-hormatdan tapawutly ýeri ýokdur. Gynansak-da, ýokarda agzaýşymyz ýaly sekiz asyrlap başy gowgada bolan türkmen aga ölüsine bu sylag-hormatlary etmäge mümkinçiligi bolmandyr. Sebäp diýseñ, günüñ güni talañçylykly söweşler, alamançylykly çozuşlar.. Gelen duşman aljagyny alyp, oljasyny edinip gitse ne ýagşy, olaryñ köplenç çozan obasynyñ gonamçylygynda ýatan ölüsine-de zulum eden ýerleri köp bolupdyr. Aýratynam iliñ öñüne düşýän han-begleriñ, ulamalaryñ mazarlaryny gorap saklamak añsat düşmändir. Şonuñ üçin halkymyz ýakynlaryny jaýlanda diñe özleri tapawutlandyryp tanar ýaly köplenç mazaryñ başyna syryk we ş.m zatlar dikip oñaýypdyr. Mazaryñ başyna at ýazmak ýaly zat olaryñ diñe özüne däl, mazarda ýatan bendeleriñem başyna duşman zulumyndan başga zat getirmändir.. Taryhda munuñ ajy mysallary az däl. Anadoly türkmenlerinin ep-esli bölegini öz sünni doganlaryndan goparyp, Eýranda Sefewi türkmen döwletini döreden Şah Ysmaýyl Hataýy Bagdada çozanda ol ýerde biziñ mezhepbaşymyz Ymam Agzam Hanafynyñ mübärek guburyny weýran etmekden gaýtmandyr ýa-da Erdebilde jaýlanan akgoýunly türkmenleriniñ mazarlaryny açyp, ölüp giden bendeleriñ süñklerini ýakdyrypdyr... Adatça adam jaýlanandan soñ mazar kem-kemden ýitmek bilen bolýar. Ugruna seredilmedik mazaryñ könelip, ýer bilen deñleşmegi üçin ortaça 40 ýyldan gowrak wagt gerek diýip hasaplaýarlar. Şonuñ üçin türkmen tire-taýpalarynyñ köpüsinde üstünden 40 ýyl geçen mazaryñ üstünden geçibermeli, ýa-da şol ýerde ýaşabermeli diýen düşünje bar. Elbetde, bu düşünjeleriñ uzaga çeken gowgaly döwürleriñ ruhumyza siñdiren aýratynlygydygyny ýatdan çykarmaly däldiris. Şol bir wagtyñ özünde türkmen halky hiç haçan ölä, ýa-da mazara zulum eden millet däldir. Bu asla onuñ zandynda-da ýokdur. Mazara zulum etmek beýle-de dursun, adatça adam diýen zat gonamçylygyñ deñesinden geçeninde tisginýändir, birhili gussaly duýga gark bolýandyr, hernäçe ýalan dünýäniñ yşkyndaky biri bolsañam ahyretiñ ýada düşýändir. Bilýän bolsañ birki sanyja töwir okarsyñ, bilmeseñem "Ýatanlaryñ ruhuna bagş etdim" diýip mydyrdap, eliñi eñegiñe ýetirersiñ-de, çalt-çaltdan gonamçylygyñ deñesinden geçmek bilen bolarsyñ. Türkmen gany bolan her bir ýönekeý adamda şundan başga pikir bolmaz. ■ Pygamberden (s.a.w) gaýdan öwlat nesli... Hudaýa şükür, ýurdumyz asuda bolansoñ halkymyzyñ birwagtky gowgaly döwürlerde mejbury edip bilmedik asylly däp-dessurlarymyzy ýöretmäge çalyşýanlaram bar. Mysaly ýene-de gonamçylyklardan alalyñ. Güneşli diýarymyzyñ Balkan welaýatynyñ Magtymguly (öñki Garrygala) etrabynyñ belent başly daglarynyñ arasynda we çuñ jülgeleriniñ birinde gür baglyga bürenip duran Kürüždeý obasy bar. Ynha, şol obada hem oba gonamçylyklarynyñ daşyny aýlap, adam ýogalanda mazar gazýanlaryñ dynç aljak jaýjagazyny gurup, ýa bolmasa jynaza okalýan jaýyñ şertlerini gowulandyrjak bolup, ýollary abatlajak bolup gazanjyndan bäş manat artsa, şol asylly işleriñ ugrunda çyr-çytyr bolup ýören gowy adamlaryñ azam bolsa barlygy bizi diýseñ guwandyrýar. Olaryñ biri-de Kemal hajydyr. Kemal hajynyñ özi obanyñ sylanýan ýaşulysy, halypa mugallym, ýurdumyzda tanalýan şahyr Süleýman Öwezowyñ ogludyr. Süleýman aganyñ özi bolsa XX asyryñ 30-njy ýyllarynda ýogalan, keramaty bilen nohur obalarynyñ derdine melhem, agyrysyna dowa bolup ýaşan Eşrep hojanyñ agtygydyr. Eşrep hojanyñ añyrsy Kürüždeýden 10-15 kilometr uzaklykdaky Hojagala obasynda ýatan keramatly Seýit Nejepiden gaýdýar. Seýit Nejepi bolsa Yragyñ Kerbela diýen ýerinde, Nejep şäherinde ýaşan hem-de Hezreti Pygamberimiziñ (s.a.w) söýgüli agtygy we Hezreti Alynyñ (r.a) ogly Hezreti Hüseýiniñ (r.a) nesillerindendir.. ■ Başagaçdan sypyrlyp toýa äkidilen ýaglyk Obadaş bolansoñ ýolda-yzda sataşsa, Kemal hajy bilen aýak üstünde ondan-mundan gürrüñ ediläýmesi bar. Şonda ol obada bolup geçen bir gynandyryjy wakany gürrüñ beripdi... Obada sylanýan adamlaryñ biri ýogalypdyr. Adatça, ýogalan bende jaýlanandan soñ bir ýa iki gün geçensoñ, ýa-da öleniñ kyrky (käbiri ýyly) geçýänçä her çarşenbe güni gün dogmanka ýakynlary (köplenjem aýallar) mazara zyýarat edip aýat-töwir edip gaýdýar. Zyýarat edilende mazaryñ başagajyna ýaglyk ýa mata dañylýar. Gepiñ keltesi şol sylanýan adam diýýänimiñ başagajyna dañlan seçekli ýaglygy obanyñ aýallarynyñ biri gonamçylyga gidende ogurlanmyşyn. Soñam ol ýaglygy obada biri toý edende gutlag hökmünde äkidipdir. Toýda aýallaryñ toýa gatançlarynyñ hasabyny ýöredip "düwünde" oturan aýal ýaglygy görenden tanasa näme !! "Hihh, bu pylan aganyñ başujuna dañlan ýaglyk ahyryn!" diýip içini çekenini we gygyranyny duýman galypdyr.. Hatda ýaglyk başagaja dañlanda dörän ýygyrdy hem ýazylman şol durşy ýalymyşyn.. Mazaryñ üstüne ýatan ýaglyga mätäç bolar ýaly derejede ynsabyny ýuwdan adam nähili adamka?!. Özüñiz baha beriñ.. ■ Başagaçda näme kastyñ bar... Soñky eşden "hekaýatlarym" mundanam gorkunç.. Aýtmaklaryna görä, obada birki sany ýogalan bendäniñ mazaryna dikilen başagaç ýerinden goparylyp gapdalda ýatanmyşyn.. Köne mazar bolsa, onda düşnükli; Agajyñ topraga gömlen bölegi çüýräp biler, wagtyñ geçmegi bilen ýykylyp biler. Emma nämüçindir gumy solmadyk mazarlaryñ käbiriniñ başagajy sogrulyp bir gapdalda goýulýarka?! Kim goýýar we näme maksat bilen goýýar?! Bu ýaramaz hadysa başda birki gezek yzly-yzyna gaýtalanypdyr. Şonda başagajy sogrulan mazaryñ ýakynlary muny telefona surata alyp goýupdyr. Ýöne sözlerine ynanmazlar öýdüp hiç ýerde agzamandyrlar. Ondan soñ 6-7 aý geçipdir. Bu ýaramaz hereket bolsa ýene-de gaýtalanypdyr. Mal-gara süýkenip ýykandyr diýmäge-de hiç hili esas ýokmuşyn. Başagaçlaryñ el bilen sogrulyp zyñylýandygy köre-hasa görnüp duranmyş. Ýene bir gezekde bir mazaryñ başagajy tersine öwrülipdir, ýagny başagaçdaky ýazgy aýaguja bakyp duranmyşyn.. Özem mazarlaryna bu zulum rowa görülenleriñ ählisi-de ýaşan ömürlerinde ile-güne azarsyz-bizarsyz ýaşan we başardygyndan obadaşlaryna haýyr edip öten adamlarmyşyn.. Ýogsa garagolrak ýaşap öten bir bende bolsa, oña öçli, kastly biri edendir diýip şübhelenseñ, onda başga gürrüñ.. Nämäniñ şanyna, haýsy pikir bilen bu elhenç gabahatlygy edýärkäler?!. Gursagynda obadaşlaryna bolan çigidiñ bölegi ýaly sylag-hormaty, zerre ýaly imany bolan adam nädip bu pis işe eli ysýarka?! Eger-de ölenlerde bir kasty bar bolsa, onda olar diri wagty nirelerde kañkady?!. Diri wagty ýüzüne edip bilmedigini ölüni çignäninde ýerine salýandyr öýdýärmikä? Megerem, baryp ýatan bigaýratlyk, messepsizlik, imansyzlyk şu bolsa gerek! Biz neşe serişdeleriniñ möwç alan 90-njy ýyllarynda geroine añyny aldyran ýaşlaryñ mazary gazyp, ýatan bendäniñ altyn dişlerini sogrup satandygyny eşidipdik.. Ýöne oba ýerlerinde neşe seýrek ýaýrandygy üçin munuñ ýaly endamyñy titrediji habarlar şäherlerden eşdilýärdi.. Neşe belasy halkymyzyñ başyna ne günleri salypdy.. Hudaýa şükür, ýatlasyñam gelmeýän şol agyr ýyllar Gahryman Arkadagymyzyñ ýadawsyz tagallasy netijesinde bolmadyk ýaly geçip gitdi... Açlyk, horluk, zulum-sütem, uruş-sögüş, neşe diýlen apatlaryñ Garaşsyz we Baky Bitarap diýarymyzy hemişelik terk edeninden soñ, agzybirlikde, asuda asmanymyzyñ we parahat ýurdumyzyñ gadryny bilip, biri-birimiz bilen dogan ýaly bolup ýaşalmaly döwürde, bular ýaly gabahatlygyñ ýüze çykmagyny näme bilen düşündirip bilersiñiz? Neşe bilenmi? Näme bilen?!. Hany, bu gezegem oýlanyp, özüñiz netije çykaryp görüñ. Belki-de siziñ çykaran has saldamly netijäñiz bu ýöntemje makalanyñ jemlemesi bolar. ■ Mazara sütem etmegiñ günäsi Adatça diniñ adyndan gürläp, dindarsumak wahhabylar mazara sütem edeññeç bolýar. Hatda wahhabylar Pygamberimiziñ (s.a.w) başdaşy, möminleriñ enesi Hezreti Hatyjanyñ (r.a) üstüne dikilen kümmeti, şeýle-de müñlerçe sahabalaryñ ýatan "Jennetül Baky" gonamçylygynda başujyna ady ýazylan beýik sahabalaryñ mazaryny ýer bilen ýegsan edipdiler. Makalamyzyñ gozgajak bolýan meselesi bu däldigi üçin häzirlikçe, wahhabylaryñ yslam dinine ýetiren zyýanlarynyñ üstünde giñişleýin durmakçy däl. Bu eýýäm özbaşyna bir tema. Gelejekde bu barada aýratynlykda durup geçeris. Her meselede bolşy ýaly yslam dini mazara ýa-da mazarda ýatan bendä zulum etmegiñ günäsi barada-da durup geçipdir. Allatagala janly bedene nähili gadyr bildiren bolsa, jansyz bedene-de şol gadyry bildiripdir. Şonuñ üçin ýaşap ýören birine zeper ýetirmek we onuñ mertebesini peseltmek gadaganlygy, ölen adamyñ bedeni üçinem şol güýjünde galypdyr. Möminleriñ enesi Hezreti Aýşa (r.a) Hezreti Pygamberimizden (s.a.w) eşiden şeýle hadysyny gürrüñ beripdir: “Öli adamyñ süñküniñ döwülmegi, diri wagtynda döwülmegi ýalydyr". (Seret: Ymam Ahmet, Ebu Dawut, Ibn Hibban). Ymam Ahmetde, Amyr ibn Hazm el-Ensaryda Pygamberimizden (s.a.w) bu barada aýdan sözlerinden ýene-de bir hadys rowaýat edilýär: "Mazarda ýatana zyýan bermäñ!" Hadysşynas alym Muslim we Ymam Ahmet Ebu Hureýreden (r.a) Pygamberimiziñ (s.a.w) agzyndan aýdylan ýene-de bir rowaýaty belläp geçýärler: "Bir adamyñ ýanyp duran kömüriñ üstünde oturmagy we özüni ýakmagy bir mazaryñ üstünde oturanyndan has gowudyr". Agzalan hadyslardan görnüşi ýaly, janly bedeniñ gadyr-gymmaty nähili bolsa, jesediñem gymmaty şonuñ bilen deñ derejededir. Bu bolsa şol bir wagtyñ özünde haýsydyr bir ölen adamyñ meýdini depgilemek (ýa-da ony äsgermezlik etmek) janly bedene zeper ýetirmek we ony peseltmek bilen deñ derejedäki etmiş bolup durýar. Şonuñ üçin ýaşap ýören bir adamyñ garnynyñ ýarylmagyna, bogazynyñ kesilmegine we gözleriniñ çykarylmagyna rugsat berilmeýşi ýaly, jansyz jesede-de muny rowa görmek ylalaşyljak zat däldir. Ýaşap ýören adamy urmagyñ, sögmegiñ günäsiniñ bardygyny hemmämiz bilýäris, şol nukdaýnazardan ugur alynanda; haýsy sebäp bilenem bolsa ölä sögmek ýa-da ölini urjak bolmak gowy zat däldir. Şeýle-de janly bedene ýetirilen şikes bilen jesede ýetirilen şikesiñ arasynda bir tapawutlylyk bar. Olam janly bedene ýetirilen zyýanyñ öwezi dolunýar, emma jeset üçin (jesede şikes ýetirmek gadagan edilenem bolsa) bu talap edilmeýär. Sebäbi Pygamberimiz (s.a.w) mazar gazanda bir süñki döwen adamy munuñ üçin öweztölegi bermeli diýip aýtmandyr. Ýöne Resuly Ekrem (s.a.w) ol adama diñe döwen süñklerini bir ýere gömmegini buýrupdyr. Şonda Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir: "Öliniñ süñküni döwmek janly kişiniñ süñküni döwmek bilen birdir we her ikisi-de günädir". Ýokarda agzap geçen zatlarymyz biziñ ölä diri bilen deñ derejede nähili hormat goýmalydygyny görkezýär. Bu şeýle bolýan bolsa, onda başagaja dañylan ýaglygy sypyryp almagyñ diri adamyñ öýüne girip ogurlyk etmekden näme tapawudy bar? Ýada garawsyz mazarlaryñ başagaçlaryny goparyp zyñýanlaryñ kimdir biriniñ öýüne daş zyñyp äpişgesiniñ aýnalaryny döwüp gidýän žuliklerden näme parhy bar?!. Zerurlygy bolan birine ölüniñ beden agzalarynyñ berilmegi, mysal üçin gözleriniñ, bagrynyñ, ýüregniñ, böwreginiñ kesilip berilmegi hem jesede şikes ýetirýändigi üçin yslam dininde haram hasaplanyljak hereketleriñ biridir. Ymam Buhary Abdylla ibn Zaid el-Ensarydan (r.a.) şu hadysy rowaýat edipdir: "Allanyñ Resuly (s.a.w), talañçylygy we jesediñ şeklini bozmagy gadagan etdi". Ymam Ahmet, Ibn Maje, Nesaýy Hezreti Pygamberimiziñ (s.a.w) Saffan ibn Assaly (r.a) bir ýörişe ugradanynda, oña şeýle diýendigini rowaýat edýärler: "Allanyñ razylygy üçin we Allanyñ ady bilen git! Allaha iman getirmedik kapyrlar bilen söweş! Jesetlere zyýan ýetirme, ähdiýalanlyk etme we çagalary öldürme!" ■ Olara öli diýmäñ, asyl öli biziñ özümiz! Ölini ýaralamak we jesediñ hormatyny gaçyrmak bilen baglanyşykly dini hökümleriñ açyk beýan edlendigi üçin öliniñ bedenini kesip içini görmek ýa-da beden agzalaryny kesip başga birine bermek hem doly gadagan edilen zatdyr. Muny etmek meýdiñ hormatyny gaçyrmakdyr we ony ýaralamakdan, jesediñ şeklini bozmakdan başga zat däldir. Jesediñ hormatyny gaçyrmak bolsa şerigatda haram edilendir. Bir zady ýatdan çykarmazlyk gerek. Durmuşda her hili ýagdaýlar bolýar. Mysal üçin ölüm bilen baglanyşykly jenaýatlaryñ seýregem bolsa duş gelýän wagtlary bolýar. Şol sanda jebir çeken jaýlanandan soñ jenaýatkär saklanýar, ýa-da başky berlen görkezmeler üýtgäp bilýär, ýa bolmasa täze ýüzen çykan deliller boýunça hakyky jenaýatkäri saklamak mümkinçiligi döreýär. Şonuñ ýaly pursatlarda hökmany suratda öñ jaýlanan jesede goşmaça barlag işlerini geçirmeli ýagdaýlary ýüze çykýar. Şeýle-de bolsa, bu amala aşyrylmaly prosedura birnäçe degişli edaralaryñ hemmesiniñ rugsat bermeginde we mazary gaýtadan açylyp gözden geçiriş geçirilmeli jesediñ hossarlaryndan razylyk alynandan soñra edilýär. Muña kazyýet medisina ylmynda eksgumasiýa diýilýär. Gaty çykgynsyz ýagdaýlar ýüze çykanda, eksgumasiýa etmek gutulgysyzdyr. Bu eýýäm başga gürrüñ... ■ Ölüsini sylan baý bolar... Gonamçylyklarda we musulman gonamçylyklarda mazary açmazlyk, mazara şikes ýetirmezlik biziñ adamkärçilik, türkmençilik, galyberse-de musulmançylyk borjumyzdyr. Yslamdan öñki döwürlere degişli mazarlara duş gelen ýagdaýymyzda-da, öñümizden çykan süñkleri zyñyşdyrmak, ýa olara şikes ýetirmeg-ä beýlede dursun, gaýtam olara hormat goýmaga we süñkleri agyrtman-ynjytman basgylanmajak ýere gömmäge borçludyrys. Çünki ol gadymy süñkleriñ biziñ merdana ata-babalarymyzyñ süñkleridigini ýatdan çykarmañ! © Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |