22:52

Sungat melikesi / hekaýa

Категория: Taryhy proza | Просмотров: 346 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Annatuwak Kakaýewa | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Bagabat  
43
Birhili bolupdyr. Şekillendirilýän döwrüň düýbünden öwrenilmändigi göz-görtele. Hasam awtor şu setirlerine üns bermeli ekeni: "Mähestiniň-de haly teňdi. Gyz göwni Soltan Sanjaryň geçirýän meýlislerini näler küýseýärdi. Mähesti olarsyr özüni edil kapasa düşen
guş ýaly duýýardy".

0
2 Bagabat  
43
Şol bir wagtda-da, hekaýada Mahestiniň abraýy barada şu sözlerem bar: "Türkmençilikde dulda oturan ulugyzyň abraýy"...
Meniň pikirimçe, taryhy eser ýazylanda, gaty seresap çemeleşmeli. Birhili, türkmen eşikleri geýdirilen Nataşa Rostowa ýa-da renessans döwrüniň fransuz geýimlerini türkmen eşiklerine çalşyran Konstansiýa Bonasýe barada okaýan ýaly boldy.

0
3 Hаwеrаn  
245
Hekaýañ gowşaklygy meñem gözümden sypmady. Hekaýadan öz döwrüniñ, taryhyñ ysy gelenok hiç hili..

0
4 Bagabat  
43
Iň bolmanda, ulugyz şahyry Melikäniň kenizleriniň ýa-da hemsöhbetdeşleriniň arasynda şekillendirip, onuň özünem Soltana pynhan aşyk edip beýan etmeli ekenmi nämemi...Ýöne Soltanyň nedimi durmuşa çykmadyk gyz bolsa, üstesine-de şahyra bolsa...Irki orta asyr Merwi, Yslamyň sütüni hasaplanýan baýtagt şäher, 12 sany medrese saklanylýan, yslam ylahyýet ylmynyň sünni mezhebiniň nazaryýet esaslarynyň işlenip düzülýän ýeri, bu ýerde-de türkmen eşikli "Nataşa Rostowa"...19-njy asyrda rus patyşasynyň köşgünde, balda...Gelişmän, dogry gelmän dur-aýt, birhili...Üstünden gülýär diýip hasap etmäweriň. Azajyk ýumşadyp, oýun-henege salyp aýtdygym şü. biggrin

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]