07:24

Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy - Mahym Nurgeldiýewa

Категория: Şygryýet melekleri | Просмотров: 634 | Добавил: Aksary | Теги: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 4.2/6
Awtoryň başga makalalary

Şygryýet melekleri bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Bagabat  
43
@Aksary, şu jigimiz hakda maglumaty "Şygryýet melekleri" bölümine goýup, gaty oňardyň. Sag bol.
Sebäbi Mahym Nurgeldiýewaň döredijiliginde ünsüňi çekýän zat - jigimiziň gözlegdeligi.
Döredijilik stilem, esasan XX asyryň üçünji çärýegindäki türkmen şahyrlarynyň nusgawy şygyr düzüş stillerine ýykgyn edýändigi mese-mälim duýulýar. Onsoňam üns berýän welin, bu jigimiz Günbatar edebiýatyndan türk edebiýatyny (şol sanda, sungatyny hem (aýdym-saz, kino)) özüne has ýakyn görýän ýaly.

Gurbannazar Ezizow öwran-öwran özüniň öz döredijiliginde Puşkini, Lermontowy we Magtymgulyny sintez edesi gelýändigini aýdar ekeni.
"Hiç zatdan hiç zat döremeýär" diýleni. Döredýän adamlaň her haýsy bir zatdan ruhlanýar.
Mysal üçin, Lermontow hem özüniň döredijiliginde Puşkin bilen Baýrony "seplemekçi" bolýandygyny aýdypdyr.

Ýa-da ine meşhur şahyrymyz Orazguly agaň (Orazguly Annaýewiň) naýbaşy şygyrlarynda Maýakowskiň ýiti täsirini duýmak bolýar.

Ýa-da öň Has Türkmeniň döredijiligi hakda şu pikirimi ýazypdym:

Has Türkmeniň şygryýeti Maýakowskiýniň, Gurbannazar Ezizowyň sintezi ýaly bolup dur. Şol bir wagtda-da Ýewropa, rus şygyr düzüş äheňleri bilen birlikde gündogar şygrynyň sazlaşygy hem ýiti duýulýar. Täze, öň ulanylmadyk metaforalar, liriki gahrymanyň duýgusy bolsa edil daşy hamsyz ýalaňaç nerw damary ýaly ganjaryp durana çalym edýär.

Has Türkmeniň goşgularynyň setirlerinde sözleriň hem-de setirleriň özara sazlaşygy (ritmi) barada aýdylanda bolsa, täsin galdyryjy, gödeňsi lokgalygy syzmak bolýar. “Betnyşanlygyňam öz gözelligi bar” diýlişi ýaly gödeňsi tagaşyksyzlygyňam öz sazlaşygy bar. Wagtyň geçmegi bilen bolsa okyjylaryň “gulagy” öwrenişýär-de, ol gödeňsi tagaşyksyzlyk barypýatan, aňrybaşy klassyky (nusgawy) nepislige öwrülýär. Mysal, Gurbannazar Ezizow, Annaberdi Agabaýew, Orazguly Annaýew...

Mysal üçin, ine şü "Serdesse" atly goşgusy:

Men özümi adamlara paýladym,
Hergiz-hergiz paýlamakdan doýmadym.
Kemter gördüm bildigimçe bilenmi
Gözledim her ýerden bilmedigimi.
Kireý gözlemedim eden işimden
Güzeranmy aýlyk bilen güýmedim
Ýörmesem-de onda-munda syrtaryp,
Gizlejek bolmadym oýnap-gülenmi...
Tekepbirdim.
(Muny boýnuma alýan).
Ýöne hiç haçanam bolmandy mende
Şeýtanyñ deminden bereketlenen
Ulumsy gylykdan zerre nam-nyşan.
Ikiýüzli,
Arabozar,
Şermende.
Töhmetçill,
Gybatçyll,
Hyýanatçyllar,
Erte ýene birniñ berjek ýalagna
ymsynyp,
Düýnki ýal iýen ýerne
Çyrşamakçy bolup öz ýüz-gözüne
Öz pohuny bulaşdyrýan köpekler...
Ýa bolmasa,
Bulañ barsynyñ tersi
bolan ynsa-jynsa dertsiz-azarsyz
Eneden halal süýt emen ynsanlar
diýmedim,
Ýa diýmelidirem öýtmedim,
"Hudaýyñ bendesi" diýip at alan
Iki aýakly,
Kyrk gylykly jandara
Ýogam bolsa ýanyp duran talantym
Gursagymdan näme çyksa joş urup
Ýeter ýaly lükgeligne paýladym.

Ýa-da ine Laçyn Pürjäýewanyň goşgularynda Marina Swetaýewanyň, Anna Ahmatowaň, Bella Ahmadullinaň özboluşly milli koloritde sepleşýändigi ýaly duýgy emele gelýär.

Mysal üçin:

ÝATLAMA

Haçanky Laçyn men,
On müň ýyl bär-ä,
Ýaşap ýörendirin Ýeriň ýüzünde,
Entegem meň biraz huşum gowy däl,
Hemem känbir matematika bilemok.

Ýöne örän aýdyň ýadyma düşýär:
Ummanda bir damja suw bolup gördüm,
Asmanda, bulutda bug bolup gördüm,
Güneşiň şöhlesi, Aýyň şuglasy,
Ýyldyzlaň Zöhresi bolup gördüm men.

Bir döwürler bägüldim men aşykda,
Bir döwürler bägül berýän aşykdym.
Bir döwürler şagyzydym köşkde,
Alma bilen atyp urýan awuny,
Elbetde
On barmagnyň ýüzükleri awuly
Şagyzydym.
Ömür garaw görmedik.
Ömür alaw görmedik.

Magşukdym men, gedemdim.
Bir döwürler men-men diýen ärlere,
Başbermedik bedewdim.
Otdan çykan bedewdim...
...Häzir bolsa al-asmanda,
Ganat ýaýýan Laçyn men.

0
2 Aksary  
876
Minnetdar Bagabat kaka.

0
3 yalnyzozi660812  
1367
сураты екмы бу мелегин?

0
4 Aksary  
876
Suraty dur, sizde açýan däl bolaýmasa!

0
5 Gülkeşde  
978
Dogrudanam betgelşik gyz eken.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]