10:08

Tibete adyny beren türkler

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 275 | Добавил: Gökböri | Теги: Özgür Baryş Etli | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 7
0
1 Gökböri  
136
Tibetlileriñ aslynyñ türki kowumdygy baradaky gürrüñ biraz jedelliräk. Tibetlileriñ dilinde türki dil bilen meñzeş sözler:

Tsogan - sogan,
ana - ene,
amma - emma,
telek ýahşi - köp ýagşy,
iýi - gowy,
taşi kaça? - näçe?
Katsoo jok - gowy we ş.m..

Tibetlileriñ asly türkimi ýa-da olar gadymy türki kowumlardan täsirlendilermi? Ikisi-de bolup biler. Beýik Ýüpek ýolunyñ ugrunda ýerleşen halkyýetleriñ hemmesiniñ dilinde we medeniýetde birtopar meñzeşlikler bar. Türki sözler, hindi we urdu dillerinde-de tibetlilerden has köpdür.

0
2 Hаwеrаn  
245
Türkmen dilindäki "depe" (tepe / tebe / Tibet) sözi bilen Tibet sözüniñ baglanyşygyñ bardygy gyzykly maglumat.

0
3 Hаwеrаn  
245
Ýöne depe sözi köplük sanda depet, tepet diýip alynmaýar.

0
4 Hаwеrаn  
245
Awtor edil şu ýerde yalñyşýar öýdýän.

0
5 Hаwеrаn  
245
Türkmende depe sözüniñ manysy kän:

1). Bir zadyñ iñ ýokarsy, çür başy. Mysal üçin: adamyñ seri. ("Depe saçym düýrükdi" we ş.m)
2). Bir ýeriñ töweregindäki yerden, saýlanyp duran alañy. Dagdan kiçi, tekiz yerden saylanyp duran kiçeñräk dag zolaklary.
3). Gadymda şäherleriñ yzyna-da, umuman ýaşaýyşyñ bolan ýerlerine "depe" sözüni goşupdyrlar. Meselem: Altyndepe (Tillidepe), Ýemşidepe, Goñurdepe, Monjuklydepe, Kümüşdepe...
Belli ýer-ýurt atlaryna-da dakylan ýerleri bar: Gökdepe, Torgaý depe, Çagylly depe, Daşlyja depe, Gara çaýyrly depe...
4). Türkmen doglan ýurduna, watanyna-da aýdýar muny. Meselem: dogduk depe ("Towşana dogduk depe")...

Söz bilen içgin gyzyklanjaklar üçun depe sözli çeper eserler hem kän: (O.Öde/"Ogry depe", Möjek Ataýew/"Nusaýly depe", Ogulgerek Ussaýewa/"Monjukly depe", Hemra Şir/"Dogduk depe", A.Baýryýew "Dogduk depäm, güwleme" we ş.m.)
(Şu ady tutulan eserleriñ hemmesi kitapcy.com saýtynda bardyr.)

"Topbak" sözi bilen "depe" sözüniñ arasyndaky söz we many ýakynlygyny-da gözden sypdyrmak bolmaz.

Aý, garaz, "depe" sözünden "bir depe" makala ýazmak mümkin... smile

0
6 Hаwеrаn  
245
@Gökböri, urdu diliniñ özi türkmen soltany Mahmyt Gaznalynyñ görkesmesi b.n döredilen dil. Bolmanam onda türki sözler kändir:
http://kitapcy.com/news/2018-12-12-3875

0
7 Hаwеrаn  
245
Temadan daşgaryn:
Aslynda türkmen diliniñ beýleki türki diller bilen ýakynlygy öwrenilmedik, deñeşdirmeli sözlükler düzülmedik. Taryhymyzy doly we dogry owrenjek bolsak, bu hökmany şert.
Bir gezek yaşuly işdeşleriñ biri gürrüñ beryär: aydyşyndan, ol Mari awtonom respublikasynda gulluk edipdir. Sibirde galan kowumdaşlarymyzda meñzeş sozleriñ kandigine hayran galdym diyyä. Mysal üçin bizdäki "äñ et, äñet" (seret) sözi olarda-da şodurşuna gaytalanyar diyyä, yone manysy azajyk başgarak, yagny, "üns ber", "ünsli bol" manysyndamyş we soze tokayda duyduryş belgilerinde duş gelipdir.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]