23:34 Tilki bilen şagal | |
TILKI BILEN ŞAGAL
Gep bilen duzlamaly bolsa iki paý berlen ýaly bolup ýören tilki bir gezek şagaldan utulaýdy. Ol gyssanyp barýan şagaly saklady-da gepe güýmejek boldy: — Şagal şepe, nirä haýdap barýaň-ow? — Bazara barýan. Hä, näme boldy?! — Aý, hiç, ýöne seň ýalakyň bazarda nä köri bar? — Aýlanar göreris, belki, alarys-satarys. Ýör, senem gitseň, tilki dost — diýip, şagal oňa sypaýyçylyk etdi. Tilki welin tumşugyny asmana dikdi-de, ýene uly gepledi: — Aklyň kem-ow seniň, şagal jan! Bazara sen git. “Tilkiniň müň bir sapalagy bar, şonuň içinde iň gowusy görünmezlik” diýip eşitmänmidiň. — Eşidipdim, eşidipdim. — Eşiden bolsaň näme, beý diýýäň? — Onyň dogry, tilki dost, ýöne bilip goý, özüň tilki bolsaň, bazara özüňden öň deriň barar. | |
|
√ Gorkana goşa görner / erteki - 09.04.2024 |
√ Aldanan möjek / erteki - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |