18:25 Turandan Ariýana Eýranda ýat çalşygy we Gajar dinastiýasynyň çagşamagy | |
TURANDAN ARIÝANA EÝRANDA ÝAT ÇALŞYGY we GAJAR DINASTIÝASYNYŇ ÇAGŞAMAGY
Taryhy makalalar
Eýran topraklary müň ýyla golaý wagt türkler tarapyndan dolandyryldy. Eýran taryhy diýmek – belli bir derejede türk diýmekdir, emma 1925-nji ýylda türkler eýran syýasatyndan çetleşdirilenden soňra hiçem öňki güýç-kuwwatyna gelip bilmedi. 1896-njy ýylyň 1-nji maýynda Eýranyň döwrebaplaşmagyny çaltlandyranlaryň biri Nasreddin şanyň janyna kast edilip, Mürze Ryza Kirmany atly fanatik tarapyndan öldürilmegi progressiwleriň arasynda aljyraňňylyk döretdi. Ulamalaryň üýtgeşmeleri girizmek pikirlerini durmuşa geçirmek maksady bilen guran “Feramason” atly gizlin guramasy az wagtyň içinde eýranlylaryň arasyna ýaýrady. “Feramason” agzalarynyň Kirmanda ýakan gozgalaň ody az wagtyň içinde Tährana syçrady. Tähranyň häkimini we baş weziri agdarmagy başaran gozgalaňçylar ahyrsoňy 1906-njy ýylda Eýranyň konstitusion monarhiýa dolandyryşyna geçmegini üpjün etdi. Ýüzlerçe ýyllap Eýrany dolandyryp gelen türkmen dinastiýasy gajarlar ilkinji gezek häkimiýetlerini mejlisde paýlaşmaga mejbur bolupdylar. Muzafferuddin şa Eýranly türk taryhçysy Ahmet Kesrewi şol wagtky syýasy atmosferany şeýle sözler bilen suratlandyrýar: “Halk Muzafferuddin şany ynanjaň we gowşak hasaplap, ähli erbetlikleriň başynda Eminud-Döwläniň durandygyny pikir edýärdi. Şol döwürde Eýranda işler iki toparyň gözegçiligi astyndady: Birinjisi hiç hili söz aýtmaýan köşküň we şanyň töwereginde jemlenenler, beýlekisi halky aýaga galdyryp bilmäge ukyply ruhanylardy. Eminud-Döwläniň her iki toparda-da duşmanary bardy. Ol töweregindäki ulamalara pul dykyp, ýanyndakylaryň göwnüni awlap işini dowam etdirýärdi. Şeýle bir döwür geldi welin, hazyna taňkyrap galypdy we ol ýanyndakylara pul paýlap bilmez ýaly ýagdaýa düşüpdi. Ine, oňa aşa aşa duşmançylyk edýänlerem indi ondan pul ýonup bilmeýänler we onuň aldawaçlaryna ynanmaýanlardy. (Ahmet Kesrewi, “Tarih-i Meşrute-i İran”). 1921-nji ýyla gelinende bolsa, eýýäm Eýranda güýçli parlament we gowşap halys güýçden gaçan gajar dinastiýasy bardy. Ahmet han Gajar şasy Ahmet han bolsa bolup geçýän haotik şertleri görmezlige salyp, ara salym bermän Ýewropa syýahat edýärdi. Ýogsam bolmasa onuň Ýewropa söýgüsi ýarym iňlis koloniýasy hasaplanýan Eýran üçin problema döredýärdi, çünki eýran jemgyýetçiligi gajar dinastiýasyny Britaniýanyň gurjagy hökmünde görýärdi. Goranmak ministri bolup işlän Ryza han (Pehlewi) ýurdundaky oppozisiýany-da tarapyna çekip, Ahmet Akwam hökümetiniň häkimiýetden agdarylmagyna sebäp boldy. Ryza han üznüksiz diýen ýaly daşary ýurtda gezip ýören şanyň ýanyna maşgalasyna degişli lagly-jowahyrlary-da äkitmegini tankyt edip, ýurtda giň gerimli hereketleriň başlamagyna sebäp boldy. Ýurtdaky sosialistler Ryza hanyň öz dinastiýasyny gurmagyň kül-külüne düşendigini aňşyran wagtynda, daşary ýurtdaky şa Ahmet hana Mürze hasan Pirniýanyň premýer-ministr wezipesine bellenmegini talap etdi. Ýöne Ryza han bireýýäm jylawy eline alypdy we ministrliklere şaha sala salmazdan öz adamlaryny belläp başlapdy. Ryza han Eýran sosialistleriniň güýçli garşylygy Ryza hanyň 55 ýyl dowam etjek hanedanlyk pikirini biraz soňa goýmagyna sebäp boldy. Pirniýa premýer-ministr wezipesine bellendi, emma onuň ABŞ-dan karz pul almagy ýurduň bulaşmagyna getirdi. Ýurt şonsuzam Russiýanyň we Angliýanyň golastyndaka, ABŞ-nyňam ýurda gol salar ýaly edilmegi eýranlylaryň göwnüne ýaramady. Ryza han şeýle üýtgeşmelerden soň premýer-ministriň ýerine oturmagy başardy. Bu gezek oppozisiýanyň gajar şasy Ahmet hanyň üstünden gaýtadan öňüni baglamazlygy üçin şany wezipeden boşadyp, ogluny naýyp edip belledi. Ýurtdaky türk soltanlygyny ýykmagy niýetine düwen Ryza han jemgyýetçilikde “Eýran respublikasy” pikiriniň ara alyp jedelleşilmegini gazandy, emma onyň düýp maksady türk dinastiýasyny ýykyp, öz dinastiýasyny gurmakdy. Ahyrynda 1925-nji ýylda Ryza han gajar dinastiýasynyň elindäki ähli güýjüň “Mejlis-i Müessesana” geçýändigini yglan etdi. Ondan öň şany Ýewropanyň gurjagy bolmakda aýyplaýan Ryza han Seýit Zyýaeddin Tabataba bilen guran harby birikmesi rus giňelmesiniň garşysynda doly iňlis goldawyna arkalanýan strukturady. Mundan beýläk Şa Ryza Pehlewi ady bilen Eýrany dolandyrmaga başlan täze şa ýurtdaky Turan mirasyny ýykyp, ýerine Ariýan gegemoniýasyna arkalanýan täze ideologiýa gurmaga başlady. Gürrüňsiz, muňa iň uly garşylygy ýene eýran türkleri görkezdi we geljekki ýyllarda alyp baran azatlyk ugrundaky göreşleri eýran taryhynda seýrek gabat gelinýän gandöküşlikler bilen basylyp ýatyryldy. Syýasatyň aýlanyp duran täsin oýnuny diýsene... Ryza Pehlewini häkimiýetden çetleşdirenem ýene daşarky güýçler boldy. Gajar dinastiýasyny daşary ýurtlaryň gurjagy bolmakda aýyplan Ryza şa halkara goldawyny ýitirenden soň ýurtda durup bilmän, Günorta Afrika gaçdy we 1944-nji ýylyň 26-njy iýulynda şol ýerde öldi. Premýer-ministr Muhammet Musaddyk Ryza şanyň ogly Muhammet Ryza Pehlewiniň häkimiýetiniň başky ýyllary aňyrsy gajar dinastiýasyna birikýän premýer-ministr Musaddykyň saýasynda galdy. • Gajar dinastiýasy we türklük Eýrandaky türki häkimiýetiň başy gajarlar bilen başlanmaýar. 1925-nji ýyla çenli Eýranyň çäklerinde müň ýyla golaý wagt dowam eden türk häkimiýeti bardy. Hatda gajarlary agdaran Şa Ryza türk häkimiýetini şu sözler bilen tankyt edýärdi: “Boýnumyza almaly, müň ýyldan gowrak wagt Eýran türk fatihleriniň häkimiýeti astynda ýaşady”. (“Mîhen” gazeti, 1924 ý.) Asly oguz-türkmenlerinden bolan gajarlar Agamuhammet han Gajaryň 1796-njy ýylda häkimiýeti başga bir türkmen dinastiýasynyň elinden alyp, Eýrana agalyk etdiler we ýüz ýyldan gowrak wagtlap häkimiýeti ellerinde saklap geldiler. Eýrany dolandyran türkmen maşgalalary pars dilinde gürlejegem bolanokdylar, şonuň üçin olar hiç mahalam parslaşmadylar. Galyberse-de, türkmen hökümdarlary özlerini “Salary-türk”, “patyşahy-türk”, “soltany-türk”, “hakany-türk” ýaly tutullar bilen tanalýardy. Britaniýanyň Maşatdaky baş konsuly bolup işlän ofiser ser Persi Moulswort Saýks türkleriň Eýrandaky ornuny we güýjüni şeýle beýan edýärdi: “Eýranda häzirbegjan türk(men)leri uly rol oýnaýar. Däbe görä mirasdüşer şazada welaýaty (Häzirbegjany) dolandyrýar we ol tagta geçmek üçin Tährana tarap gaýdanda töweregini türkler gurşap alýar. Elbetde, goşun we goşundaky iň ygtybarly serkerdeler-de köplenç şol welaýatdan bolan şahslardan ybarat. Goşunyň ähli tophana (artilleriýa) güýçleri-de şu welaýatdan üýşýär. Şeýle-de gajarlar şu türkler (häzirbegjan türkleri) bilen baglanyşdyrylýar. Häzirbegjan jemendesi parsça az gürleýär ýa-da hiç gürlemeýär.” Taryhda sünni dünýäniň iň uly arkadagy bolup gelen Osmanly döwletine-de iň uly bökdençligi Eýrandaky şyga türkler döredipdi we bularyň başyny-da Şa Ysmaýyl çekipdi. Şeýle ýagdaý gajarlarda-da gaýtalandy. Gajarlaryň asly türkmen bolandygy üçin öz gelip çykyşlaryna we diline aýratyn üns berýärdiler, emma hiç bir zat şygalykdan (şaýylykdan) öňe geçip bilenokdy, eýranly türkler üçin bu ýagdaý soňky asyrlarda-da üýgetmän galdy. 1914-nji ýylda osmanly esgeri Töwrize girende, olaryň şäherde kän wagt durup bilmändiginiň ýeke-täk sebäbi ruslar däldi. Olaryň ýerli halkdan ýeterlik goldaw almanlygy-da muňa mazaly täsirini ýetiripdi. Reza Pehlewi kast edilşikden soň Syýasatyň aýlanyp-dolanyp duran täsin we namart oýny kän... 1941-1942-nji ýyllarda eýran türkleri uly gyrgynçylyklara uçranda eýran we rus hökümetleriniň gözünde olaryň şygadyklaryna sereden bolmandy. Olara barybir bölünişikçi türkler gözi bilen garalyp, ala seredilýärdi. Eýran topraklary müň ýyla golaý wagt türkler tarapyndan dolandyryldy. Eýran taryhy diýmek – belli bir derejede türk diýmekdir, emma 1925-nji ýylda türkler eýran syýasatyndan çetleşdirilenden soňra hiçem öňki güýç-kuwwatyna gelip bilmedi. Häzirki gelinen ýagdaýda eýran türklerine, hususanam Häzirbegjan bilen gatnaşyklarda elmydama eýran syýasatynda gapma-garşylyk döredýän gatlak hökmünde garalýar. Mehmet MAZLUM ÇELIK. celikmehmedmazlum@gmail.com Sişenbe, 19.10.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |