20:38

Türkmen we pars dilleriniñ söz baýlygy hakynda

Категория: Türkmen dili | Просмотров: 901 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Bahar Atanyýazowa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Türkmen dili bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 8
1
1 Raýdaş  
130
Bir dilşynas hökmünde aýtsam, Türkmen dilimiz bilen bir hatarda ähli Türki dilleri gramatiki taýdan 2+2=4 diýen ýaly kämil derejedäki dillerdir. Bir diliň kämilligini görkezýän esas dil baýlygyndaky söz hazynasy däldir, şol dilde ýazylan eserleriň köplügi hem däldir. Diliň gurluş we şekil taýdan birkemsiz kadalarynyň bolmagy we özüniň şol kadalara nä derejede boýun bolýandygy diliň kämilligini görkezýär. Türkmen dilinde (dar çekimlileriň düşmek düzgünindäki "asyl", "pasyl", "nesil", "ylym" sözleri ýaly) juda az sanly kadadan çykma wakasy gabat gelýär, nireden seretseň ýok diýen ýaly. Ýogyn we inçe çekimlileriň söz içinde gelişleri boýunça düzgünler, sözüň başynda gelmeýän harplar, sözüň soňunda gelmeýän harplar, iki wokalyň ýa üç konsonantyň bile gelip bilmezligi... we ş.m birkemsiz kada-kanunlar dilimiziň baý bolmakdan daşarda kämildigini mälim edýär. Iňlis, Rus dili ýaly kolonial dilleri mysalam getirip oturjak däl. Esasanam Iňlis diline seretsek kä halatlarda kada boýunça gelýän sözden kadadan çykma köpräk bolup dur; muňa aýdyň mysal hökmünde kadadan çykma işlikleri alyp bileris (irregular and regular verbs). Kadadan çykmalar geçiň guýrugy mysaly diliň kem-kösli tarapydyr...

Türki dillerde bir ýarym gep ýokdur, ýa bir bardyr ýa-da iki. Hernäçe, käbir akademikler munuň sebäbi hökmünde biziň çarwa taýpadygymyzy delil getirselerem men bu pikiri goldamok. Sebäbi, iň bärki mysal heniz-henizem çarwa durmuşyndan el çekmedik goňşy Owgan halkynyň diline seredenimde bu linguistik häsiýetiň ýokdugyny görýän. Galyberse-de häzirki "men-men" diýen ösen jemgyýetleň 5-6 asyr arkasyna seretsek ýerleşen durmuşy heniz saýlamandyklaryny magat görse bolýar. Dil bir milletiň taryhyna gidýän karta we bir milletiň ýazylmadyk-retoriki häsiýetnamasydyr....

0
2 Hаwеrаn  
245
Şeýt-de ýol kessene, dymyşlygy bozsana arasynda Taýmaz däde biggrin

0
3 Raýdaş  
130
Eýran, Owganystan we Täjigistan döwletlerinde az-kem şiwe tapawudy bilen gepleşilýän Fars dili barada ýokarda goýlan makala sebäp boldy teswir ýazmagyma. Aslynda bagyşlaň weli bu makaladan bir zat öwrendim diýsem ýalan aýtdygym bolar. Alty paragraflyk makalada esasy tema barada iki paragrafda agzalypdyr. Oňam kä ýeri "iteklenip sygdyrylan"... Farsçasynda hem ýalňyşlyklar bar. Eliňe galam alsaň galamyň edebine-hezzetine ýaraşyk ýazmaly. Sözüň hem namysyny - hormatyny saklamaly. Nobatçy sözlemleri hatara goýup, esasy mowzugy Ärsary doganlarymyzyň "Olam bizden..." diýşi ýaly arasynda küýkerdip goýsaň ylmy eser bolanok.
Şu taýda Türkmen we Fars dilleriniň söz baýlygy hakynda ýokarda agzalmadyk we janagyrly bir meseläni ýatlap geçesim gelýär. Söz baýlygy hökmünde Fars dili bizden öňräk bolmagy mümkin. Iki ýyl ozal Eýranda çykan soňky düşündirişli sözlügi getirip berdi bir dostum. Şonda, irinmän, sözleriň haýsy dilden gelip çykyşlaryna bir-birden seredip özümçe gözleg etdim we dilde bar bolan sözleriň 65 göterimine ýakynynyň Arap dilinden alnandygyna göz ýetirdim. San boýunça alsak Fars dili Arap dilinden Türki dilleriň islendiginden hem (muňa nusgawy Osmanly dili hem degişli) köp söz alypdyr. Emma Fars diliniň bir aýratynlygy öz gadym sözlerini hem belli bir derejede gorap saklap gelmegidir. Mysal üçin mugallyma "ustad" hem diýýärler, "donişmend" hem, talyba "muhassil" hem diýýärler "doniş-omuz" hem. Başga-da göze "ayn" ýa "çeşm", syrkawa "mariz" ýa "bimor", gepleşige "suhbat" ýa "guftigu", dünýä "duniýa" ýa "jahon"... Mysallaryň birinjisi Arap sözü ikinjisi Fars sözü.
Başga dilden söz almak öz diliňi ýitirenok, esasy zat grammatiki esaslaryňy gorap saklamak wajyp. Başga dile öýkün ýöne grammitkasyna öýkünip ugradygyň Hudaý tutdugydyr. Birem öz diliňde şol bir manyny aňladýan sözü goýup sinonimi bolan "gelmişek" sözü ulansaň diliň ykbaly şuwagtky ýagdaýa gelýär. Biz retoriki edebiýata bagly ýaşandygymyz sebäpli fars dilindäki ýaly alynma sözleri sinonim edip ulanyp bilmändiris we gynansagam öz gadym sözlerimizi gorap saklamandyrys. Kaşgaryň 'Diwanyna', Balasugunlyň "Kutadgu biligine" seretsek kagyz-galam, mekdep-mugallym. dünýä-jahan ýaly Türkmen diline ýerleşip giden alynma sözleriň manysyny aňladýan öz gadym sözlerimizi tapyp bileris...

0
4 Raýdaş  
130
Has däde dymyşlygy boz diýip gaty ýüz berme maňa. Onsoň hälki şorta sözdäki enäniň "baran ýeriňde gürläýmegin jan gyzymly" wakasyny täzeden durmuşa geçiräýmäli... wink biggrin

0
5 Hаwеrаn  
245
Şu makalany goymagyma Juma agañ bir gurruñi sebap boldy. ) soñ geleñde aydaryn. ) asla okan ugrundan dil bilmeyan bir gyzyñ yokary okuw jaylarynyñ birinde hazir şol dilden okadyanlygyny aydypdy. sad

0
6 Hаwеrаn  
245
Dogry şol aýdýanyñ. Osmanly diliniñ ýarsyna golaýyny pars sözleri tutýar. Arap diline-de pars sozleriniñ gaty irki döwürlerden bäri aralaşandygy mälim. Hatda pygamberimiziñ parsça hem gürländigi barada hem maglumatlar bar. Mysal ü.n Muhammet Gaýmaz Türkmeniñ "Pygamber tebipçiligi" kitabynda bu barada şeýle diyilyär:

"Içagyrym sebäpli towlanyp ýatyrkam, Pygamberimiz meni gördü-de: «Şekomet dert?» diýdi. Men: «Hawa, Resulalla» diýdim. Pygamberimiz maňa ýüzlenip: «Tur-da namaz oka, ertir namazynda şypa bar» diýdi.
Ýokardaky söz parsça bolup: «Seniň içiň agyrýarmy?» diýen manyny berýär. «Şekom - iç, garyn; dert – kesel, agyrydyr. Alymlaryň aýtmagyna görä bu ýerde iki alamat bar. Olaryň biri Pygamberimiziň parsça gürländigi, beýlekisi namazyň ýürek, aşgazan we içege agyrylaryndan saplaýandygy bildirilýär."


Pars dili diñe bir gündogar dillerine däl, slawýan dillerine-de yiti täsirini ýetiren dildir. Yeke mysal, "Boris" adam adyny A.W.Superanskaýa gadymy pars dilindäki "wares" (warys [türk diline "varis" görnüşinde geçipdir] - mirasdüşer) sözüne baglanyşdyrýar.
Mitrofan adam adynyñ hem parslaryñ otparazlykdan öñki hudaýy Mitranyñ ilki greklere, soñ ruslara geçen ady bilen baglanyşdyrylýar.

-1
7 Hаwеrаn  
245
Menem pars dilini öwrenjek bolup gözlän zadym, elektron gazetleñ birindenem eline ileni şu boldy. Öwrener yaly zadyñ yoklugy u.nem bärik yelmäp goýberdim, belki il-gün bir zat tapar diýp. )

0
8 Raýdaş  
130
Özümä gözlänimi tapmadym weli nesibelenen bir nesibelensin diýdiňdä..)

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]