01:08

Türkmenleriñ söweşjeñ guşaklary

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 366 | Добавил: Jeksparro | Теги: Öwez Gündogdyýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Bagabat  
43
Türkmen diline birneme sowatsyzrak terjime edilipdir. "Söweşjeň guşaklary" däl-de "söweş guşaklary" bolsa dogry bolardy. Sebäbi türkmen dilinde "söweşjeň" diýen söz uruşgan, göreşmäge, söweşmäge, garpyşmaga ukyply, çydamly, başarnykly adamy ýa-da başga janly jandary aňladýar. Mysal üçin, söweşjeň esger, söweşjeň bürgüt, söweşjeň möjek we ş.m.. Guşak bolsa jansyz predmet bolup, ol özbaşdak "söweşjeň" bolup bilmeýär.
Şonuň ýaly-da, makalajykdaky "gorag guşaklary bela-beterlerden goraýan özboluşly dagdanyñ hyzmatyny-da ýerine ýetiripdir" diýen sözlemde, megerem awtor "tumaryň" diýen manyny göz öňünde tutandyr. Sebäbi "dagdan" bu agaç. Elbetde gadymy döwürlerden bäri türkmenler bu agajyň bela-beterden goramak ukybynyň bardygyna ynanyp gelýärler. Ýöne beýleki göz degmekden, bela-beterden, jyn-arwahdan gorag serişdeleri "dagdan" däl-de "tumar" diýlip atlandyrylýar.
Makalada: "Guşakdaky bezeg şaýlarynyñ we uçluklaryñ sany boýunça onuñ eýesiniñ jemgyýetde tutýan orny, derejesi kesgitlenipdir" diýlip bellenilýär. Örän dogry. Hasgurtlaryň (esgerleriň) guşagyna berçinlenen kümüşden ýa-da altyndan şekilli şelpeler (halkalar, şaýylar) häzirki döwrüň ölçeglerinden seredilende özboluşly ordenleriň we medallaryň wezipesini ýerine ýetiripdir. ''Eýmendiriji guşak'' diýen jümlä dogry düşünmek üçin bolsa, häzirki döwürde boýny başa-baş söweşleriň ençemesi boýunça dünýäň çempionydygyna güwä geçýän medallardan boýny doly, üstesine-de ýörite maksatly goşunlaryň serkerdesiniň lybasyndaky, döşi söweş edermenligi üçin sylaglanan orden-medallaryndan dos-doly, pil ýaly daýaw pyýada bilen sene-mene etmekçi bolýanyňyzy göz öňüne getirip görüň! Nähili täsir eder?! biggrin . "Eýmendiriji guşagam" şol döwürlerde şonuň ýaly bir zat bolupdyr.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]