2023-NJI ÝYLDA EDEBIÝAT BOÝUNÇA NOBEL BAÝRAGYNYŇ EÝESI
Ýun Olaf Fosse, norweg kyssaçysy, dramaturgy we şahyry, 2023-nji ýylda edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi boldy. Nobel baýragynyň komitetiniň habarnamasyna laýyklykda, bu baýrak oňa “beýan edip bolmajak zatlary beýan edýän öňdebaryjy sahna eserleri we kyssasy üçin” berlipdir.
Ýun Fosse 1959-njy ýylyň 29-njy sentýabrynda Norwegiýanyň Rugalann etrabynyň Hýougesunn jemagatynda doglupdyr. Ol ýedi ýaşynda bolup geçen betbagtçylyk hadysasynda tas wepat bolan ekeni. Şol hadysa hem onuň döredijiligine düýpli täsir edipdir. Ý.Fosse Bergen uniwersitetinde deňeşdirme edebiýaty öwreniş ugrundan ýokary bilim alypdyr. Ol ömrüniň agramly bölegini Norwegiýada we Awstriýada geçiripdir.
Ý.Fosse ýazmak bilen ýetginjeklikde başlaýar. Ol öz düzen saz eserlerine aýdymlaryň tekstlerini ýazypdyr. 1983-nji ýylda onuň “Gyzyl, gara” atly norweg dilinde ýazylan romany çap edilýär. Ol dramaturgiýa bilen 1990-njy ýyllarda meşgullanyp ugraýar. Soňky ýyllarda Ý.Fosse onlarça romanlardyr pýesalary ýazyp, çap etdirýär. Häzirki döwürde ol diňe bir Norwegiýada däl, eýsem Günbatar ýurtlarynda-da iň bir tomaşaçysy köp, pýesalary sahnadan düşmeýän dramaturg hasaplanýar. Bulardan başga-da Ý.Fosse kiçi proza, şygryýet hem esse ýazmak bilenem meşgullanýar.
Ý.Fosse diňe ulular üçin däl-de, çagalar üçinem eserleri ýazýar. Şonuň ýaly-da ol terjimeçilik bilen işjeň meşgullanýar. Mysal üçin, 2011-nji ýylda ol Injiliň “bukmol” diýlip atlandyrylýan norweg diliniň edebi görnüşleriniň birine terjime edilmegine ýazyjy-maslahatçy hökmünde gatnaşypdyr.
Ý.Fosseniň eserleri ýeriň ýüzünde kyrk dilden gowrak dillere terjime edilip, neşir edilendir. Onuň eserleri onlarça halkara we milli baýraklaryna, döwlet sylaglaryna mynasyp bolupdyr. Mysal üçin, oňa 2003-nji ýylda Fransiýanyň “Hyzmatlary üçin” milli ordeni gowşurylypdyr. 2011-nji ýylda bolsa norweg sungatyna hem edebiýatyna goşan goşandy üçin Norwegiýanyň koroly Ý.Fosse Oslodaky norweg patyşa köşgüniň hormatly Grotten rezidensiýasynda ýaşamak hukugyny bagyş edipdir.
Edebiýat täzelikleri