07:11

29 мая

Taryhda şu gün
Категория: Taryhda şu gün | Просмотров: 288 | Добавил: Haweran | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhda şu gün bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 10
0
1 sylapberdimuhamov  
1428
Şu ýokarky kel bar-a. Ol özüniñ "Uzaga çeken tümlük" atly kitabynda biziñ milli gahrymanynyz Jelaleddin Manguberdini bir aýalbaz gurrumsak edip keşplendiripdir.

0
2 Haweran  
411
"Şu ýokarky kel bar-a..."
Siz ýaly adamyñ gurjak jümlesi däl. Gelşenok.
Ýazyjynyñ Jelaleddini suratlandyryşynda jan ýoksuzam däl.
"Uzaga çeken tümlük" romany çagalygymyzy kitabyñ jadyly dünýäsine örkläp bilen az sanly kämil eserleriñ biri.

0
10 baharaliyeva39  
1028
Hz. Aýşa bir gezek Allahyň Resulyna eli bilen gysga bolandygyny görkezip: «Eý, Allahyň Resuly! Safiýýa şeýle aýal "-diýip, Safiýýa diýen biriniň gysga boýuny suratlandyrmaga çalyşypdyr. Muňa Allahyň Resulynyň gahary gelip ("Bu söz deňze garylsa, deňziň suwy üýtgär "diýen duýduryşy (Tirmizi, Sıfatü'l-kyyâme, 51) meseläniň çynlakaýlygyny görkezýän bolmaly. Sebäbi adamlaryň gözegçiliginden çykan, elinde bolmadyk fiziki taýdan kemçiligini" kel bolsa kel diýmeli bor" ýaly sözler bilen teswir ýazylmaz. Käbir halatlarda bir wakadan soňra dogulyşdan bolmasa da başka kemçilikler döräp ýüze çykyp bilýär. Şeýle ýagdaýda edil özümüze aýdylsa nähoş bolardy. Agzymyzdan çykany gulagymyz süzmeli.

0
3 sylapberdimuhamov  
1428
Durmuşda tas bir durmuş resmi bolup ýaşadym-aý. Emin-arkayyn diýjegimi diýmäne goýmadylar. Indem şol öñkim ýaly bolubersemikäm?!
Men şu amerikanyñ banknotyndaky ýaşula-da şu kelden ägä boluñ diýäýýen ýerim bar.)
Ony diyseñ Bender Türkmeniñ ymam jumgasyna Hajymuhammet kör diýýän ekenler. Şeý diýip adyny tutmasañ tananoklar ýaly)

0
5 Haweran  
411
Diýjegiñi arkaýyn diýdirmejek bolýan ýok.
Lakam ýa-da adyñ yzyna bile tirkelen ýaly aýdylýan sözler bar, meselem, Keýmir kör, Kör Gojaly, Kel bagşy, Sapar köse... Bu lakamlar adamyñ aýby däl, gaýtam artykmaçlygyny görkezýär. (Men adamyñ daş keşbindäki haýsydyr bir alamata seredip, adynyñ yzyna kemsidiji söz ýapyşdyryp goýbermegiñ gelşiksizdigini aýdýaryn).
Bir gowy mysaly özümden bereýin. Meniñ tiräme obamyzda güjükler diýilýär. Bu ady nämüçin berendikleri barada birnäçe gürrüñler bar (häzir aýtjak), Nohur obasyndaky tiredeş ýakyn garyndaşlarymyz welin, "biziñ tirämiz güjük" diýseñ halanoklar, sebäbi hakykatda biziñ tirämiz jagyl-jugyl we Nohurda-da jagyl-jugyl diýilýär.
Emma atamyñ atasy Döwletmyrat biziñ önüp-ösen Kürüždeý obamyza göçüp barandan soñ, ondan ýaýran neberelere "güjükler", Döwletmyradyñ özüne-de Döligüjük diýlipdir. "Güjük" lakamynyñ berlişi barada-da üç dürli "rowaýat" bar: birinjisi, çagasy durmaýandygy ü.n yrym-yrym, ýom-ýom edip ýañja bolan bäbegi güjüge ýaladanlarmyş. Şondan soñam "Döligüjük" bolup galanmyş. Ikinjisi, Döwletmyradyñ ene-atasy belki bälçirändirler, bilemok, ogullaryny söýgülände "güjüjegim" diýer ekenler. Üçünjisi Döwletmyrat we onuñ ogullary çakdanaşa gaýratly, edenli, galtamansypat adamlar bolupdyr. Meñ özüm-ä üçünji "rowaýata" ynanýan, sebäbi, obamyzda biziñ tirämiz "güjügem" bolsa, basan ýeriñden ot syçradýan, gaýratly-galtaman, göreni eýmendirip duran hyýrsyz ýüzli biri bolmasañ adyñ yzyna "güjük" dakdyryp tutduraýmak añsat däl. Dogan-garyndaşlardan bu lakama mynasyp bolan Mäti güjük, Oraz güjük... diýen az sanly adamlar bar we bu garyndaşlar mydama bize "hakyky güjük bolamyzsoñ biziñ adymyz bilen güjük sözi bile biten ýalydyr, a siz ýasamasy bolansoñ diýenoklar" diýip buýsançly igenýän ýerleri bar :)

* * *

Bu biziñ öz milli aýratynlygymyz. Ýöne dilden dile geçilende bu aýratynlyk başga manyda hem ýañlanyp bilýär. Meselem, altayli.net taryh saýty türkmeniñ taryhy şahsyýetleri hakda türkmen dilinde ýazylan makalalary çap edip başlanda, belli taryhçymyz J.Gurbangeldiýewiñ "Keýmir kör" makalasyny çap etmekden ýüz dönderdi "kardeşim, hocamız buna hakaret ediyormu ne?.." diýip :)
Kör sözi türklerde has gödek ýañlanýan bolarly.

* * *

G.Abaşidzäniñ "guýruk awusy" bar, şoñ ü.n ol Jelaleddini bolşundan has öteräk geçip suratlandyryp biler. Onuñ Gürjüstany mongollardan has beter talanlygy-da ýalan däl, baran-basyp alan ýerinde aýal yzyna aýal alyp ýörenligi-de ýalan däl. Ýurdy ot içinde, mongol sülsatlarynyñ aýagynyñ astynda, şol gowgaly döwürde, şol dara-direde şolar ýaly aýalbazlyga, meý-şerap içip mes bolmaga wagt tapyşyna haýran. Görgüli ölende-de serhoş ýagdaýda bir kürt galtamanynyñ elinden ölüp gidýär-ä...
Jelaleddiniñ kölegeli taraplaryny onuñ kätibi Muhammet Nesewi hem bassyr-bussyrsyz ýazýar-a. Abaşidzäniñ ýazanlary şondanam betermi?
Onsoñam "Uzaga çeken tümlügiñ" çeper eserdigini ýatdan çykarmañ. Ol taryhy çeşme däl. Ýazyjy taryhy wakalaryñ umumy akymyndan çykman, taryhy faktlary ýoýmazdan, gahrymanlarynyñ içki hüý-häsiýetlerini isleýşi ýaly suratlandyryp biler.

0
4 sylapberdimuhamov  
1428
Durmuşda tas bir ömür diýmelidimikä ýa?)

0
6 sylapberdimuhamov  
1428
(Kommentariya degişli degişme)
Daşoguzyñ Baýbazarynda iki ildeş tersleşipdir. Dawa ula gidipdir. Ikisinem oporna eltipdirler. Soñ sorag başlapdyr. Polisya:
-Dawa nämeden başlandy?
Dawaçy:
- Bu meñ namysyma degýän gep aytdy?
Polisya:
-Name gep?
Dawaçy:
- Maña özbek diýdi.
Polisey:
- Bir adama özbek diýilse, namysyña degilýän gep bolýamy?
Şol arada beýleki dawaçy goşulýar:
- Özbek bolsañ özbek diýerlerde, nemis diýeýinmi eýle?
Polisey birinji dawaça:
- Agam, pasportuñy berip dur hany.
Pasporty alyp okan poliseý haýran galmak bilen:
- Agam, milletiñem özbek eken. Onsañ özbek diýseler gaty görmäñ nam-aý. Ine, maña özbek diyseler onda gaty görerdim.

0
7 sylapberdimuhamov  
1428
Şonuñ ýaly kel bolsañ kel diýerler...

0
8 sylapberdimuhamov  
1428
Aý umuman güjük ýaramaz jandar-a däl, tilkiler, şagllar, ganjyklar ýaly tire atlarynyñ ýanynda. Maña galsa-ha ýeke Türkmen ady bilen çykyş etsek gowy bolardy.
Dogry dälmi?

0
9 sylapberdimuhamov  
1428
Taryhda Çingiz hana mynasyp garşydaş bolmagy başarandygy üçinem Muhammet şanyñ ogluny sylaýan.
Mongollaryñ eline bermejek bolup, ejesini gara derýa akdyryp bilmegi hem "Arym köýenden imanym köýsün" diýip bilýän hakyky türkmeniñ keşbini görýän onda.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]