21:12 Zenan alymlar kynçylyklara garşy göreşiñ syrlaryny gürrüñ berdiler -1: Esin Şenol | |
ZENAN ALYMLAR KYNÇYLYKLARA GARŞY GÖREŞIÑ SYRLARYNY GÜRRÜÑ BERDILER: KYNÇYLYKLARY NÄDIP ÜSTÜNLIGE ÖWÜRÝÄRLER?
Zenan şahsyýetler
Dürli ugurlarda ylmy işleri alyp baran zenan alymlar başdan geçiren kynçylyklaryna garşy göreşende, muny nädip üstünlige öwrüşlerini gürrüñ berdiler Aýal-gyzlar jynsy deñsizlige garamazdan ylym-bilimde köp sanly üstünlikleri gazanýarlar. "Independent Türkçe" habarlar gullugy dünýäniñ öñdebaryjy zenan alymlary bilen gürrüñdeşlik geçirdi. Dürli ugurlarda ylmy işleri alyp baran zenan alymlar başdan geçiren kynçylyklaryna garşy göreşende, muny nädip üstünlige öwrüşlerini gürrüñ berdiler. Ylym dünýäsinde aýal-gyzlaryñ gazanýan üstünlikleri-de, başdan geçirýän kynçylyklary-da köplenç görmezlige salynýar. Ylym dünýäsinde zenan bolmak kynmy? Bu kynçylyklary nädip aşmaly? Olaryñ nusgalyk şahsy kimler? Alym bolmagy arzuwlaýan ýaşlara nähili maslahatlary bar? Türk zenan alymlaryny ýakyndan tanamak we hem-ä üstünliklerini görkezmek, hem-de başdan geçirýän kynçylyklaryna ünsi çekmek isledik. • "Aşmaly päsgelçilikleriñiziñ taryh boýunça ençeme gezek aşylandygyny görmegiñiz gerek" "Erkegiñ agalyk sürüji dili jemgyýetiñ boýdan-başa hemme ýerinde ýerini alýar" diýen Gazi uniwersitetiniñ medisina fakultetinden professor Esin Şenol "Türkiýede bu medeni we aslynda bilim bilen aşylmagy gerek, ýöne bu ugurda bilime ýanaşylybam barlanok. Zenan bolmak hemme ýerde kyn. Beter kyn, sebäbi dolandyryjylaryñ, syýasatçylaryñ, karar berijileriñ we aslynda ýolbaşçylaryñ erkek bolan jemgyýetinde zenan diline beýleki aýal-gyzlaram añsat öwrenşip gidiberenok. Aýal-gyzlar iş durmuşynda özara hyzmatdaşlyk etmegiñ deregine biri-birleriniñ aýagyndan aslyşyp, basdaşlyk edýärler" diýdi. Professor Esin Şenol sözlerini şeýle dowam etdi: "Bu ýagdaý elbetde, basyşdan gözbaş alýar. Bu toparyñ üstüne basyş etseñiz ol topar öz içinde-de dil tapyşmaýar we darajyk ýerde-de basdaşlyk edip başlaýarlar. Kynçylyklary ýeñip geçmegiñ iñ gowy ýoly giñ gözýetime eýe bolmakdyr. Gözýetimiñizi 360°-a çenli giñeldiñ. Giñ gözýetimli adama bolsa, tebigatyñ, sungatyñ, çeper edebiýatyñ we kino sungatyñ zerurlygy bar. Wagtyñyzy ýerlikli sarp etmek bilen bir hatarda, meseläniñ aslynda şahsy däldigini we aşmaly päsgelçilikleriñiziñ taryh boýunça ençeme gezek aşylandygyny görmegiñiz gerek. • "Peýdamyñ degýändigini bilmek duýgusyny maña berip biljek zatlary etmäge jan edýärin" Kynçylyklaryñ güýjünden peýdalanmaga zerurlygynyñ bardygyny nygtaýan Şenol "Çünki şertler adalatly däl. Şertleriñ adalatly bolmadyk ýagdaýynda kynçylygy güýç ýangyjyna öwürmek gerek. Işde önümçilik sagatlaryndan daşgaryn, köp sanly ýakyn tanyş-bilişlerimden we dost-ýarlarymdan daşgaryn köplenç sungata, çeper edebiýata, ýazuw-pozuwa güýmenip wagtymy geçirýärin. Peýdamyñ degýändigini bilmek duýgusyny maña berip biljek zatlary etmäge jan edýärin. Bulam meniñ aslynda ylham çeşmäm hem-de güýjümiñ gözbaşy" diýýär. • "Ylymda özümi hemmetaraplaýyn has arkaýyn duýýaryn" Aýal-gyzlaryñ boýnuna agyr şertleriñ ýüklenýän bütin geografiýalarda juda güýçli nusgalyk zenanlaryñ bardygyny nygtaýan Şenol şulary aýtdy: "Meniñ iñ esasy rol modelim Türkan Saýlanbwe Muazzez Ilmiýe Çyg. Bu ýurtda diñe özleriniñ öñünde durýan päsgelçilikleri ýeñip geçmek bilen çäklenmän, päsgelçilikleri aşmakçy bolýanlaryñ elinden tutan aýallar bolandyklary üçinem bu iki hormata mynasyp şahsyñ adyny arkaýyn agzap bilerin. Gürrüñsiz, çuññur hormatlaýan alymlarym we edebiýatçy aýal-gyzlarym bar. Ylym öñdenem ajaýyp zenan dili, ýagny ylym dünýäde biziñ gelip çykyşymyzy düşündirmäge synanyşýan san-sajaksyz sowallary orta atýar we bularyñ peýda berip biljegini goruna oklap goýýar. Bu gory ýazuw görnüşine geçirip, elden-ele geçirýär. Şonuñ üçinem men ylymda özümi hemmetaraplaýyn has arkaýyn duýýaryn. Ýeke geçilen bu muşakgatly ýolumda ýalñyzlygyñ maña rahatlyk berendigini aýdyp bilerin. Şeýle perswektiwada, şeýle 360° dereje seredişde bolmak aslynda durmuşa has sowukganly seretmegime itergi berýär. Hut şu sebäpler üçinem alym bolmak isleýän aýal-gyzlara "Menden maslahat, alym boluñ!" diýýändigini aýdan professor Esin Şenol "Muny halkara derejedelere-de çykarmaklaryny isleýärin. Emma hiç bir ýagdaýda durmuşdan çetde durmasynlar, jemgyýetçiligiñ özlerinden bu ýurtda peýdaly işlere garaşýandytyny unutmasynlar. Öz jynsdaşlaryna-da ellerini uzatsynlar we päsgelçilikleri ýeñip geçmekleri üçin ýardam etsinler" . (dowamy bar)... Esra ÖZ. @fesraoz 08.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |