09:57 Abu Nuwas - Beýik söz ussady | |
ABU NUWAS – BEÝIK SÖZ USSADY
Edebiýaty öwreniş
VII-VIII asyrlar feodal gatnaşyklarynyň döreýiş we ösüş döwri hasaplanýar. Yslamyň döremegi bilen halyfat emele gelýär. Kämil jemgyýet gurlup, adamlaryň gün güzeranlary kanagatlanarly derejede gowy bolýança, şahyrlaryň, alymlaryň, her döwrüň öz şahsyýetleriniň öz ýaşan döwürlerinden, şol döwrüň hokümdarlaryndan närazy boljakdyklary düşnüklidir. Şonuň üçin her döwrüň öňdebaryjy adamlary durmuş barada pelsepewi pikir ýöredipdirler. Ol ýa-da beýleki mesele dogrusynda pikir ýöredip netije çykarypdyrlar. Käbir meseleleriň çözgüdini tapypdyrlar. Şeýle çözgütleriň ylmy köki bolupdyr. Şonuň netijesinde Gündogaryň hem öz danalary filosoflary döräp, taryhda özlerine mynasyp orun eýeläpdirler. Gündogaryň akyldarlarynyň biri hökmünde Abu Nuwasyň ady alymlaryň arasynda giňden mälim. Onuň beýle derejä ýetmegi tötänden däl. Durmuş ony eljiretmändir. Ol agyr günde ýaşap, durmuşyny gowlandyrmak üçin köp ýerlerde bolmaly bolupdyr. Ykbaly ony dürli ýerleden çykaryp, ol şol döwrüň her hilli adamlary bilen duz-emek söhbetdeş bolupdyp. Ol döwürde her setirine müňlerçe altyn pul tölenen, meşhur köşk şahyrlary hem bolan. Emma olar gaty seýrek bolan. Şonuň üçin şahyrlaryň köpüsi güzeranlaryny kynlyk bilen geçiripdirler. Şäherden şähere olar pyýada aşmaly bolupdyrlar. Gurplyrak adamlaryň atlary bolan bolsa, olaryň hatta eşekleri hem bolmandyr. Şol döwürde şahyrlaryň arasynda su aşakdaky ýaly şahyrana setirler ýaýrapdyr: Eý siz gije gündiz sergezdanlar, Çyda sen, sizden gaçsa döwüm nanlar. Samsyk eşekleriň eşegi bardyr, Sende ne eşegiň duşagy bardyr. Bir ýaş şahyr bolsa özi barada şeýle setirleri döredipdir. Men haýasyz, günüm günleriň kyny, Ýalaňaç tyg men, ýok tygyň kyny! Şeýle döwürde şahyrlaryň durmuş barada kelle döwüp, bu durmuşyň ýowuz kada – kanunlary hakyda öz şahsy garaýslaryny beýan edip şygarlar döretjekdikleri düşnüklidir. Söýgi lirikasy bolsa-da her bir şahyr ondan daşgary durmuş, ýaşaýyş barada durmuşy – pelsepewi şygyrlar hem az döretmändirler. Ol şygyrlarada ylmy mazmun çeper mazmuna öwrülip okanlary öz ýaşan döwürleri barada çuňňur oýlanmaga mejbur edipdir. Şonuň üçin halkyň arasynda şahyrlaryň durmuş – ýaşaýyş baradaky filosofiki pikir ýöredilýän şygyrlary uly hormatdan peýdalanypdyr, olara isleg ýokary bolupdyr. Şahyrlaryň biri – biriniň dünýä garaýşlaryny, şahyrçylyk babatda ussatlyklaryny, kämillik derejelerini barlap görjek bolsalar hem durmuş baradaky sowal – jogaply şygyrlar aýdyşyp ýaryşypdyrlar. Waliba Hasany synap görmek üçin şeýle şygyr bendi bilen oňa ýüzlenýär. Öňünde bolsa alty sany çörek, Ýany bilen bişen ördegem gerek. Bu ýaryşda Hasan hem edil Walibanyň stilinde, äheňde dowam etdirýär. Elbetde ol ördek uzak Hytaýda, Hytaý tüwüsi–de bolsa bu taýda. Iýseň ony noş bolardy ahyry, Ýene bolsa Hiriň ajap çakyry. Walibi hem Hasanyň bentleriniň yzyny alyp göterýär. Ol hem şol äheňde dowam etdirýär: Saky meýi pyýalada paýlasa, Meý içinden iň oňadyn saýalasa. Hasan onuň yzyny dowam etdirýär: Meýiň damjasy misli dürdänedir, Gözel gyzyň ak göwsünde ýanadyr. Waliba: Biz bir aşyk ak göwse bedene, Misli Küser, Azza diýip gidene. Hasan: Häzir şad biz, misli heniz çaga biz, Aýagymyzy sokýas gyzgyn çägä biz. Çeşme deýin akýar gyzgyn derimiz, Boýnumuz der, ýokdur dersiz ýerimiz. Beýle şygyrlar dessine goşulsa-da, şahyrana setirler ýüz ugruna dilden-dile gelsede, olaryň aňyrsynda Hasan bilen Walibanyň durmuş tejribeleri, arzuw islegleri, durmuş, ýaşaýyş baradaky garaýşlary, ýöredýän çuňňur pikirleri ýatyr… Ol köp adamlar bilen duz–emek bolýar. Şonda ol öz gönümelligi bilen biriniň göwnünden tursa, başga birine onuň aýdýan gönümelligi, onuň çetine kakýan gönümel tankydy sözleri ýaranok. Bir gezek şahyr şol dowrüň baý, belli makalalarynyň biri bolan Hamdane ibn Zakariniň öýüne myhmançylyga barýar. Hasanyň öz sözi bilen aýtmagyna görä onuň öýündäki kitaplary okap görüpdir. Baý maşgala şol ýerli şahyrlaryň goşgularyny bir ýere jemläp, haşamlap ýygyndy edipdir. Şahyr ol goşgulary okap çykandan soňra onuň beýle buýsanýan kitabyny ýerde goýup, onuň üstünden bir küze suw guýupdyr. Şeýle hem Hasan ol şahyrlaryň baryny sowatsyz, zehinsiz, kütek şahyrlar hataryna goşup, olaryň adyna ýakymsyz, gödeksi tankydy pikirler hem aýdypdyr. Bu ýagdaýy soňra Hamadana ýetiripdirler. Hamadany hem Hasana haýbat atyp, gorkuzyp şeýle manyly şygyr iberipdir. Hojaýynyň Hasandan çek minneti, Ýogsa Nuwas emgek gördüň sen gaty. Saňa aýtmaly sozlerim belli: “Arkasyz har, ýanmaly sen tetelli”. Hasan bu şygyr bilen ýazylan haty jogapsyz goýmandyr. Ol Başşar ibn Burdužyň nakyla öwrülip giden şygyrlaryny özüçe täzeden işläp, şonuň äheňinde jogap ýollaýar: Erkinlere, hoşniýete böwet kän, Gul bolsaň arka degjek taýak kän. Abu Nuwas arap şahyrlaryna mahsus bolan gödeksi degişme bilen ony berk taňkyt edýär. Ony gula deňeýär. Özüni erkin şahsyýet hasaplap, hiç kime boýun däldigini, diňe haka, hakykata gulluk edýändigini oňa adaty poeziýa setirleri bilen beýan edýär. Aýdyň ol Hamdana maňa mahsus däl, Ony dost tutunsam bolýaryn betpäl. «Sen erkin däl bir mähirsiz adam sen, Sen gul däl, dile düşmez nadan sen ». Allam özüň rehim et bu adama, Baý, garyp ýetişsin onuň dadyna. Adam ata bilse seni bir zaman, Seni ýaradanna ederdi arman. Şahyryň terjimehalyny ýazanlaryň gürrüňine görä. Hamadan bu masgaraçylykdan soňra uzak wagtlap özüne gelip bilmändir. Ahyr uzak wagt geçmeden soňra bu masgaraçylygyň aşagyndan çykmak üçin Hasana – Abu Nuwasa jogap hatyny şygyr bilen ýollaýar. Ýöne onuň bu jogaby üstünliksiz bolýar. Ol şygyr sungatynda Abu Nuwasdan pes bolsa-da özüni ýolbars, Hasany hem ejiz gorkak it saýýar. Onuň bu meňzetmeli şygyrynyň juda gowşakdygyny görüp, Abu Nuwas onuň bilen tankydy goşguda bäsleşip oturmaklygyň biderek wagt ýitirmekligini bilýär. Şonuň üçin onuň gülkili gowşak goşgusyna sada şygyrda boljak hakykaty aýdýar: Sen hakda aýdanlam galar ol baky, Seňkini ýok eder şemalyň bady. Eýýäm, şu satiriki şygyrda onuň ussatlygy, gönümelligi, dünýäde adamlaryň arasynda ýaranjaňlaň, çemeçilleň az däldigi, olaryň öz mertebelerini baýlyk üçin pese gaçyrýandyklaryny, mertebelerini gymmat bahaly halat–serpaý üçin döwelet üçin edýändiklerini göni ýüzlerine aýdyp, olaryň üstünden gülýär. Beýle adamlaryň onda-da ýokary gatlagyň edýän adalatsyz hereketlerini onlaýan ýaranjaň adamlaryň ýüzüne boluşlaryny göni aýtmak aňsat däl. Emma, Abu Nuwas dagy gönümel aýdyp bilen şahsyýetler. Munuň üçin ol döwürde jeza çeken şahyrlar az bolmandyr. Olar diňe bir baý adamlaryň däl, ýurduň hökümdarlarynyň hem adalatsyzlygyň şygyr bilen gönümel aýdyp bilen şahyrlar, beýik şahsyýetler. Hasanyň adynyň Abu Nuwas ady – lakamy bilen tutulmagy hem onuň öz ýaşan döwründe, dirikä beýik şahsyýetleriň biri bolandygyny, beýikleriň hatyryna goşulandygyny subut edýär. Şahyryň Abu Nuwas lakamyny alşy barada hem dürli legendalar bar. Ol rowaýatlaryň birinde Hasanyň ýaşajyk oglanka uzyn erkin dökülip ýatan saçy bolupdyr. Abu Nuwas sözi şonuň bilen baglanşykly ýüze çykyp, «erkin», «azat» diýen manylary aňladýar diýen çeşmeler hem bar. Başga bir rowaýata görä, ýemen soltanlarynyň içinde: “El-Nuwas” atly soltan Ýemendäki hristiýanlary (isaýylary) dyza çökerip, “otly” diýip lakamy alypdyr. Abu Nuwas hem şol şanyň lakamyny özüne geçiripdir.diýlen gürrüň hem bar. Umuman köp halklarda bolşy ýaly atlaryň emele gelişi hakynda legendalar, rowaýatlar gaty kän. Mahlasy, Hasana bu lakam nähili berlen hem bolsa, bu onuň beýik filosof şahyrdygyny subut edýär. Şeýle hem beýik şahyrlara mahsus häsiýetleriň biri olar şygyr bilen hökümdarlary tankyt edip bilipdirler.Bu bolsa olaryň halk içindäki at – abraýlaryny ýokary göteripdir. Olary şahsyýet derejesine ýetiripdir. Şahyryň filosoflygy, onuň beýik şahs şahyrdygy söýgi hakyndaky şygyrlaryndan hem aşdyň görünýär. Ol bir baýyň öýünde hyzmat edýän gyzy söýýär. Onuň hakyky ady Jenan bolupmy, ýa-da şahyryň ony söýup goýan adymy belli däl. Şahyrlar öz söýýän gyzlarynyň atlaryny tutman özleriçe şertli atlary hem goýupdyrlar. Abu Nuwas hem öz söýýän gyzyna şeýli şertli ady goýan bolmagy mümkin. Aýdylýan rowaýata görä, Abu Nuwas Jenany bir ýas ýerinde görüpdir. Ilki göreninden hem aşyk bolupdyr. Ol aglaýan wagty arasynda bir gezek ýüzüniň perdesini galdyrypdyr. Şonda şahyr onuň görküni görüp aşyk bolupdyr. Başga bir rowaýata görä olar ilkinji gezek ýasda däl-de toýda duşupdyrlar. Ýöne şygyrlarynda beýän edişine görä şahyr ilkinji gezek ony gözlerinden ýaş dökýän pursatynda gabat gelip görüpdir. Men tutuk Aýymy ýas güni gördüm, Ýas güni ýasa sen, sen bezeg berdiň. Aglan wagty dür döküldi kirpikden, Gül kamaty böwsüp çykdy örtükden. Eý jenenym aglama sen merhuma, Agla ýara gapyňda bulaşdy guma. Abu Nuwas döwründe ondan soňky döwür edebiýatynda az sözde köp zat hakynda aýtmak, köp zat barada pikir ýöretmek däbi bar. Bu ahli sungatlara mahsus aýratynlyklaryň biri. Şahyry deňeşdirme, meňzetme ýaly çeperçilik serişdelerini ullanmakda öňüne söz ussadyny geçirmeýän iň bir ussatlaryň biri hasaplapdyrlar. Ýokardaky şygyrda gyzyň gözünden dökülýän ýaşlar düre meňzedilýär. Ol dürler ýöne bir gözden akman kirpikden dür bolup dökülýär.Onüň gül kamatyny hiç bir örtük bilen ýapyp bolmajakdygyna hem örän şahyrana setirlerde tewsirleýär. Gündogar edebiýatynyň däbine görä aşyk ýigit öz söýgülisini hemme zatdan ýokary tutýar, öň munuň ýaly hiç kimi jany–teni bilen söýmedigini dyza çöküp boýun alýar. Aşyk öz söýgülisi üçin her hili ejirleri çekýär. Haçan-da Jenan öz hojaýyny bilen Käbä haja gidende, öň bir gezek hem haja gitmedik Abu Nuwas hem Haja gitmek üçin ýol şaýyny tutýar.Ol Jenanyň gül kamatyny şol mukaddes ýerde görmek isleýär.Haja gitmezinden öň şeýle şygyr düzýär: Görýäňmi bu ömrüm täk saňa gurban, Seň gül kamatyň görmäge Jenan. Gül keşbiňi görüp dyza çodüm men, Kamatyňa baky doýman bakdym men. Diýdim: «bu gün Jenan ýollara düşýär, Belki ýolda arzuwlarymyz gowuşýar» Emma, bu eden arzuwy bolmaýar. Ol Mekgä baryp ýetýär. Bu elbetde aňsat iş däl. Çünki pyýadalap ýüzlerçe kilometr ýoly geçmeli. Şeýle ýagdaýda ol Mekkä haj edip sogap gazansa – da Jenana duşup bilmaýär. Şundan soňra Basra dolanyp gelýär. Ol Jenany hojaýynyň başga bir hojaýyna satyp göýberendigini sorap-idäp bilýär. Şeýle hem Hasanyň Jenana bolan söýgi taryhy tamamlanýär.Ýöne onuň Jenana ýazan şygyryna görä, olar şol mukaddes ýerde duşuşmaga wada edipdirler. Seni küýsäp ýüreklerim ýanypdyr, Aýralykdan bagrym ýanyp köýüpdir. Meniň gülüm, meniň ömrüm satylan, Eziz gülüm gör dowzaha atylan. Biz duşjakdyk şol mukaddes mekanda, Zyýat gitdi, gözüm galmyş yakaňda. Sen öldürdiň halas etjek hossaryň, Kyn günuňde neneň ýetem ey, ýarym. Hasan Jenan hakynda köp şygyrlar ýazypdyr. Doňýürek Zyýadyň Jenany bu şygyrlardan habarly bolup bir uzak ýere satan bolmagy ähtimal. Bu ajy aýralyga dözmän şahyr Jenana bagyşlap gussaly elegiýa şygryny hem döredipdir. Ýüregime ýara saldyň näzli ýar, Salan ýaraň asla gitmez közli ýar. Sen öwretdiň maňa göz ýaş dökmäni, Ýar ýoluna sabyr bilen bakmany. Sen mätäç däl ýarym müşki ambara, Özüň ambar men ambara ýalbara. Sen rehimsiz gara gözli jellat sen, Ýar eline ýesir düşen bir zat men. Sen gözümden ajy ýaşlar akdyrdyň Ýollaryňa ömür baky bakdyrdyň. Sen gülýärsiň men aglaýan gussaly, Sen şadyýan men tütüňli tüsseli. Sen gözümi bilseň baky çig etdiň, Ýüregimden hiç gitmejek tyg etdiň. Jerene baksak ýüregim közli, Ýüregim tagmaly, bitmejek yzly. Gözel jeren menden uzakda – daşda, Aşyk bolsaň geziber sen garaşda. Eý Jenanym seniň gözleriň nury, Şol nur öldürdi şoň bilen diri. Eý Jenanym meni taşlap gitme sen, Ýüregimde baky ýaşa ýitme sen. Bu şygyrlarda Abu Nuwasyň hemme tarapdan kämilligi, onuň söýgi, durmuş ynsan hukugy, ykbaly baradaky çuňňur filosofiki pikirleri jemlenýär. Hak söýgi adamkärçiligi bolan çyn ynsanyň ýüreginden hiç wagt çykmaýar. Araplarda aýal–gyzlaryň malça görülmeýän döwründe, olaryň ynsanlyk mertebesiniň depginlenýän döwründe beýle çuňňur aýal–gyzlaryň şum ykballary barada ynsanperwerlik şygyr döretmek şahyryň özünden ýokary ahlakly talap edýär. Çüňki şahyr hem şol döwrüniň terbiýesini alan ynsan, şol döwrüň adamsy. Halk bu zatlara şeýle bolaýmaly adaty zat hökmünd seredýär. Emma, beýik şahsyýetler bu düzgüne garşy, olar muny ahlaksyzlyk hasap edýärler. Abu Nuwas Jenan hakynda her bir goşgusynyň üsti bilen täze ynsanperwer pikirleri öňe sürýär. Aşyk magşuklar Käbä baryp, gara mukaddes daşy öpen wagty olaryň ýaňaklary biri – birine degýär. Bu pursat olar üçin iň gymmatly ýatdan çykmajak pursat. Olar bu pursat töweregindäki adamlary, dünýäni dübünden unutýarlar. Dünýäde olar şol pursatda diňe ikisi Bu şahyryň döredijiliginiň gudraty bilen emele gelýär, aşyk magşuklar mukaddes ýerde duşuşýarlar. Aşyk – magşuklaryň duşuşyklary hem mukaddes diýen çuňňur ideýany ideýany awtor öňe sürýär. Ol liriki şygyrlarda her demde diýen Jenany ýatlaýar. Onuň Jenana bagyşlap döreden şygyrlary hemme taraplaýyn kämilligi bilen tapawutlanýar. Jenana bagyşlan şygyrlarynda eňillik, mukadlylyk güýçli. Onda özara söhbet etmek, mesawy gürrüň ýaly, aşyklaryň arasyndaky pynhan söhbet ýaly äheň güýçli ýaly duýulýar. Ýarym diýdi : «Nämeleri isleýäň», Menden jogap : «Melgunlary pisleýän». Jenan basym ýara saldy ýürege, Agram saldym ýürek bilen garaga... Aýdyň ýara: «Rehim etsin ýaryna, Duçar etmäň gazabyna, zaryna!». Abu Nuwas arap ýurtlarynyň köpüsinde bolup görýär. Ol halkyň ýaşaýyş durmuşy bilen ýakynlaýyn tanyşýar. Öz döwrüniň syýasy–jemgiýetçilik gurluşy barada, şol döwrüň parasatly adamlarynyň gürrüňlerini diňleýär. Şonuň netijesinde onuň döwür baradaky, dünýä baradaky dünýä garaýşy kemala gelýär. Ol ýaşlygynda ykbaly öz döwrüniň belli adamlary bilen duşuşryp, olaryň synagyndan geçiren bolsa, soňra söýgi we bu ugurda uçran kynçylyklary, jebirleri onuň dünýä baradaky adamkärçilik, ynsançylyk duýgularyny çuňlaşdyrýär. Onda jemgyýet baradaky kemaly garaýyş kemala gelýär. Şahyra adamlaryň gedemligi, öz – özüne ýokary baha berişi, köpbilmiş bolmalary ýaranok. Bu häsiýet adamlaryň köpüsine mahsus zat. Hiç kim özüni samsyk hasaplanok. Her kim özüni akyldar saýýar. Beýle ham hyýallygyň, ýeňilligiň durmuşyň ajysyna dadan şagyra ýaramajagy düşnüklidir. Her basraly alym saýýar özüni, Hadys saýýar her bir aýdan sözüni. Dogan güni mahsus öňa bu zatlar, Geň galar öňa, görende ýatlar. Eken bagy saýa salmaz gerge, Gaýta naýza bolup urlar ýürege. Men basraly, gaçmaga ýer gözleýän, Diňe Damaska, şonuň ýolun yzlaýan. Bizar men şübheli bakýan gözlerden, Gaçýan men arzaly ýalan sözlerden. Bu şygyrlary okan adamyň şahyr barada ýaramaz pikirleri etmegi mümkin. Çüňki ol bu şygrynda ähli basralylary aýyplaýan ýaly görünýär. Emma muňa beýle düşünmeli däl. Ol hem çig süýt emen adam. Bir dogry sözli adam bir ýerde ýaşap ýörse, onuň hemmeler bilen dost bolmagy mümkin däl. «Dogryçylyň dosty ýok» diýilşi ýaly, kim bolsa onuň ýüzüne çekinmän dogrusyny aýdyp bilýän Abu Nuwas ýaly beýik şahsyýetleriň duşmanynyň az bolmajakdygy düşnükli zatdyr. Çüňki betnepis, haýyn adamlara edýän işiň däl diýseň ýakmaýar. Şonuň üçin ol köp ýerlerde garşyga duçar bolýar. Şonuň üçin onuň basralylar barada aýdan sözlerini tutuş basralylar barada diýip düşünmek bolmaz. Onuň basranyň ylymly – bilimli, akyldar dana adamlaryna uly hormaty bar. Ol muny başga bir şygrynda aýan edýär. Söýgim Kändir ol basraly pirlere, Hormat uly ol basraly şirlere. Men ol pirleň huzurynda guly men, Piri görsem baş egýärin uly sen. Hatda meni kowsalarda ýanyndan, Beýik ärleň aslyşýaryn sanyndan. Beýik şahsyýetleriň özlerine tälim beren beýik danalara, akyldarlara hormat goýmazlygy mümkin däl. Diňe kemakyl, özüne ak pata beren, öwüt–nesihat, goldaw berenm adamlara gara ýöňkäp bilýär. Sap gerekli adamlar her hili kyncylyklara sezewar bolasada, güzeran görmek üçin ýurdy taşlap gitmrli bolasada öz dogduk mekeny barada erbet pikirde bolmaýar. Elbetde şahyr Basrada hor–homsy, ýeter–ýetmezçilikde ýaşaýar. Şonuň üçin öz ykbalyndan zeýrenip şygyrlar düzmäge durmuşy özi mejbur edýär. Ol öz garyp durmuşyndan zeýrenip hem şygyrlar düzüpdir. Ýene otursam bir köpüksiz bu ýerde, Ýakyn hossarlarym salaryn derde Dost – ýarlary taşlap gitmeli borun, Ol eziz gözlerden ýitmeli borun. Satsam men öýdäki bar eşigim, Galar öýüm, galar diňe işigim... Ýeke kagyz gerek hany ýok olam, Ak kagyz bolmasa ýörärmi galam. Adam bary gysyk jögi bolupdyr, Haýyr sogap köki ýanyp solupdyr... Abu Nuwas: «Içi ýanan hudaýyna gargar» diýilşi ýaly, dost-ýarlaryny garyp günlerinde hemaýat etmeýändikleri aýyplasa–da, Onuň Basrada hormat goýýan dost ýarlary, bilen okan deň–duşlary, olaryň içinden ussat şahyr bolup ýetişenleri az bolmandyr. Ýöne şahyryň öz kynçylygy bilen dörän durmuşy goşgulary, diňe bir oň özüne degişli bolman, ähli döwürdeşlerine, şol döwrüň kynçylyk çekýän ähli adamlaryna degişli bolup durýar. Adamlaryň bir–biriniň derdinden habarsyz bolup durmaklary, olayň bir-birine ýardam edip bilmezlikleri, käbir barly adamlaryň garyplar üçin haýyr–yhsan etmezligi, şol döwrüň özüne mahsus nogsanly taraplary. Bu nogsanlyklary görüp, ýüregi bilen syzyp duran şahyryň liriki meniň üsti bilen hemelleriň ykbalyna mahsus şygr döretmegiň kanuny, tebigi bolup biljek zat. Basrada gün–güzerany kyn bolan soň Abu Nuwas Bagdada barýar. Bagdat ol döwürleriň syýahatçylarynyň ýazmagyna görä içinden iki sany derýa Tigir we Ýefrat derýalarynyň akyp geçýän, Gündogaryň iň gözel şäherleriniň biridir. Onda köp dürli halklar ýaşaýar. Araplar, horasanlylar, eýran taýpalary ýaşaýarlar. Şähere gury hem deňiz ýoly bilen uzaklardan täjirler hem gymmatbahaly ýükleri getirýär. Uly köşkler, medreseler, metjitler şähere özboluşlyt görk berýär, hem–de bu şäheriň ýokary medeniýetli şäherleriň biridigini görkezýär. Abu Nuwas bu uly medeniýet merkezi bilen öwrenişýär. Ol ýeriň özüne mahsus bolan durmuşy bilen tanyş bolýar. Yrak durmuşyň gaýnap joşýanlygy barada taryhçylar nakyla meňzeş jumleleri ýazyp gidipdirler. IX asyrda ýaşan arap syýahatçysy, geografiçisi al - Ýakubi Bagdat barada şeýle sözleri ýazypdyr: «Yrak Dünýäniň merkezi, Bagdat bolsa ýeriň göbegi, Yragyň ortasy. Munuň ýaly ägirt şäher ne Gündogarda ne Günbatarda bar» diýip ol, şäheriň gözelligi söz bilen taryp edýär. Bu şäherde şygyr sungaty barada ýazylan ylmy edebiýatlar hem, Abu Nuwas olar bilen tanyşýar. Şol döwürde al–Şahiziň «Söz sungaty we oňa düşündiriş kitaby » diýen eseri şahyrlaryň, adamlaryň arasynda giňden mälim bolupdyr. Bagdat şahyrlaryň arasynda «meý hur» ýagny «meý iç» diýlen jümle ýörgünli bololupdyr. Bu jümle sufy we beýleki şahyrlaryň eserlerinde gönümel manyda bolman, ol «hakykata etjek bol, şoňa ymtyl, şol ýolda serhoş bol, hakýolunda serhoş bol » diýen manylarda gelipdir. Şeýle şygyrlar Abu Nuwasda we onuň döwür deşrelerinde gabat gelýär. Şahyrlaryň bu usul döreden şygyrlarynda meňzetmeler, deňeşdirmeler, metafaralar näçe diýseň bar. Bu ugruň, bu däbiň uly mümkinçilikleri bolan. Her şygrynda Abu Nuwas bu däp boýunça goşýan, döredyän şygyrlaryna täze–taze öwüşginler berýär. Ol öňki düzenlerinden peýdalanman her sapar täze obrazly sözler tapýar. Bu onuň dünýä baradaky filosofiki garaýşynyň ýyl–ýyldan kämilleşýändigi, çuňlaşýandygyny aňladýar. Bagdada gelenden soň onuň şygyrlarynyň agramy, çuňlugy, täsiri has–da artýar. Turýan şire sorkup, üzüm dörmäge, Çaga dek süýt sorup, göwüs görmäge. Men gözel saýladym satýany üzüm, Ondan baky sowmaryn men bu gözüm Gijelerine toý – meýlise gitdim, men, Hasa serpip oň goýnunda ýitdim men. Men ol ýary çatmasyndan çykardym, Oň abraýyny al – asmana göterdim. Hanjar bilen ähli perdäň böwüsdim, Ýar göründi, güneş kimin öwüsdi. Toý günunde duşar ähli dostlaryň, Ýatdan çykar agyr günler, ýaslaryň. Çakyr mydam bulgur bilen söweşer, Bu ikisi bir –birine ýaraşar. Bu ikisi gymmat göwher altyndyr, Biri gaty, biri eräp ýatandyr. Biri akar, biri durar ýerinde, Biri ajap ylham goýar seriňde. Meý messandyr, meý ajaýyp peridir. Meý asmandyr ol ýyldyzlar dürüdir. Meý bir dürüdir bir damjasyn gaçyma, Meý gözeldir yşgyň odundan öçürme. Abu Nuwasyň bu şygryndaky meýi wasp edişine gönümel düşünseň, onda ol bir meýhanalardan çykman ýören, kellesaň serhoş adam ýaly bolup görner. Emma mundaky jumleleri göçme manyda kabul etseň, onda şahyryň öz döwrüniň ylmyna ymtylşyny duýmak bolar. Abu Nuwasyň yz ýanlarynda ýaşap geçen Omar Haýýam bu «Meý hur» «Meý iç» diýlen, ýagny «Ylma ymtyl » diýlen ideýany ösdüren beýik şahsyýetleriň biri. Ol dünýäde ilkinji bolup biziň şu günki ulanýan kalendarymyzy düzen adam. Şeýle bolan soň Abu Nuwasyň, Omar Haýýamyň «Meý iç» diýen çümlelerine gönümel düşünmek, gönümel kabul etmek ýalňyş bolar. Şol döwrüň zehinli şahyrlarynyň bir al–Haly. Ol meý hem söýgi lirikasyndan ýazan şygyrlary bilen meşgurlyk gazanypdyr. Toý-meýlisde Abu Nuwas onuň bilen bile aýlanypdyr. Köp ýerde bile şygyr aýdypdyrlar. Käbir adamlar al – Halynyň goşgularyny Abu Nuwasyň adyna beripdirler. Munuň üçin ol gaty görüp Abu Nuwas bilen dostlugyny bozmandyr. Elbetde, iki sany şahyr toýlarda şygyr ýaryşlarynda bile şygyr okasalar, beýle säwlikleriň bolmagy kanuny zat. Muňa olar oňat düşünipdirler. Şonuň üçin alymlar öz ýatlamalarynda bu iki şahyryň adyny bile tutýarlar. Bu iki şahyryň arasynda bäsleşikler, aýdyşyklar az bolmandyr. Edebiýat taryhçylarynyň ýazmaklaryna görä, bir gezek al – Haly Abu Nuwasa şeýle manyly–mazmunly şygry okap beripdir. Bulguryny galdyranda asmana, Ol aýmy, kaklyşýarmy ol äleme. Al–Halynyň bu zatlar seniň göwnüňemi diýen ýaly sowally goşgusyna ýokary baha berýär, ony hemme taraplaýyn oňlaýar. Birnäçe wagt geçenden soňra Abu Nuwas oňa öz düzen şygryny okap berýär. Meýli bulgur boşan halat aşyklar, Tüm gijede öper melek duşuplar. Al–Haly «Bu goşgy meniňki ahyry» diýip gaty görýär. Emma Abu Nuwas: «Barybir ony meniň adyma bereler meniň adyma geçirerler» diýip onuň gahayny ýazýar. Başga bir aýdylan gürrüňe görä Abu Nuwas al–Halydan şeýle bir şygry «ogurlap» alypdyr. Men köpügi ol asmana Aýmydyr, Ýyldyzlar kemsiner Aýa taýmydyr. Serhoş Aý asmanda yransa her ýan, Dünýä hereketde oýnaýar bir ýan. Munuň ýaly goşgulary bir şahyryň beýleki şahyrdan alandygy ýa – da täsir alyp nezire düzendigi barada alymlaryň arasynda jedeller bolup durýar. Bu ýerde bir zady bellemek gerek. Şahyrlar bir-birine täsir edip bilýärler. Olar bir–biriniň goşgusy, ýa-da öň ötüp giden belli şahyryň meşhur şygry esasynda hem nezire döredip bilýärler. Biri–biriniň şygryna köre–körlük bilen öýkünip hem bilýärler. Emma beýik şahyrlarda, şol bir zat hakynda deň pikir edýän döwürdeş şahyrlarda biri–biriniňkä meňzeş şygyrlar hem döräp bilýär. Beýle ýagdaýlar tebigi ýagdaýda bolup geçýär. Şonuň üçin köre–körlük, tötänlik, tebigy kanunlaýyklygy bir–biri bilen garyşdyrmaly däl. Şu kanunalaýyk tebigy ýagdaýda birnäçe şahyryň şygyrlarynda ideýa–mazmun, forma taýdan gabat gelýän şygyrlaryň gabat gelmegi olaryň biri – birinden ogurladygy däl. Ogurluk obraz diýilen jümläni okanyňda oňa çynlakaý seredip, onuň ogurluk däl-de original goşgudygyny ýüze çykarmaly. Abu Nuwas öz döwründe hiç bir gara güýçlerden çekinmedik, gorkmadyk şahsyýetleriň biri. Ol Magtymgulynyň «Dile gelen sözler köňül nagşydyr» diýşi ýaly, köňlüne gelen sözi çekinmän aýdyp bilipdir. Ol öz ýoldaşlary we şol döwrüň alym–şahyrlaryň biri Abul Atahiýe bilen gezenç edip iň soňunda olar bir meýhananyň gapysynda saklanýarlar. Bularyň hiç haýsynyň şol wagt ýanlarynda pul yok ekeni. Şu kyn pursatda Abu Nuwas özüniň oňat tanaýan bir baý tanşyna Ibn Ibraýim Abd Al–Mälige hat ýazyp iberýär. Eý Ibn Ibrahim Abd Al-Mälik , Alla hem–de saňa uly umyt bilen ýüzlenýän häli. Sen pula ýapyşyp bolma pula gul, Eliň açyp bilseň puluň bolar gul. Şeýle haty iberenden soň bir oglanjykdan iberýärler. Ol oglanjyk haty baýa eltip berýär. Baý şu çuňňur manyly sözden soňra oýlanyp, many çykaryp oglanjykdan onlarça derhem iberýär. Oglanjyk iberilen derhemleri Abu Nuwasa getirip berýär. Ol getirilen pullar Abu Nuwas daga güni bilen iýip–içip günlerini şat geçirmäge mümkinçililk berýär. Abu Nuwas ýokardaky beýtlerde aýdan pikirlerini hadyslardan mysallar getirip hem aýdyp bilerdi. Hadyslarda–da iň uly sogabyň biri dilegçiniň ýa- da karz soranyň haýyşyny bitirmekdigi barada aýdylýar. Emma, beýle hadyslardaky aýdylýan sözlerden gulagy ganan baýyň beýle haýyşy bitirmezligi hem ahmal. Emma Abu-Nuwas oňa sen puluň guly bolma, goý, pul seniň guluň bolsun, sen pula ýapyşyp ýatma, şonda pul saňa ýapyşar. Baýlygy Hudaýyň özi berýändir. Şonuň üçin şahyr hem hudaýa ýüzlenip, Beýik Taňrynyň oňa sahylyk bermegini onuň hem sahy bolmagyny haýyş edýär.Bu ýerde ynsanyň altyn teňňä çapman, sogap işlere çapmalydygyny, sogap işler bilen at-abraý gazanmalydygy wagyz edilýär. Şahyryň bu ideýasy sufistik filosofiýa gabat gelýär. Baý adamlar haýyr-yhsan etmese, köpri gurdurmasa, metjitdir medrese saldyrmasa, kerwensaraýlar gurduryp, sogap işler gazanmasa, ol ýurtdan bereket göterler diýen ylmy esasy bolan filosofiki pikiri öňe sürýär. Abu Nuwas pars edebiýatynyň taryhynda hem öwrenilýär belli “Şura”, ýagny halk şahyrlarynyň biri. Çünki, olar halky öz şygyrlary bilen ezijileriň garşysyna galdyran şahyrlaryň hataryna goşulýar. Halk şahyrlarynyň birnäçesi halyfyň garşysyna gidenlikleri üçin köp kynçylyklara duçar bolýarlar. Olaryň ölüm jezasyna sezewar bolanlar hem bar. Halk şahyrlary arap dilini oňat bilipdirler. Olardan soňra hökümdarlara hyzmat edenlerem köp bolupdyr. Olar esasan terjime işleri bilen meşgul bolup, köşkdäki işkagyzlary terjime edipdirler, belli–belli edebi eserleri arap diline geçiripdirler. Esasan hem parslaryň şöhratly geçmişine degişli taryhy eserleri terjime edip, arap medeniýetine, arap dinine hem belli bir derejede öz garşylyklaryny asyrynlyk bilen beýan edipdirler.Bu häsiýetli şahyrlar ,,Biz indi düýäniň süýdüni içip, çölde mallary bilen ygyp ýören çarwadar araplaryň aýdanyna uýmalymy, şolara eýermelimi…” diýen arap medeniýetine, arap dinini garşylykly ideýalary öňe sürüpdirler. Bu ugurda gönimel, gödegräk hereket edenleri jeza çekmeli bolupdyrlar. Yslam dinini iň bir kynlyk bilen kabul eden parslar şura-halk şahyrlarynyň wagyzy bilen yslamda tas ýüz dönderip, köne-gadymy dinlerine geçmek derejesine çenli baryp ýetipdir… Emma Abu Nuwas dagy dini däl-de başga dürli hukuk, adamkärçilik, ynsanperwerlik ýaly meselelerde halkyň tarapynda durup çykyş edýärler.Onuň şygyrlarynyň halk tarapyndan oňat garşylanmagy , ol halkda halk halk tarapyndan şorta sözleriň, rowaýatlaryň döredilmegi hem hut şonuň üçin. Şahyryň eserleriniň arap, pars edebiýatynyň taryhynda özüne mynasyp orun almagy hem onuň halk tarapyny tutýan şahyrlaryň hataryna girmeginden ybarat. Abu Nuwas öz döwrüniň edebiýatynyň ösüp ýeten derejesini çuňňur öwrenip özleşdiren, kämil söz ussatlarynyň biri. Ol arap, pars edebiýatynyň taryhyny oňat bilýär. Özünden öňki söz ussatlarynyň işlän žanrlaryny, ulanan ol öz döredijiligi bilen arap edebiýatynyň taryhyna şahyr hökmünde giren söz ussatlarynyň biri. Goşgy formalaryny , öňe süren ideýa- mazmunlaryny özleşdirýär. Abu Nuwas özünden öňki edebiýatda şahyrlaryň haýsy çeperçilik serişdeleriň ýörgünli bolup, ol ugurdan nähili şygyrlaryň döredendiklerini oňat bilýär. Ol Balibanyň ýanynda ýaşlygynda köp ýyllap hatdatlyk hünärini ýöretmek bilen, köp şahyrlaryň şygyr formalary gulak üsti-eşitmek, diňlemek üsti bilen däl-de, ol köp şygyrlary ýazansoň hat üsti-görüş üsti bilen aňyna mäkäm ornaşdyrýar. Şonuň üçin ol şygyr düzüliş tehnikasyny we onda ulanylýan çeperçilik serişdelerini oňat bilýär. Abu Nuwas öňden gelýän şygyr formalaryny ulansa–da olara täze öwüşgün berýän, täze döwre görä many–mazmun berýär. Ol adamlara şol bir diňläp, eşidip ýören zatlary barada täze garaýsyň, täze düşünjäniň kemala gelmegini gazanmak üçin şygyr çeperçilik serişdeleriň göçme manylygyny artdyrýar onuň örüsini giňeldýär. Meý, çakyr suw bilen duşmandyr mydam, Halamaz meýe suw ursaň gadam, Pyýalada çakyr höküm sürmeli, Oňa gadyr goýup döşüň germeli. Meý, çakyr burk urar asmana galar, Ajaýyp guşlary ýadyna salar. Senem guş bolup galsaň asmana, Öňünde ýaýylar syrli zamana. Meý mydam bar zatdan ýokarda uçar, Ýokary dyrmaşar, köp syry açar. Uýa bilen oňuşmaz, aýry ýarasy, Dürli dinli düşman, aýry arasy. Biz sakyň elinden içýäris meýi, Ol gözeliň asla bolmaz den-taýy. Göz ýaş döküp men ol ýaryn yşgynda, Mežnun bolup dura bilmen köşgümde... Şahyryň bu şygry barada ençeme alymlar öz pikirlerini ýazypdyrlar. Olaryň hemme-de Abu Nuwasyn öňden gündogar poeziýasynda bar “meý iç” temasyna uly täzelikler, täze öwüşginler, täze many-mazmunlar berendigini belleýärler. Abu Nuwasyň döredijiligini jandan söýüp öwrenýän janköýerleri onuň bu şygrynda “täze stili” döredendigini we ösdürendigi, oňa täze manjy–mazmun siňdirdigini belleýärler. Rus alymlary bolsa “Söz bezegi baradaky ylmy” diýen araplaryň düşündirişli sözlügini daýanmak bilen, beýle goşgyny belli manyly rus sözi bilen terjime etmekligiň mümkin däldigini belleýärler. Alym Ibn al–Mutaýez bolsa şeýle zat öň baram bolsa bu sungat şygyr äleminde ilkinji gezek Abu Nuwas dagyda ýüze çykdy diýip belleýär. Şeýle düşündirişden soňra ol şahyryň bu goşgusynda ulanan sözleriniň, söz öwrümleriniň bir näçe göçme manylarynyň eýe bolýandygyny şahyryň alliteratsiýalary, metaforalary, antonimleri we beýleki çeperçilik serişdeleri bir goşgynyň çylşyrymly şahyrana çeperçilik öwrümleri bilen birnäçe manylarda berip bilendigini belleýär. Abu Nuwasyň döredijiliginiň gymmaty her bir şahyryň döredijiligine däp boýunça berilşi ýaly onuň çeperçilik derejesi bilen berk bagly. Şu şähtden onuň eserlerine alymlar ýokary baha berýärler. Şygyrlaryň çeperçiligi hakynda aýdylanda şahyrlaryň Bagdat mekdebiniň uly abraýmdan peýdalanýandygyny belleýärler. Bagdat mekdebi beýleki sähraýy şahyrlaryndan ýokary bolupdyr. Olar obrazlar sistemasyny – düzgünini döretmek boýunça täzelikçiler bolupdyr. Täze stiliň şahyrlary öňden edilen sözlerden, söz öwrümlerinden, däplerinden gaça durupdyrlar. Täzelikçi şahyrlar her bir söze döwür bilen baglanyşdyryp köp manylyk, köp öwüşginlilik beripdirler. Şeşlelikde Abu Nuwas dagy öňki köne surnukdyryjy stilden täze stile geçipdirler. Has dogrysy öz stillerini döredipdirler. Täze stil boýunça dünýäniň gurluşy, durmuş ýaşaýyş baradaky garaýşlaryny, dünýäniň gözelligini täze şahyrana sözde bermäge uly kömek edýär. Abu Nuwasyň döredijilik mirasy ägirt uly. Onuň döreden janyrlary barada aýdylsa ol “meý iç”, söýgi janyrlaryny, satirany örän ussatlyk bilen işlän şahyr. Biz ýokarda onuň diňe ylmy işlerde ady tutlýan meşgur şygyrlaryndan mysallary getirdik. Ol her janra öz döreden dek, bolmanda şol janryň ussady hökmünde orta çykyp ajaýyp nnusgalyk eserleri döredýär. Onuň ussatlygy dünýäni kabul etmeklige, onda–da şahyrana dil bilen kabul etmeklige täzelik girizýär. Oňa täzelikçi şahyr diýen adyň berilmegine hiç kim garşy däl. Muny hemmeler goldaýar. Ýöne ol özünden öň bar bolan, gadymy şahyrlardan galan meşhur goşgulara hem eýeren, öýkenen halatynda oňa täzelik girizýär, täze öwüşgin, täze many – mazmun berýär. Olara aýratyn özboluşlylyk, originallyk berýär. Munuň beýle bolmagyny adamlar onuň tebigy zehini bilen, Hudaý tarapyn berlen ukyp bilen düşündirýärler. Onuň üçin öňden gelýän çeper döredijilikdäki, däpler kanonlar, obrazlar könelen ýa–da ölen däpler. Oňa bu gün eýerip, öňkini oturmaklygyň zerurlygy ýok. Muny Abu Nuwas ýewropaly beýik ýazyjylardan öň duýýar. Öňden gelýan däplerden ýewropa edebiýatyndan ýüz döndürmeklik Abu Nuwasdan köp soňra Bokkaççonyň, Şekspiriň, Serwantesiň döwründe başlanýar. Abu Nuwasyň döredijiligindäki täzeçillik soňra dünýä edebiýatynyň ewolýusiýasyna (ösüşine) täsir edýär, ol Geýnäniň döredijiliginde has aýdyň ýüze çykýar. Bu döredijilik prosesiniň logiki yzygiderliligini Geýnäniň «Atta Grolle», «Germanni» we beýleki goşgularynyň mysalynda yzarlamagynyň müňkindigini alymlar belleýärler. Şeýlelikde rowaýatlarda, legendalarda, efsanalarda aýdylşy ýaly, Abu Nuwas Gündogaryň hem Günbataryň hem beýik söz ussady bolup edebiýat taryhyna girýär. Ony beýik şahsyýet derejesine göterýär. Onuň şygyrlary döwürleriň çarçuwasyny böwsüp, biziň günlerimizde hem öz gymmatyny ýitirenok. Çeşmesi: Крачковский И.Ю. Сасанидская чаша в стихах Абу Нуваси М – Л. – 1956. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |