18:43 Açyk uruşlaryñ gapylary! | |
AÇYK URUŞLARYÑ GAPYLARY!
Publisistika
Häzir Ysraýyl tutuş sebiti partlama iterýär, hasam beteri ony lasyrdap gaýnaýan wulkanyñ agzyna ýerleşdirýär. Dünýäniñ XXI asyra bular ýaly sarsgynlar we barha artýan uruşlar bilen girmegine garaşylmaýardy. Goşunlaryñ düwülýän ýumruklarynyñ ýerine durnuklylygyñ üpjün ediljegi, ykdysady hyzmatdaşlyga, ýokary okuw jaýlarynyñ bütin dünýäniñ ýaşlaryna gujagyny açmaga üns berjegi çaklanylýardy. Bularyñ tersine, täze ýüzýyllyk gazaply şemalda galgaýan ýaprak ýaly galgamaga başlady. Uruş Ýewropanyñ gapysy bilen bir hatarda bütin dünýäniñ gapylaryny kakýar! Häzir adyna Taýwan diýilýän bir problema, has dogrusy, konflikt bar we onuñ çözgüdi tapylanok. Islendik pursatda partlap biljek ullakan konflikti emele getirýän ýeke-täk problema diñe şu däl, elbetde. Eýse sebitimiz? Garañky tunellerde däl-de, gündiziñ günortany gözümize dürtülip duran bütin bu zatlaryñ barsy nämäni añladýar?!. Sionist duşmanyñ, hawa, başgasy däl, hut sionist duşmanyñ bütin bu hüjümleri, ähli halkara kada-kanunlary we dowam edip gelýän düzgünleri depgilemegi nämäni añladýar? Bärde bizi has beter jowrandyrýan zat bütin dünýäniñ sionist duşmanyñ edýänlerine tomaşa edip oñmagy we munuñ bilen ylalaşmaýandygyny aýtmazlygy. Bütin bu bolup geçýänler we "duşman" sionistleriñ şular ýaly halkara sessizlikde we etmişe şärikdeşlikde şeýtmeleri nämäni añladýar? Araplar we musulmanlar üçin "Mesjidi-Aksanyñ" möhüm yslamy mukaddesliklerinden biridigini bilmeýän ýok. Munuñ bilen birlikde eden-etdilik şeýle bir derejä ýetdi welin, ekstremistik jöhit toparlary Ierusalimiñ "Köne şäher" raýonynda bildiriş asyp, "Mesjidi Aksanyñ" golaýynda ýaşaýan jöhitleri gurbanlyk mallaryny saklasalar, aýratyn pul tölenjekdigini aýtdylar. Tarapdarlaryny milli jöhit baýramy bolan Pesah baýramynyñ öñüsyrasynda "Mesjidi-Aksanyñ" gapysynyñ öñünde üýşmäge we gurbanlyk mallaryny öldürmäge çagyrdylar. Yzyndan çaknyşygyñ we eden-etdiligiñ dozasyny hasam artdyrmak üçin 15 sany yñdarma jöhit hahamy Ysraýylyñ premýer-ministrine ýüzlenme ýazyp, gurbanlyk mallaryñ "Aksa" metjidiniñ içinde öldürmäge rugsat sorady. Has soñra "Mesjidi-Aksanyñ" içinde gurbanlyk malyny öldürmäge het edenlere pul sylaglarynyñ beriljekdigi mälim edildi. Munuñ görnetin ýumruk çenemedigine, hakyky ýüzleşmedigine şek-şübhe bolup bilmez. Bärdäki iñ uly ýumruk çeneme sözde "ybadathana toparlarynyñ" we "Ybadathana depesine gaýdyp barma" hereketiniñ jöhitleriñ Pesah baýramynda "Mesjidi-Aksada" "gurbanlyk" edip biljeklere ep-esli mukdarda baýrak goýmagydyr. Bärde we şu meselede iñ howply ýagdaý Ysraýylyñ "Mesjidi-Aksany" dawaly ýagdaýa getirjek bolup jan etmegidir. Hatda şu mesele indi aýdylşy ýaly, "süñk döwýän" meselä öwrüldi. Umuman alanda musulmanlar we araplar üçin şu mesele gönüden-göni we hakykatdanam süñk döwýän mesele. Ysraýyllylaryñ ýeke-täk isleýän zady "Mesjidi-Aksany" dawaly ýagdaýa getirmek. Beýtmek hiç bir ýagdaýda mümkin däl, çünki Ierusalim taryhyñ dürli döwürlerinde musulman we hristian doganlar üçin arap jöwheri bolmagynda galdy. Munuñ özi wagta garamazdan ahmallyga salynjak mesele däl! Ysraýyly gutulgusyz ýok bolşa alyp barýan fanatik sionist hökümetiñ "Aksa" metjidine garşy gönükdirýän gündelik hüjümleri we edepsizlikleri "Mesjidi-Aksada" nobatçylyk edýänlere we ybadat etmäge gelenlere garşy gönükdirilen ýigrenji agressiýasy ýanyp duran oduñ üstüne benzin sepeleýär. Agzalýan ýerleşme düwnügine garşy edilýän bu göreş hemme zady ýer bilen ýegsan edip taşlajak dini urşa öwrülmegi ahmal. Munuñ hiç kimsäniñ we Ysraýylyñ musulmanlaryñ iñ mukaddes ýerlerinden birine garşy edýän etmişlerini barmagyny gymyldatman synlap duran dünýäniñ bähbidine däldigi görnüp duran zat. Häzir Ysraýyl tutuş sebiti partlama iterýär, hasam beteri ony lasyrdap gaýnaýan wulkanyñ agzyna ýerleşdirýär. Köçeleri bulaşdyrýan we şeýle ynjyk emele gelmäniñ asudalygyny howp astyna salýan içerki bölünişiklerden, gazaply çaknyşyklardan we agzalalyklardan birinji nobatda özüniñem ejir çekýändigine garamazdan, hem Kuddusy-Şerifde (Mukaddes Ierusalimde), hem Günbatar Şeriada dartgynlylygy güýçlendirmekden çekinenok. Jöhit ýaşaýyş massiwlerini giñeldýär, öldürýär, hüjüm edýär, çozýar, öýlere dökülýär, ýerleri zor bilen adamlaryñ ellerinden alýar, Netanýahu hökümetiniñ içinde sözi geçginli fanatikleriñ (yñdarmalaryñ), täze göçüp gelýän jöhitleriñ we zannyýaman sagçylaryñ isleglerini ýerine ýetirmek üçin ýol arçaýar. Hasam beteri, sagda-çepde, günbataryndaky Gazze sektorynda, şeýle-de demirgazygyndaky Liwanda front açma we uruş turuzma haýbatlaryny atýar. Eýranyñ temegine kakmaga niýetlenendigi hakda hem zol haýbat atýar. Şeýdibem dowzah çukury doly tegelenip gutarmaly we sebit uruş ýalnynyñ, weýrançylygyñ icinde ýanyp kül bolmaly. Häzir Ukrainada dowam edýän ýykgynçylykly uruş we özüni Hytaýyñ çetde durup bilmejek üçünji jahan urşunyñ derejesine çykarma howpy dünýä üçin az bolýan ýaly dünýädäki şumlugyñ baş oýunçysydygy aýdylýan Ysraýyl gelýär-de agzyny köpürjikledip hiç kime gün berenok. Ol sebiti ýakmak, uruş oduny güýçlendirmek we ýykgynçylyk howpuny abandyrýar. Salih KALLAB, Iordaniýaly žurnalist, Iordaniýanyñ öñki döwlet we medeniýet ministri. Anna, 14.04.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |