20:41

Agaç çapmañ, ýakmañ!

Haýwanat dünýäsi
Категория: Haýwanat dünýäsi | Просмотров: 276 | Добавил: Gökböri | Теги: Osman Nury Topbaş | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Haýwanat dünýäsi bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Babyşgalaly1628  
1559
Яндакмы, гамышмы, сыркынмы гараз бизин иллердаки гонамчылыкларын ичиндаки шу осумликлери хер йыл чапып айрып дурмасан, ичинда азашдыржагам. Хернэ, йылда бир гезек Ятлама гунунде копчулик болуп арассаланып дурулшам согап ишмика диййэн мен-э.

0
2 Gurgencli  
324
Buthanalardan çykman özüni ybadata bagyş eden kişilere gabat gelseňiz, olary ybadatlary bilen ikiçäk goýuň

Nähili ägirt adamlar, gaýry dinleriňem dinine, ybadatyna jyhat edenlerinde hem hormat goýmagy tabşyrýar. Megerem sahabalar şonuň üçin ýyldyza deňelendir.

0
3 kungfuu  
1292
Sen ony aýdýaň...
Hytaýda özüne kast etjek bolýan adamy ölümden halas etseň, seni jenaýat jogaplärçiligine çekýäler. Näme üçin — sen biriniň şahsy durmuşyna goşulanyň üçin.

0
4 Haweran  
411
"Gonamçylyk. Bu ýeriň ýalaňaçlygy, tukatlygy tomsuň jöwzasyna ýanyp ýatan türkmen sährasyny ýatladýar. Käýerde birki düýp gandym görünýär diýäýmeseň, başga saýalara daragt ýok. Ýiten mazarlaryň suduryny saýgarsa bolýar. Zeýiň, şoruň zoruna sagdynlygyny ýitiren topragyň ýüzi kesmekläpdir, sähelçe agrama owranyp, bedeninde aýak yzlaryňy galdyrýar. Sarygarynja iri çöpleriň düýbüni, şahalaryny suwap çykypdyr. Mör-möjekleriň ululy-kiçili hini gorpa düşmegiň ähtimaldygyny duýdurýan alamat bolup görünýär. Bu ýere idili ot hem bitmändir, bitenjeleri-de sary-samana öwrülipdir, tikenlerini, ýapyşak baldaklaryny geýimiňe bolluk bilen ýelmeýär".

* * *

"...ekilen agaçlar gurapdyr. Eger ýalňyşmaýan bolsam, bu daragtlar obadaşlarymyň mazarystanlyga eken ilkinji agaçlary bolsa gerek. Haýp, ol dowamsyz galdy. Beýle bir aladalaryň köne ýola gabat gelmeýändigi hakynda haýsydyr bir bisowat mollasumagyň aýdýanyny ylymly-bilimli, dünýäden habarly türkmenlerem diňläp, baş atyp oturandyr. Gonamçylyga agaç ekmek diniň ýoluna gelişmez diýilse-de, hä diýer oturar. Ylymlynyň erksizligini, musulmançylygyň düýp ýolundan bihabar nadaranyň öňünde kiçelip oturyşyny gören adamlarda mollanyň ylmy güýçli ekeni diýen pikir döreýär. Şeýdibem ylymlylyk diýen düşünjä, ölçege bulaşyklyk aralaşýar".

* * *

"...Çägesöw topraga duwlanan merhumlaryň üstündeki tümmekler ýeliň-ýagyşyň, mör-möjegiň hemaýaty bilen tekizlenip ýiter gider. Ýatan bendeleriň adyny göterip ýörenler gapdaldaky obalarda ýaşap ýörler. Heý, mazarystanlygyň golaýyndan geçenlerinde olar özlerine ady berlen adamlaryň şu ýerde ýatandyklaryny ýatlaýarlarmyka? Ýatlaýan bolsalar, wagtal-wagtal zyýarata geläýjek ýalylar. Gelenoklar..."
Tirkiş Jumageldiýew / Hakyda-Zyýarat.


* * *

Gurbannazar şahyryñ üstüne birki ýyllykda biri akasiýa agajyny ekipdir. Şony guratmajak bolup şunça jan etsemem, bu ýylyñ tomsy gazap geldi. Özüm biagyrylyk edip soñky ýarym ýyllykda barybam bilmedim. Her dynç güni baryp, bäş litrlik gapda suw guýlan bolsa, guramazdam. Ýogsa öýe-de ýakyn, iki ädimlik ýer.
Arada aýlanyp gördüm welin, gurap çöp bolup ýatan eken... Haýp!
Özümi şeýle bir günäli duýdum, söz bilen beýan edip bilemok...

* * *

Şäheriñ içindäki gonamçylyklaryñ daşyna öý boýundanam belent haýatlary aýlap, hiç haçan ölmejek ýaly ýaşaýarys. Gaýtam olary geçende-gelende gözümiz düşüp, añrymyzy ýatlap durar ýaly içi görnüp duran gözenekli germawlar bilen çalşyrmaly. Gonamçylyklar biziñ ata-babalarymyz, geçmiş taryhymyz, geljegimiz-ahyrsoñy barjak ýerimiz.
Olaryñ häzirki gözgyny ýagdaýyna seredende özümiziñ nähili biagyry milletdigimizi bilip bolýar. Gonamçylyklara eýe çykmaly. Ýakynlarymyzyñ üstüne agaç ekmeli... Muny ýatdan çykarmañ.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]