00:33 Ahyrsoñy ýekeje günäsi bolan Melaniýa Trampy sulhum aldy | |
AHYRSOÑY ÝEKEJE GÜNÄSI BOLAN MELANIÝA TRAMPY SULHUM ALDY
Publisistika
Jemgyýetçilikdäki sowuk suratlandyrylyşyndan has daşda bolan öñki baş leýdi ýatlama kitabynda otlukly we tutanýerli biri hökmünde orta çykýar. Eger äri prezident saýlawlarynda üstün çyksa, onuñ bu ýerlerde galjagyny çak edip bileris... Melaniýa Tramp "dünýäniñ öten-geçen iñ ýigrenji, ugursyz, howply mahluklarynyñ biri bilen ýaşaşýar" (AP) Biçäre Melaniýa Tramp (gyz familiýasy Knaws). Mundan çärýek asyr töweregi öñ Donald Tramp bilen tanşyp başlanda, ahyrsoñunda tüçjar baý, ynamsyzlyklarynyñ ýerini öte geçmeler bilen doldurmaga meýilli, öwgüli sözlerden hoşal bolýan, gopbamsy, mal-mülk toplamakdan doýmaýan birine äre çykjakdygyny bilen bolmaly. Ýöne onuñ soñ bir gün ABŞ-nyñ birinji leýdisi boljagy welin ýatsa-tursa hyýalyna-da gelen däldir. Nämüçindir, diñe "şol adama" durmuşa çykandygy üçin dünýäniñ aglaba bölegi tarapyndan halanmaýar. Köne fotomodel hökmünde (Tramp bilen 1998-nji ýylda Nýu-Ýorkuñ Moda hepdesi çäresinde tanşypdy) aýratyn üns berilmäge öwrenşipdir. Emma her ýüz mimikasynyñ we el hereketiniñ wideolarda haýalladylyp we doñdurylyp derñelmegi, sosial mediýa mimlerine öwrülmegi, ärine garşy ulanylmagy bu boýunça gyzyklanýan adamlara ýaramly bolup bilmez. Megerem Hillari Klintondan başga hiç bir birinji leýdi şahsy durmuşyna bular ýaly el urukmagyna sezewar bolan däl bolsa gerek. Duýgudaşlyk bildirmänem bolmaýar. Melaniýanyñ şindizem gözleriñ alnynda bolmagy şahsy haklylyk paýyny göterýär. Täze çap edilen "Melaniýa" atly kitaby onuñ kämahal görkezilişinden başgarak özboluşly zenandygyny ýüze çykarýar. Hakykatdanam özüne çekiji, gyzgyn mähirli adam hökmünde garşymyza çykýar, bulam onuñ sowuk, pişiklere meñzeş hereketlerine çapraz gelýär. Migrant çagajyk tussaglaryñ saklanýan ýerine aýlananda arkasynda "Hakykatdanam maña bildirenok, saña bildirýärmi?" şygarynyñ ýazylandygyny kurtka geýen wagtynyñ tersine, belki-de, hemme zada garamazdan bildirýändir. Äriniñ hemişe oñşukly gezmedik hakykaty bir ýana, onuñ meşgullanmaly birgiden işi bar. Soñky igenmeler 2022-nji ýylda aradan çykan korolewa Ýelizawetadan ötri öwrenişilen görnüşde gödek we oýlanyşyksyz Boris Jonson ýa-da öñki premýer-ministr aýtmyşlaýyn "Britan Trampy" tarapyndan gelipdi. Jonson soñky iriziji we masgaraçylykly gürrüñinde korolewanyñ prezident Trampyñ aýaly Melaniýa hilen "eýdip-beýdip düşünişmeli boljakdygyna" ynanýandygyny öñe sürýär, "ýogsam bolmasa onuñ bilen nämüçin ýaşaşsyn?". Megerem bular ýaly pikirler hiç kimiñ kellesinden birinji gezek geçmeýän bolmaly. Ýöne ol wajyp däl: Melaniýa teraktdan soñ paýlaşan wideosynda-da görşümiz ýaly ýanýoldaşynyñ ýanyndan aýrylman durýar we öz adyndan gürleýär. Ol dünýäniñ öten-geçen iñ ýigrenji, ugursyz, howply mahluklarynyñ biri bilen ýaşaşýan bolmagy mümkin. Onda-da nähili: birmahal gözenegiñ añyrsyna dykylmaly adam bilen. Ýöne ol şonuñ mahlugy we şoña-da wepaly bolup galýar. Her bir ene ýaly olam çagasynyñ arkasynda durýar. Ýatlamalarynda ýekeje perzendi Barrony otizmli bolandygy baradaky hapa gep-gybatlara garşy nähili goramaly bolandygyny we munuñ netijesinde orta çykan mekdep diýdimzorlugyna garşy götde gelmäge nähili ýardam edendigini gürrüñ berýär. Munuñ özi diýseñ geñ galdyrýar. Bigünä çaganyñ diñe kakasynyñ edýän bolgusyzlyklary sebäpli ömrüniñ nädip ýeke gezekde kül bolýandygyny görüp bolýar. "Melaniýany" okap bolandan soñ okyjy onuñ Trampa ses berip-bermejegini-de pikir etse gerek. Ol syýasata ýakyn biri däl. Ýöne äriniñ (häzirki) bolşy bilen doly terslik döredip biljek görnüşde aç-açan abort etdirmegiñ tarapdary we häziriñ MAGA agramly Respublikan partiýasyndaky fundamental dinçi meýiller bilen köp möçberde çapraz gelýär. Melaniýa hamana Kamala Harrisiñ mitinginde gürleýän ýaly şeýle diýýär: "Aýalyñ öz teni bilen näme etjegini kesgitleme ygtyýarlygy nämüçin aýalyñ özünden başga birine degişli bolmaly? Bir aýalyñ öz durmuşy boýunça şahsy azatlygy, hak-hukuklary oña eger islese göwreliligini soñlandyrma ygtyýarlylygyny hem berýär". Belki-de, ikinji Tramp döwrüniñ betbagtçylygy dünýäniñ üstüne çökse, ugursyz, agzy hapa, öçli ärine belli bir derejede siwilizleşdiriji täsirini ýetirip biler. Elimizdäki ýeke-täk zat şol bolup biler. Şonuñ üçin Donald bilen ylalaşygy nähili bolanda-da, bärlerde galmagyny umyt etmelidiris. Şon O'GREÝDI / @_SeanOGrady Penşenbe, 10.10.2024 ý. independent.co.uk/voices | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |