20:23 Arap syýasy gatlagynyñ syýasy edebiýat öndürmekdäki boşlañlygy | |
ARAP SYÝASY GATLAGYNYÑ SYÝASY EDEBIÝAT ÖNDÜRMEKDÄKI BOŞLAÑLYGY
Publisistika
Arap we Magryp dünýäsi sözüñ doly manysynda syýasy memuar edebiýatynyñ arenasyna öwrülene meñzeýär Ýazuw syýa bilen ýazylan tatiurowkadyr, gorky we eýmenji duýgulary oýandyrýan täsirdir, öçürip we ýatdan çykaryp bolmaýan ýagdaýdyr. Şol sebäpden Arap we Magryp syýasatçylary syýasy ýazgylara üns bermeýärler. Kofehanalarda bolýan bolgusyzlyklary, ýygnaklardaky boş gürrüñleri, garry aýallaryñ kinaýasyna meñzeýän söhbetleri ýa-da kör telewizion ekranlardaky horaz uruşlaryny beýan edenlerini gowy görýärler. Arap we Magryp syýasatçylarynyñ gözünde syýasy ýazyjylyk wezipesinden hoşlaşan pensioner syýasatçylaryñ işi. Olar üçin ýazmak garrylara güýmenje, işsiz pensionere pampyza satmak ýaly bir zat. Bizde eger bir syýasatçy ýazuw-pozuwa başlan bolsa, muny gynanjyny, gözýaşyny, ýigrenjini, saýrylaşdyrmalaryny sereşläp, bize özüniñ öli ýaly ýaşaýandygyny ýa-da ýaşap ýören ölüdigini ýatlatmak üçin edýär. Beýleki syýasy atmosferalaryñ astynda syýasy gatlak bilen ýazuwyñ arasynda syýasy bolan bilen ýazuw-pozuwyñ arasynda organiki baglanyşyk bar. Jemgyýet prezident, parlament ýa-da ýerli saýlawlar ýaly syýasy çäre alkymlap gelen badyna syýasatçylar belli ideologiki, syýasy, ykdysady, ekologiki meseleleri analiz etmek, pikiriñi aýtmak ýa-da öñe sürmek üçin ellerine galam alýarlar. Her kim özüçe bolýan zatlara baha berýär. Ösen jemgyýetlerde syýasatçynyñ sesini eşitdirip we pozisiýasyna hormat goýduryp bilmegi üçin teleýaýlymlarda, radioýaýlymlarda, gazet sahypalarynda ýa-da dürli sosial mediýa platformalarynda bolmagy ýeterlik däl. Gaýtam tersine, kitaplaryñ raýatlaryñ üstünde özboluşly özüneçekijiligi we jadysy bolanlygyndan tejribesini ýazma derejesi bilen has öñe äkitmeli bolýar. Töweregimizdäki dünýä eýesinden we ulanyjysyndan has akylly telefinyñ ekranyna bakna ýagdaýa gelenem bolsa, Ýewropada we ABŞ-da syýasatçylar möhüm saýlaw bäsleşiginiñ wagty gelende ýa-da syýasy, ykdysady, saglygy goraýyş ýa-da demografik krizisiñ ýüze çykan ýagdaýynda kitaplary, müñlerçe kitaplary çap etdirmekden gijä galmaýarlar. Kitap öz içine alýan we eýelik edýän jadysy bilen şindizem klassyky we häzirkizaman serişdesi bolmagynda galýar. Syýasatçylaryñ töwereginde bolup-geçýänler barada dogry ýerde, dogry wagtda, dogry dilde pikirlerini beýan etmek we netijelerini öñe sürmek üçin ýüzlenýän serişdeleri bolmagynda galýar. Kitap syýasy taýdan iñ täsirli gural bolmagyny dowam etdirýär. Bütin saýlaw çäreleriniñ wagty we uly syýasy, ykdysady, saglygy goraýyş, medeni krizisler bilen birlikde syýasy edebiýat okama we satuw statistikalarynda ýokary hilli syçramalara şaýat bolunýar. Ýewropadaky we ABŞ-daky neşirýatlar millionlarça okyja ýeten başga edebi žanr bilen baýlaşýar. Munuñ üsti bilen edilen jedeller arkaly hakyky taryhy aratapawut üýtgeşmesine mümkinçilik berilýär. Bu şol bir wagtyñ özünde başga hili kitaplaryñ, ýagny roman, hekaýa, pýesa, şygyr ýaly edebi žanrlaryñ okalmagyna, kinoteatrlara, teatrlara, opera-balet teatrlaryna gidilmegine oñyn täsirini ýetirýär. Döwlet ýolbaşçylary, patyşalar, hökümet başlyklary, ministrler, tejribeli diplomatlar, partiýa başlyklary, ýokary wezipeli syýasatçylar möhüm ähmiýetli saýlawlary, uruşlary ýa-da sebitleýin, ýerli ýa-da halkara çaknyşyklary syýasy, sosial, strategiki çekişmeleri başlatmak üçin amatly pursat hökmünde görýärler. Ýönekeý raýatlaryñ töwereginde bolup geçýänler we özlerini ýakyn, orta, daş ertirlerde nämeleriñ garaşýandygy baradaky howatyrlaryny ýazýan, dürli pikirleri öz içine alýam kitaplary çap edip, muña goşant goşýarlar. Arap dünýäsi we Demirgazyk Afrika barada aýdanda bolsa, syýasy gatlak (eger hakykatdanam syýasy gatlak bar bolsa), dowamly gyş ukusynda ýaşaýar. Diñe saýlawlar üçin soñky jañ kakylanda oýanýar we hiç kimiñ seretmedän teleýaýlymlaryna, hiç kimiñ diñlemeýän radiogepleşiklerine, okyjysy ýok käbir gazetleriñ ýa-da şolardanam yza galýanlaryñ sahypalaryna tarap ýelk ýasaýar. Saýlaw oýny gutarýança we täze saýlawyñ geçiriljek wagtyna garaşyp, ýene dowamly gyş ukusyna gaýdyp gelýänçä sagatlap, günläp sakyrdaýar! Arap we Magryp dünýäsi sözüñ doly manysynda syýasy memuar edebiýatynyñ arenasyna öwrülene meñzeýär. Jemgyýet syýasy edebiýatda ýeke-täk alternatiwa hökmünde ýatlama kitaplaryna gark boldy. Syýasatçylarymyz indi dolandyryş jogapkärçiligi perronyny sypdyrandyklaryny we ýokary derejeli jogapkärçilikleri boýnuna alma mümkinçilikleriniñ geçip gidendigini duýan wagtlary žurnalistleriñ birini ýa-da özlerine "gul žurnalist" ("Le nègre") diýilýänlerden birini çagyryp, diktowka eden syýasy ýatlamalaryny tertipleşdirme wezipesini berýär. Ýatlamalar köplenç syýasy we intellektual samramalardan, ne ynanyp boljak, ne-de ýalana çykaryp boljak pöwhe gahrymançylyklardan doly. Bular umuman alanda düýn dogan saýylanlaryñ ne öldüriji, ne-de dogry-dürs bolmadyk dost ody bilen urulan Don Kihodyñka meñzeş söweşlerden ybarat. Täze Arap we Magryp syýasy gatlagy barada aýdanda bolsa, ýokary okuw jaýlarynyñ uçurymlaryndan we ýokary wezipeli professionallardan düzülenem bolsa, hiç kim häzirki ýagdaýyñ analizini etmäge bogny ysmaýar. Syýasy gatlagyñ gözi diñe geçmişi görýändigi üçin kitap ýazýanlar bilen geçmiş taryhy tapgyrlara çümenini gowy görýär. Häzirki wagt olary gorkuzýar, çünki olaram belli bir derejede häzirki wagtyñ krizislerine dahylly adamlar. Mysal üçin, Alžir beýik, buýsançly, dana, terbiýeli syýasy şahsyýetleri ýetişdirdi. Azatlyk rewolýusiýasynfan prezident Abdyleziz Buteflikanyñ häkimiýet başyna gelen döwründe we şol ikiarada bolup geçen ganly gara on ýyl döwrüne uzaýan ýetmiş ýyla golaý döwürde alžir taryhynda möhüm ähmiýetli wakalar bilen doly syýasy durmuşyny ýaşan beýik azatlyk göreşijisi Abdylhamyt Mehri şol şahsyýetlerden biridi. Mehri yzynda ýeke ýazuw çeşmesini galdyrmady. Ömrüniñ ahyryna çenli täze syýasy gatlaga gollanma bolup biljek ýeke kitap ýazmady. Ýaşlar we sport ministri bolup işlän wagtyndan prezident bolýança geçiren ýigrimi ýylynda, daşary işler ministrliginden ýarym asyrdan gowrak wagtlap ýolbaşçy wezipelerde işlän öñki prezident Abdyleziz Buteflika-da Mehri ýaly ömründe ýeke bap ýazmady. Emma ellinji ýyllaryñ syýasy gatlagyndan bolan, taryhy ýazmaga gatnaşan, analizlerini we pikirlerini okyjysynyñ dykgatyna ýetirip bilen käbir syýasy şahslaryñ sanap bileris. Bularyñ arasynda ýoldaş Ahmet Talip el-Ibrahimi, Mustafa Eşref we beýlekiler bar. Deñagramly we açyk jemgyýetler ideologiki ugurlary nähili bolanda-da syýasy edebiýata mätäçlik duýýarlar. Bu edebiýat oñlamak ýa-da ret etmek ýoly bilen raýatyñ syýasy kemala gelmesine ýoldaşlyk edýär. Derejesi nähili bolanda-da, bu syýasy, ideologiki we partizan edebiýaty arkaly raýat döwletiniñ gurulmagyna gatnaşan raýatyñ öz garaşsyz, syýasy, sosial, medeni, we şahsy aýratynlyk nukdaýnazaryny kämilleşdirmegine ýardam edýär. Emin ZAWI. Anna, 07.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |