13:35 Aýdos fatihi: Abdyrahman Gazy Türkmen | |
AÝDOS FATIHI
Taryhy şahslar
▶ ABDYRAHMAN GAZY TÜRKMEN Türkmen taryhynyñ iñ şanly sahypalaryny beýan edýän "Direliş. Ärtogrul" we "Gurulyş. Osman" teleseriallarynda belli türk aktýory Jelal Al tarapyndan janlandyrylýan Abdyrahman Alpyñ obrazy köplere tanyş bolsa gerek. Abdyrahman Alp taryhda ýaşap geçen we bütin ömrüni Ärtogrul Gazynyñ, Osman Gazynyñ, Orhan Gazynyñ, galyberse-de, Osmanly türkmen döwletiniñ hyzmatynda geçiren beýik türkmen begzalarynyñ biridir. Onuñ ýaşan gahrymançylykly ömri, ýadawsyz göreşleri bugünki gün ýaş nesillere göreldedir. 1326-njy ýylda Bursa we onuñ etek raýonlary türkmenler tarapyndan eýelenýär. Orhan Gazy geçiren ýygnanşygynda ýagdaý barada durup geçirip, sözüni wizantiýalylara garşy alnyp barylýan urşa syrykdyrýar: - Bursany we onuñ töwereklerini eýelemek bilen wizantiýa kaýsarynyñ Rum ülkesine uzanan gollaryndan birini gopardyk. Sakarýa jülgesi we Nikometiýa-Iznik şäherleri hüjümimize uçranda beýleki goluny-da goparjagynyza ynanýarys. Bu etraplarda berk goragly galalar bardyr öýdemok. Bolaýanda-da her öñýetene gala almak başartmaz. Gazylarymyzyñ gaýduwsyzlygynyñ, şejagatyñ, gahrymançylygynyñ öñünde galalar ýekän-ýekän buz deýin erär, ýakyn wagtda bu ýurtlar biziñki bolar! Göreliñ, hany, kimler galalary eýeläp yslam dinini ýaýmak üçin jan aýaman göreşerkä? Bu sözleri diñläp duran aznawur ýaly Abdyrahman diýen türkmen ýigidi: — Soltanym, bir çemçe ganymy geç… Bäş ýyllap hyzmatyñda gezip ýörün, mundan hoşal däldir öýtmäñ welin, her gezek jeñden dolanyp geleniñizde ýoldaşlarymyñ nazarynyñ öñünde utanyp ýere giräýjek bolýaryn. Hyzmatyñyza başga bir guluñyzy alyp, men guly-da jeñ meýdanyna äkidäýseñiz. Şeýdip menem hak ýolunda jeñe girip, Kelimetullany ýaýma myradyna gowuşsam - diýipdir. Ynha, şol Abdyrahman Alp hem Aýdosyñ eýelenmeginde görlüp-eşdilmedik gahrymançylyklary görkezipdir we Aýdos tekfurynyñ gyzyna öýlenipdir. Orhan Gazynyñ egindeşleri demirgazykda Garadeñiz, günortada Izmit aýlagy, günbatarda Stambul bogazy bilen gurşalan ýarym ada çaltlyk bilen giripdirler. Akja goja, Konur Alp ww Abdyrahman Gazynyñ alplary ýyldyrym çaltlygynda hereket edipdirler. Goñur Alp Akýazydyr Sakarýanyñ iki tarapyndaky galalary rumlylaryñ elinden alypdyr. Akja goja bolsa Ermenibazary, Aýan kölüni (Sapanja), Kandyra galalaryny eýeleýär. Olar has soñra güýçlerini birikdirip Samandyrany eýeleýärler. Bularyñ gahrymançylygy türkmen goşunlarynyñ öñüni açýar. 1326-njy ýylda Akja gojanyñ eýelän ýerlerine onuñ hormatyna Gojaili (häzirki Kojaeli) diýip at berilýär. Sakarýanyñ demirgazyk-gündogaryndaky etraba bolsa Konur Alpyñ hormatyna Konrapa diýilýär. Aýdos galasy Aýdos dagynyñ gündogar tarapynda bina edilen gala bolup, ol gala Abdyrahman Gazy bilen Konur Alpyñ birleşen güýçleri tarapyndan ele geçirilýär. Abdyrahman Gazy diýlende adamlaryñ aklyna Aýdos galasy gelýär. Aýdos galasy diýlende-de, Abdyrahman Gazy ýada düşýär... Abdyrahman Gazy Izmitiñ eýelenmeginde-de uly işleri bitiripdir. Ol Samandyra tekfurynyñ fidýesini bahanalap Izmite gidipdir. Galany we daş-töweregini doly öwrenen Abdyrahman Gazy gelşine Orhan Gaza hasabat beripdir. Patyşa hem ony goşunyñ başyny çekýän otrýada serkerde edip belleýär. Jeñden jeñden ylgan Abdyrahman Gazynyñ ýolbaşçylygyndaky merdana türkmen mujahitleriniñ gujur-gaýraty we mizemez imany saýasynda gäwüriñ iñ uly galalarynyñ biri bolan Izmit hem doly eýelenipdir. Galada buthana jañynyñ ýerine azan sesi ýañlanyp başlaýar. Ömrüni söweş meýdanlarynda yslamyýete hyzmat edip geçiren Abdyrahman Gazy 1329-njy ýylda aradan çykypdyr. Gahryman türkmen alplarynyñ ruhlary şat bolsun!.. ■ Peýdalanylan çeşme: [1] Ryza Tekin Ugurel, "Aýdos fatihi", https://www.dertlidolap.com/aydos-fatihi/ [2] Wehbi Tüfek "1001 osmanly hekaýaty", https://e-tarih.org/makaleler.php?sayfa=makaledetay&makaleno=4687 vehbi.tulek@tg.com.tr | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |