21:22 Beýik Allanyñ öñünde ynsanlyk borçlarymyz | |
BEÝIK ALLANYÑ ÖÑÜNDE YNSANLYK BORÇLARYMYZ
Pedagogika we edep-terbiýe
Durmuş akymy dowam edip dur. Parahat Zeminiñ üstünde ýaşaýyş dowam edýär. Her kim öz işi, öz aladasy bilen başagay. Häzırki ösen tehnologiýanyň zamanasynda wagt diýseň çalt geçýär. Ynsanlar hem wagtdan yza galmajak bolup ber-başagaý. Şu ýetişiksizligiň we başagaýlygyň netijesinde biz ynsanlar öz edäýmelı, ýerine yetiräýmeli ynsanlyk borçlarymyzy hem unudaýýarys. Ilçilikde öz durmuşy sebäpli ynsanlygyndan we ýetişiksizligi sebäpli wagtdan zeýrenýän ynsanlara-da duş gelmek bolýar. Meniň dumuş barada esasy iki pelsepäm bar: Birinjisi: Oýlanyp otursak, şu owadan dünýäde ýaşamakdan, onda-da ynsan bolup ýaşamakdan uly bagt ýokdur. Mele topragyň üstünde, mawy asmanyň astynda bolýan ýagşy işler, bize yhsan edilen nazu-nygmatlar üçin Beýik Alla şükür edýärsiň. Allatagala özüniň iň ýagsy rehmet nurlaryny öz gullaryna bagyş edendir. Parahat Zemin üstündäki ýaradylan ähli oňatlyklar ynsan üçindir. Galan zat özümize bagly. Esasy ruhdan düşman, ýagşy niýet-päller bilen hereket etmelidir. Ata-babalarymyz kalby açygyň ýoly açyk diýipdirler. Biz ynsan bolup doglanymyz üçin Beýik Allatagala şükür edip, durmuşymyzy ýagşy amallarymyz bilen bezemelidiris. Ikinjisi: Biz ynsanlar saba-säher turýarys. Günüñ dowamynda etmeli işlerimizi meýilleşdirýäris. Biziň ýagsy işlerimiz üçin, ýollarymyz üçin öz nuruny gysganman saçyp. ýylgyryp dogan Gün bize ak ýol arzuw edip dur. Emma biz oña seredip, Beýik Allanyň, gudraty bilen, ýene-de bir güni bagyş edendigi hakynda pikirlenip, nurana Güni ýüzümize sylyp, Beýik Alla şükür etmegi unudýarys. Biz hatda Günüň öz wagtynda dogup-ýaşyp durmagyna hem hökmany bolaýmaly zat hökmünde garaýarys. Kiçiräkkäm eşiden bir rowaýatym henizem ýadymda. Bir gezek Günden: - Sen ynsanlar üçin nurly şöhläňi gysganman saçýarsyň. Emma käwagtlar näme üçin ýüzüňi çytyp, ýüzüňe gara perde çekýärsiň? diýip sorapdyrlar. Şonda Gün olara: - Men adamlaryň şatlygyna şatlanyp, edýän ýagşy işlerine ýaz ýaly açylyp, nurly şöhlämi saçýaryn. Emma olar bir-birini sylaman şeýtan ýoluna düşüp, başagaý bolşup, özleriniň ynsanlyk borçlaryny unudanlarynda, men gamlanyp ýüzüme gara perde çekýärin - diýip jogap beripdir. Ýaşamak diýmek, berlen ömri diñe keýpi-sapada, şatlyk- şagalanda geçirmek diýildigi däldir. Berlen ömrüň, ýagşy işleriň gadyryny bilip ýaşalyň. Biziň hem Allanyň öňünde ynsanlyk borçlarymyz bardyr. Ýagny, irden turup, Güni ýüzümize sylyp, Beýik Allatagala sag-aman örenligimiz üçin, parahat-asuda durmuşymyz üçin, ilimiziň agyzybirligi, ýurdumyzyň abadanlygy, döwlet baştutanymyzyň jan saglygy üçin dileg-doga etmelidiris. Özümizden ýaşy kiçilere, ösüp gelýän nesillere günä-sogaby, ýagşy-ýamany bir-birinden tapawutlandyrmagy öwretmelidiris. Nury ALTYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |