10:23 Bir bakyşda Orsyýetiñ nukdaýnazaryndan Türkiýedäki saýlawlar we netijeleri | |
BIR BAKYŞDA ORSYÝETIÑ NUKDAÝNAZARYNDAN TÜRKIÝEDÄKI SAÝLAWLAR WE NETIJELERI
Publisistika
Ors habar beriş serişdeleri we ylmy jemgyýetçiligi Türkiýedäki saýlawlar bilen ýakyndan gyzyklandy. Türkiýe 2023-nji ýylyñ 14-nji maýynda prezident saýlawlaryny geçirdi. Emma kandidatlardan hiç biri 50%-e ýetip bilmändigi üçin saýlaw ikinji tapgyra gakdy. Bu proses ýurduñ içinde-de, halkara arenada-da ýakyndan yzarlandy. Prezident saýlawlarynda Kemal Kylyçdaroglunyñ üstün çykma, Rejep Taýýip Erdoganyñ ýeñilme ähtimallyklarynyñ üstünde pikir alşyldy. Ýewropa we amerikan habar beriş serişdelerinde orta atylanlar türk jemgyýetçiliginiñem dykgatyna ýetirildi. Saýlaw döwründe öñe çykan we içerki-daşarky jemgyýetçilikde jedelleşilen meseleleriñ başyny Kylyçdaroglynyñ Orsyýete garşy gönükdiren sözleri boldy. "Gadyrly ors dostlarymyz, düýn ýurdumyzda orta atylan montažlaryñ, pyrryldaklaryñ, dipfeýk bloglaryñ, kassetalaryñ añyrsynda siziñ bardygyñyzy bilýäris. Eger 15-nji maýdan soñ dostlugymyzyñ dowam etmegini isleýän bolsañyz, eliñizi türk döwletinden çekiñ. Biz henizem hyzmatdaşlygyñ we dostlugyñ tarapdary. — Kemal Kylyçdarogly. (@kilicdarogluk) Maý 11, 2023." Bu aýyplamalar bilen ors habar serişdeleri we ylmy jemgyýetçiligi ýakyndan gyzyklandy. Bu ýazgyda ors jemgyýetçiliginiñ, aýratynam Kylyçdaroglynyñ aýyplamalaryna garşy bildiren nägileliginiñ we Erdoganyñ ýeñiş gazanmagynyñ yzyndan garaşýan tamalarynyñ üstünde durup geçmäge synanyşdyk. Çünki ors mediýasy: gazetleri, teleýaýlymlary we internet-habar saýtlary Türkiýe saýlaw döwrüne giren wagtyndan başlap prosesi uly üns bilen yzarlady. Prezident Erdoganyñ täzeden saýlanmadyk ýagdaýynda ors-türk gatnaşyklarynda düýpli üýtgeşmeleriñ boljagy hakda "howatyrlanmalar" agzalyp geçildi. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda Kylyçdaroglynyñ prezident saýlanma ähtimallygyna Orsyýetiñ daşary syýasatynyñ bähbitlerine gönükdirilen potensial "howp" hökmünde garaldy. Çünki Erdoganyñ bäsdeşiniñ saýlawdan öñki çykyşlarynda "tarapsyzlykdan" has beter ors garşydaşlygyna gyşarandygy hakda köp analizler edildi. Şol analizleriñ biri bir asyrdan gowrak wagt bäri işläp gelýän "ТАСС" habarlar agentliginde giñişleýin ýer aldy. Kylyçdaroglynyñ kampaniýa wadalarynyñ baha berilen ýazgysynda "Millet" ýaranlygynyñ kandidatynyñ 2023-nji ýylyñ 9-njy maýynda "The Wall Street Journal"-a beren interwýusynda Orsyýete garşy sanksiýalar girizip biljekdigini nygtamagynyñ aýratyn üstünde durlup geçilipdir. Birmeñzeş terzde ors hökümetiniñ resmi habar beriş serişdesi "Российская Газета"-da Kylyçdaroglynyñ saýlanma ähtimallygy hakda "Orsyýete Türkiýäniñ NATO guramasynyñ agzasydygyny ýatlatmakçy bolýandygyny, munuñam Moskwa bilen Ankaranyñ arasyndaky gatnaşyklarda has ätiýaçly bolmalydygy manysyna gelýändigi" nygtalýar. Emma bu ýagdaýda howatyrlanmalar aç-açan agzalmak bilen birlikde, ýokarda ady tutulan gazetdäki interwýusynda Kremliñ press-sekretary Dmitriý Peskow "Moskwanyñ türk halkynyñ saýlawlarda geljek islendik netijesine hormat goýuljagyny", ýöne Ankara bilen hyzmatdaşlygy mundan beýlägem has giñeldip dowam etdirmek isleýändiklerini aýtmakdan gaýra durmaýar. Peskowyñ interwýusyna ýer berilen "Российская Газета"-da "Erdoganyñ syýasy ugrunyñ Türkiýede has populýardygy" nygtalýar. / Fotosurat: EPA Birinji tapgyryñ netijesi prezident Erdoganyñ üstün çykmaga bolan ýakynlygy Orsyýetiñ bildirýän aladasyny ýeñleden ýaly etdi. Netije boýunça birinji beýanat Federasiýa Geñeşiniñ Daşary işler komitetiniñ başlygynyñ orunbasary Wladimir Jabarowdan geldi. Ol ikinji tapgyrda türk ýolbaşçysynyñ ýeñişine yşarat eden "ТАСС"-daky beýanatynda şeýle diýýär: "Erdoganyñ bize öñdenem tanyşlygy we döwlet ýolbaşçysynyñ telim gezek nygtaýşy ýaly gep-sözüni aýlap-dolap durmaýanlygy günortadaky goñşymyz bilen belli bir derejede durnuklylygy üpjün etjekdigimizi görkezýär. Gatnaşyklaryñ durnukly we ikitaraplaýyn peýda berjek görnüşde dowam etjekdigine ynanýaryn". Ahyrsoñy Jabarowyñam yşarat edişi ýaly Erdoganyñ täzeden prezident saýlanmagy ors jemgyýetçiliginde duýlan howatyrlanmalar öz ýerini hoşniýetli makullamalara berdi. Şeýlelik bilen iki tapgyryñ netijeleriniñ umuman alanda oñyn garşylanandygyny bilse bolýar. Habar beriş serişdelerinde çykan onlarça habardan we düşündirişden uly ynjalmanyñ bardygy duýulýar. Netijeleriñ mälim edilmeginiñ yzysüre Orsyýetiñ Daşary işler ministrliginiñ press-sekretary Mariýa Zaharowanyñ Kylyçdaroglynyñ saýlawlara dahyllylykda "orslaryñ eli bar" diýip beren beýanatyna beren jogabynda Orsyýetiñ başga ýurtlaryñ içerki işlerine goşulmak ýaly niýetiniñ ýokdugy nygtalýar. • Üns çeken Hakan Fidan we Mehmet Şimşek ýanjamasy Türkiýedäki syýasy üýtgeşmeleri ädimme-ädim yzarlaýan ors mediýasynyñ Erdoganyñ kasam kabul ediş dabarasy we täze hökümet düzümini mälim etmegi boýunça bildirýän aladasy ünsden sypanok. Hökümet düzümini düzme işlerine ünsüni gönükdiren "Российская Газета" geçen gezekki Ministrler Kabinetinde işlän 17 ministrden bary-ýogy ikisiniñ wezipesinde galandygyny belläp geçdi. Gazetiñ hökümet düzümine jikme-jik baha berişi we aýratynam iki ministr hakda aýratyn bahasy ünsüñi çekýär. Ors syýasatşynaslaryñ pikiriçe iñ gyzykly ýeri Hakan Fidan bilen Mehmet Şimşegiñ bellenmeleridi. Täze wezipä bellenşikleriñ çäginde Daşary işler ministri edilip Howpsuzlyk gullugynyñ öñki başlygy Hakan Fidanyñ, Maliýe ministri wezipesine-de öñ şu wezipede işlän we bank ulgamyndaky bitiren işleri hem-de daşary ýurtly maýadarlar bilen gatnaşygy ýola goýmakdaky işbaşarjañlygy bilen tanalan Mehmet Şimşegiñ bellendigi barada berlen analizler bar. Fotosurat: Reuters Türkiýäniñ Ministrler Kabinetiniñ täze düzümi hakdaky ýene bir analiz Orsyýetiñ iñ täsirli gazetlerinden "Известия" degişli. "Erdoganyñ ýörite kabineti: Türkiýäniñ täze hökümetinde günbatarçy ministrler bar" makalasynda ors syýasatşynaslary Alina Sbitnewa, Wladimir Atakow dagy bellenen ministrleriñ arasynda kürtleriñ köpdügine we "täze kabinetdäki beýleki ministrleriñ her biriniñ bir günbatarly döwletde okandygyna" ünsi çekýär. Şol bir wagtyñ özünde täze kabinetde belli bir derejede "Günbatarçy kompozisiýa" bardygyna garamazdan syýasatşynaslar Akguýy we gaz merkezi ýaly uly taslamalar bilen bir hatarda Türkiýe bilen Orsyýetiñ arasyndaky häzir hereket edýän şertnamalaryñ öz güýjünde galmagyna garaşylýar. Şeýle-de, Mehmet Şimşegiñ bellenmesiniñ beýleki hususlarynyñ ýany bilen türk ykdysadyýetini janlandyrmagyna we daşary ýurtly maýa goýumçylary aktiw işe çekmegine garaşylýar. "Известия"-daky analizde täze kabinetiñ "Günbataryñ tarapdarydygy" aýratyn nygtalypdy. / Fotosurat Reuters Ýokarda ady agzalan syýasatşynaslaryñ pikiriçe "Günbatara dolanyp barmak" diñe ykdysady ugurda bolup geçer, beýleki ugurlarda Türkiýe Erdoganyñ kasam kabul ediş dabarasyndaky sözlän sözünde aýdyşy ýaly, öz bähbitlerini öñe sürmegini dowam etdirer. Ykdysady ugurda Günbatar bilen täze döwrüñ başlajagy hakda teswieler berlenem bolsa, daşary syýasatda "öz bilenini etmesi" näderejede hakykata gabat gelşini garaşyp görmeli bolar! • Täze döwür: Çaklamalar we umytlar Saýlaw döwründäki nämälimlik we täze hökümet hakdaky analizleriñ yzyndan gazet sahypalarynda umyt bildirýän syýasatçyşynaslaryñ pikirlerine ýer berilýär. Ors mediýasynda Orsyýet bilen Türkiýäniñ arasyndaky gatnaşyklaryñ hasam ösdürilmegine bildirilen umytlara seredilende, status-kwonyñ goralmagyna gönükdirilen jedelleriñ üstünde durup geçmek gerek. Eýýäm 28-nji maýda "Российская Газета" baş redaktory Fýodor Lukýanowyñ "Orsyýetiñ global syýasaty" makalasyny çap etdi. "Orsyýet we Türkiýe kyn şertlerde bilelikdeligi saklamagyny dowam etdirýär" makalasynda Erdoganyñ ýeñşiniñ Orsyýet üçun näme sebäpli Kylyçdaroglynyñ saýlanmagyndan has gowudygynyñ jedeli edilýär. Lukýanow Türkiýe bilen Orsyýetiñ köp ugurda biri-birine ters düşýän dürli pozisiýalarynyñ bardygyny, ýöne Erdoganyñ täze saýlanmagynyñ Orsyýet bilen Türkiýäniñ arasyndaky öñ ýola goýlan gatbaşyklaryñ öñküligine galmagyna kepillik berýändigini nygtaýar. Şol bir wagtyñ özünde oppozision blogyñ ýolbaşçysynyñ saýlanaýan ýagdaýynda ors-türk gatnaşyklaryny düýpli üýtgedip bilmejekdigini, ýöne Kylyçdaroglynyñ Ankaranyñ NATO-dyr ÝB bilen gatnaşyklaryñ täzeden ýola goýmagyñ gerekdigi hakdaky pikirleriniñ iki ýurduñ arasyndaky gatnaşyklary kynlaşdyrjakdygyny öñe sürýär. Lukýanow Erdoganyñ täzeden saýlanmagy bilen Orsyýet bilen Türkiýäniñ kyn meselelerde bilelikdeligi saklap galjakdygyny nygtaýar / Fotosurat: EYEPRES • Jemleme ýerine Saýlawyñ öñinçäsi orta atylan pikirleriñ tersine ors ygtyýarlylary biragyzdan diýen saýlawlaryñ adalatly geçendigini nygtaýar. Orsyýetiñ hiç bir ýagdaýda häkimiýet blogyny maliýeleşdirmändigi, hatda oppozisiýany tankyt etmekden hem gaça durýandygy aýdylýar. Munuñ tersine ors tarapynda Günbataryñ Türkiýedäki saýlawlara her dürli ýollar bilen burnuny sokýandygy hakda umumy pikir bar. Emma saýlawlaryñ öñinçäsi ors tarapynyñ oppozisiýanyñ kandidatyna garşy eger ol saýlanaýsa, daşarky syýasatda ugruny üýtgetjekdigine bolan howatyrlanmasy bardy. Hiç hili gizläp oturmaga hajat duýmaýan umytlary bolsa, Erdoganyñ üstün çykmagy we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryñ öñküsi ýaly dowam etmegidi. Saýlawlar geçen badyna Putiniñ Erdogany gutlamagy garaşylýanlaryñ amala aşandygynyñ görkezijisi boldy. Şonuñ üçinem ors internet saýtlarynyñ biri "Newsweek"-iñ "Putin Türkiýe saýlawlarynda ýeñiş gazandy" teswirinden ugur alyp "Türkiýedäki saýlawlarda Orsyýet ýeñdi" rubrikasyny atdy. Bar güýjüni toplap oppozisiýanyñ liderini goldandygyna garamazdan Günbataryñ saýlawdan gutarnykly ýeñliş bilen çykandygyna yşarat edilýär. Türkiýedäki saýlawlara belli bir derejede Günbatar blogy bilen Orsyýetiñ arasynda geçen göreş hökmünde garaldy. Dr. Nadežda TIHONOWA, garaşsyz ylmy barlagçy. nadezhdatikhonova@yahoo.com Abdulazim ŞIMŞEK, Sankt-Peterburg, Politehniki uniwersitetiniñ mugallymy. abdulazimsimsek@gmail.com Çarşenbe, 14.06.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |