10:30 Biziň myhmanlarymyz | |
BIZIŇ MYHMANLARYMYZ
Ýatlamalar
Aziýa we Afrika ýurtlarynyň ýazyjylarynyň konferensiýasyna gatnaşan deputatlaryň bir topary oktýabryň 14-inde Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldiler. Olar gelen günleriniň ertesi medeni edaralarda boldular. Olar şonuň ýaly-da artistler we ýazyjylar bilen duşuşdylar. ÝAŞPAL Hindi ýazyjysy Ýaşpal 1903-nji ýylda eneden doguldy. Onuň birinji hekaýalar ýygyndysy 1931-nji ýylda çap edildi. Ýaşpal 14 sany hekaýalarynyň, 6 romanyň, pýesanyň, ençeme oçerkleriň we makalalaryň awtorydyr. Onuň eserleri birnäçe gezek neşir edildi hem-de Hindistanyň başga dillerine, käbir Ýewropa dillerine terjime edildi. Ýaşpal B.Kerbabaýewiň “Aýgytly ädimini” hindi diline geçirdi. HOAÝ THAN Wýetnamyň edebiýat we sungat assosiasiýasynyň baş sekretary Hoaý Than döredijilik işine 30-njy ýyllarda başlaýar. Onuň ilkinji kitaby “Wýetnam poeziýasy” ady bilen çapdan çykýar. Hoaý Than 1945-nji ýylda Wýetnamda bolan rewolýusiýa aktiw gatnaşyjylaryň biridir. Hoaý Than “edebiýat edebiýat üçindir” diýip ýaňraýan buržuaz edebiýatçysumaklara garşy sosialistik realizmiň ganym duşmany bolan rewizionistler toparyna garşy ençeme publisistik makalalar ýazdy. Hoaý Than birnäçe hekaýalaryň we köp sanly publisitik makalalaryň awtorydyr. PRAMUDÝA ANANTA TUR Häzirkizaman indoneziýa edebiýatynyň görnükli wekili Tyr 1925-nji ýylda doguldy. 1947-nji ýylda Pramudýa Ananta Tur gollandlar tarapyndan tussag edildi. Ol iki ýyldan gowrak wagt türmede oturdy. Türmede ýazan kitaplarynyň biri bolan “Partizan maşgalasy” Turyň görnükli eserleriniň biridir. Türmeden boşanyndan soň Pramudýa Ananta Tur neşirýatda redaktor bolup işleýär. Çeper terjimeçi hökmünde hem Turyň ady öz halkynyň arasynda giňden bellidir. Ol M.Gorkiniň “Ene” romanyny, A.Tolstoýyň, M.Şolohowyň, B.Polewoýyň we başgalaryň eserlerini terjime etdi. UTUÝ TATANG SONTANI Sontani Moluk adalarynyň ilatynyň ezizjilere garşy göreşi hakynda “Tambura” atly taryhy romany, ençeme gysga hekaýalary ýazdy. Häzir ol dramaturg hökmünde has giň tanalýar rewolýusiýanyň başlarynda Utuý tatang Sontani partizan otrýadlarynyň birinde boldy we birnäçe wagt “Pronetank” (“Gozgalaň”) atly partizan žurnalyna ýolbaşçylyk etdi. Rewolýusiýadan soň häzirki wagta çenli Sontani “Baleý pustaka” neşirýatynda redaktor bolup işleýär. Utuý tatanga Sontaniniň ady Indoneziýada giňden ýaýrandyr. DODONG ŽIWAPRAŽA Dodong Žiwapraža Indoneziýanyň ýaş talantly şahyrlarynyň biridir. Ol 1928-nji ýylda Indoneziýanyň gözel tebigatly Poruda şäherinde daýhan maşgalasynda eneden doguldy. Dodongyň ýüreginde poeziýa bolan söýgi ýaşka döreýär. Ol 15-16 ýaşlaryndaky ýetginjek ýigitkä goşgy düzüp başlaýar. Ol özüniň goşgularynda azatlyk we özbaşdaklyk ugrunda göreşýän indoneziýa halklarynyň gaýduwsyz göreşini suratlandyrýar. Onuň syýasy we sosial motiwde ýazan liriki goşgulary indoneziýa halklarynyň arasynda uly şöhrata eýedir. Dodong Žiwapraža döredijilik işi bilen bir hatarda orta mekdepde etnografiýa mugallymy bolup işleýär. WO HÝUI TAM Wýetnam prozaçysy – romançysy Wo Hýui Tamyň ady sowet okyjylaryna tanyşdyr. Ol 1925-nji ýylda Wýetnam Demokratik Respublikasynyň Nam-Dini diýen şäherinde işçi maşgalasynda eneden doguldy. Wo Hýui Tamyň birinji kitaby “Şahtýoryň dolanyp gelmegi” diýen at bilenb1950-nji ýylda çapdan çykýar. Wo Hýui Tam 1951-nji ýylda “Kömür känleri” diýen ilkinji romanyny ýazyp gutardy. Ýazyjynyň bu romany Wýetnam okyjylarynyň arasynda gyzgyn goldaw tapdy. Ýazyjynyň ol romany 1952-nji ýylda Wýetnam Demokratik Respublikasynda geçirilen çeper eserleriň konkursynda baýraga mynasyp boldy. “Edebiýat we sungat” gazeti, 18.10.1958 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |