08:23 Bolgar edebiýatynyñ taryhyndan | |
Bolgar edebiýatynyñ taryhyndan
Edebiýaty öwreniş
Bolgar edebiýatynyň müň ýyllyk edebi däp-dessurlary bar. Ol baryp, IX asyrlarda beýleki slawýan edebiýatlaryna hem özüniň güýçli täsirini ýetirýär. Bolgar edebiýaty XIV asyrda güýçli depginler bilen pajarlap ösýär. Şeýle hem orta asyrlarda edebiýat bilen birlikde, halk döredijiligi hem gülläp ösýär. Bolgar edebiýatynyň galkynyşy Paisiý Hilendarskiniň (1722–1798 ) işleri we onuň “Slawýan-bolgar taryhy” (1762) atly eseri peýda bolandan soňra has-da dabaralanýar. Bolgar edebiýatynyň galkynyşynyň irki döwürleriniň belli söz ussatlaryndan Safroniý Wraçenskiý, Wesil Aprilow, Pýotr Beron we beýlekileriň adyny agzap geçmek mümkin. Täze bolgar şygryýetiniň ýüze çykmagy Dobriý Çintulowyň, Naýden Gerowyň we Petko Slaweýkowyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bolgar edebiýatynda we jemgyýetçilik durmuşynda demokratik ynkylabyň esaslandyryjysy Georgiý Rakowskiý (1821-1867) uly yz galdyrýar. Şeýle hem Lýuben Karewelowyň we şahyr Hristo Botewiň eserleri bolgar edebiýatynyň ýeten ýokary derejesi hasaplanýar. Bolgar edebiýatynyň galkynyş döwri halkyň milli azat ediş göreşleri bilen berk baglanyşyklydyr. Şol döwrüň edebiýatynyň hakyky şöhraty Hristo Botewiň (1847-1876) döredijiligi bolupdyr. Halk şahyry Iwan Wazow öz döredijiliginde romantikany we gahrymançylykly eserleri döredipdir. Bolgar satira ýazyjysy Aleko Konstantinowanyň (1863–1897) “Baý Ganýu” atly eseri aýratyn meşhurlyga eýedir. XIX asyryň ahyrlarynda Todor Wlaýkow, Anton Straşimirow, Mihalaki Georgiýew ýaly ýazyjy realistleriň birgiden nesli öz eserlerinde bu ýurtda täze jemgyýetiň kemala gelýänligini, bolgar daýhanlarynyň durmuşyny, kalplarynyň päkligini we tebigatynyň gözelligini wasp edipdirler. Bu tematika şahyr Peýo Ýaworowyň ilkinji eserleriniň esasy özeni bolup, soňra ol simwoliki psihologik lirika geçýär. Şol döwürde täze bolgar şygryýeti peýda bolýar. Ony esaslandyryjy Dimitr Polýan. Bu ugry Dimitr Blagoýew, Georgiý Kirkow, Georgiý Bakalow we Todor Pawlow ýaly şahyrlar dowam etdirýärler. XX asyryň başlarynda K. Krystew (1866–1919) we onuň “Taglymat” atly žurnaly bolgar medeniýetini halkara arenasyna çykmaga taýýarlapdyr. Bu žurnalda şol döwrüň belli ýazyjy-şahyrlarynyň eserleriniň neşir edilmegi onuň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Şol döwrüň ýazyjylarynyň çeper döredijiligi şübhesiz çylşyrymly we gapma-garşylykly häsiýete eýe. Penço Slaweýkow, Petko Todorow we Kirill Hristow ýaly ýazyjy-şahyrlar halk döredijiliginiň däplerine eýerip, halkyň durmuşyndan köp sanly eserleri döredipdirler. Ýelin-Pelin we Georgiý Stamatow dagy hem kyssa bilen ýazylan çeper eserlerde realizm ugruna eýerýärler. Bolgar şygryýetinde simwolizm (XIX asyryň ahyrlarynda we XX asyryň başlarynda buržuaz edebiýatyndaky hem-de sungatyndaky antirealistik akym) Nikolaý Liliewiň, Emmanuil Popdimitrowyň, Hristo Ýasenowyň, Lýudmil Stoýanowyň we Dimço Debelýanowyň atlary bilen berk baglanyşyklydyr. Şeýle hem bolgar şahyr-simwolistleri Birinji jahan urşundan soňra simwolizmden realizme geçýärler. Birinji we ikinji jahan uruşlarynyň aralygyndaky edebiýat gülläp ösüş döwrüni başdan geçirip, onuň köp bölegi B. Wasilýew (1883-1963) tarapyndan neşir edilen “Altyn şah” atly žurnalda beýan edilýär. Şol döwrüň belli edebi işgärlerinden şahyr zenan Ýelisaweta Bagrýananyň (1893-1991) kyssaçy Ýelin-Peliniň (1877–1949) adyny agzaman geçmek bolmaz. Ýöne Ý. Ýowkow (1880–1937) has görnükli kyssaçylarynyň biri hasaplanýar. Birinji jahan urşy, şeýle hem Ýewropada bolup geçýän wakalar bolgar edebiýatynyň ösüşine täze itergi berýär. 1920-nji ýyllarda şahyr Hristo Smirnenskiniň döredijiliginde bolgar halkynyň zähmet joşguny bütin düýrmegi bilen täzeçe usulda beýan edilýär. Şol döwürde bolgar ýazyjylarynyň döredijiliginde jemgyýetiň ýiti meseleleri bütin aýdyňlygy bilen orta atylýar. Şeýle hem Bütin Ýewropada bolup geçýän ýiti wakalar ýazyjy-şahyrlaryň döredijiliginde hemişelik yz galdyrýar. Köp sanly zehinli ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligi Ikinji jahan urşy ýyllarynda has-da ýitileşýär. Bu döwrüň şygryýetiniň iň ýokary derejesi şahyr Nikola Wapsarowyň (1909–1942) döredijiliginde ýüze çykýar. Ol öz eserlerinde işçiler synpynyň röwşen gelejege bolan ynamyny ynandyryjylykly teswirleýär. Wapsarowyň şygyrlary birnäçe dile terjime edilýär. Şol döwürlerde dramaturgiýada hem has gowy eserler döredilýär. Bolgar edebiýatynyň ösüşine ýardam beren ýaşuly nesliň şahyrlarynyň we ýazyjylarynyň sanawyny Ikinji jahan urşundan soň, döredijilik işgärleriniň täze nesilleri doldurýar. Ýaş ýazyjy-şahyrlar ussatlaryň tejribelerine eýerip, bolgar edebiýatynyň öňdebaryjy däplerini ösdürýärler we täze döwür barada täsirli eserleri döredýärler. Bolgar awtorlarynyň çeper eserleriniň dürli dillere terjime edilip, daşary ýurtlarda ýygy-ýygydan neşir edilmegi onuň uly ösüş ýoluny geçendigini görkezýär. Şeýle hem drama eserleri dürli ýurtlaryň teatrlarynda sahnalaşdyrylýar. Ýurduň medeniýetinde 1956-njy ýyldan soňra galkynyş döwri başlanýar. Köp ýazyjylar taryhy mowzuklara ýüzlenmegi ileri tutýarlar. Şeýlelikde, edebiýat ähli ýaşdaky ýazyjy-şahyrlaryň işjeň döredijiligi üçin giň meýdan bolup, döwür bilen aýakdaş gidýär. Onuň baş mowzugy halkyň döredijilikli zähmet joşguny we olaryň medeni durmuşynda bolup geçýän düýpli özgerişlikler bolup durýar. Täze edebiýatyň baş gahrymany öz maksatlaryny amala aşyrmak ugrundaky göreşde kem-kemden kämilleşýän adam bolup durýar. Halkyň geçmişdäki gahrymançylygyna bagyşlanan köp sanly romanlar, poemalar, şygyrlar, powestler we hekaýalar täze bolgar edebiýatynyň üstünliginiň şaýady bolup durýar. Täzeçe bolgar edebiýaty halkyň medeni durmuşynda uly rol oýnap, olary döredijilikli zähmetiň ruhunda terbiýeleýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |