23:26 Çäçdepe gürrüňleri | |
SEŇ DILIŇDEN ÇEKINIP
Degişmeler
— Aga Arrygyň häli-şindi köçämizden geçäýmesi bardy welin, soňky döwürde gabat gelemok-la? — diýip, goňşularynyň biri Meret Öwezden sorapdyr. — Aga Arrygyň giden ýeri ýok, ol Ejegyz gelnejem bilen her günem gaýraky täze melleklerine gatnaýar. Ýöne sen maşynyna aýal maşgala mündürene myjabat atyp ýöreňsoň, çekinip ilerki köçeden aýlanyp geçýär. ARMAN, GÖLÄŇ ÝAŞ EKENI! Bir gezek Meret Öwez baga bakan gölesini soýan güni goňşy-golamy, dost-ýarlaryny nahara çagyrypdyr. Çakylyga kakasyna derek gelen goňşy oglanjyk tagamly nahardan doýansoň dillenipdir: — Meret kaka, bizem göle soýamyzda seni çagyrarys, bargynyň. — Bor, jigim, haçan barmaly — diýip, Meret begenjini gizlemän sorapdyr. — Gölämiz düýn boldy, entek goçalmaly — diýen jogaba lapykeç bolan Meret: — Inim netiň-ä gowy welin, arman, göläň ýaşrak ekeni — diýipdir. IÇINE GONAÝMALY EKEN-DÄ! Çäçdepe obamyzyň çäginde irkiräk döwürde “Žiguli” maşynlaryny bejerilýän ussahana bardy. Oňa-da işine jür, ýüz görmezek Hydyr Porsy garawulçylyk ederdi. Bir gün derwezäniň öňüne gelip saklanan “ýedinjiniň” içinde oturan sürüji dyzmaç ýigit, salamam bermän heňkiripdir: — Hany, ýaşuly, derwezäni tiz aç, garaşdyrma, ýokardan geldim men. — Inim, ýokardan gelen bolsaň, derwezäň agzynda nä körüň bar, howlyň içine gonaýmaly ekeniň-dä, indem garaş nobatyň ýetýänçä — diýip, Hydyr aga garawul jaýyna girip gidiberipdir. Üstüne göçüp barmasaň... Aýaly irräk ýogalan Hojaguly Nazar ýanýoldaşynyň mazarynyň ýanyndan özüne-de ýer belläp, töweregine sazak nahallaryny oturdyp çykypdyr. — Agam, sen daýhan adam, “alym agronom» diýip ýazylan diplomyňam bar, şu gelnejeň pahyr tarapynyň sazaklary gowy ösýär-de, özüme goýlan tarapyňkylar kän galyberenok-la — diýip, goňşusy şahyr Muhammedöwez Arrykowdan sorapdyr. Onuň bilen mydama ýomaklaşyp ýören şahyryň jogaby nagt bolupdyr: — Özüň bilýäň-ä, ekiniň hemmesem degdim-gaçdymy kän halap baranok, üstüne göçüp baraýmasaň hezil bermez. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |