01:36 Çöl peleñi Omar Muhtaryñ ölüminiñ öñ ýanynda aýdan sözleri | |
ÇÖL PELEÑI OMAR MUHTARYÑ ÖLÜMINIÑ ÖÑ ÝANYNDA AÝDAN SÖZLERI
Sözler
Çöl peleñi Omar Muhtar... Meşhur liwiýaly watanperweriñ ady siriýaly amerikan režissýory Mustapa Akkadyñ 1981-nji ýylda döreden dünýä belli "Çöl peleñi. Omar Muhtar" kinofilmi arkaly siziñ köpiñize tanyş bolsa gerek. Omar Muhtaryñ keşbini "Çakylyk. Hezreti Muhammet" kinofilminde-de Pygamberimiziñ (s.a.w) agasy Hezreti Hamzanyñ rolunda oýnap, musulman dünýäsinde meşhurlyga eýe bolan amerikan aktýory Entoni Kwinn ussatlyk bilen janlandyrýar. Omar Muhtar italýan basybalyjylaryna garşy uzak ýyllaryñ dowamynda watanyny gahrymanlarça goramagy başaran gaýduwsyz gerçekdir. Çöl peleñiniñ ölüm jezasyna höküm edilmezden öñ özüni sud eden kese ýerlilere dik garap aýdan sözleri nesillere nusgalyk sözlerdir. Çöl peleñi Omar Muhtar bilen sudýanyñ arasynda şeýleräk şekilde gürrüñ bolup geçipdir: Italýan sudýasy ölüm jezasyny mälim etmezden öñ Omar Muhtara sowal beripdir: — Italiýa garşy uruş alyp bardyñyzmy? Omar Muhtar gypynç etmän onuñ sowallaryna jogap beripdir: — Hawa! — Halky Italiýa döwletine garşy uruşmaga gönükdirdiñizmi? — Hawa! — Italiýa garşy näçe ýyllap uruşdyñyz? — Ýigrimi ýyla golaýlandyr. — Eden işleriñize puşman edýärsiñizmi? — Ýok! — Ölüm jezasyna höküm ediljegiñizi bilýärsinizmi? — Hawa! Sudýa haýran galýar: — Siziñ ýaly bir adam üçin bular ýaly ýagdaýda ölmek diýseñ gynandyryjy... — Gaýtam tersine! Ömrümi soñlamak üçin şundan gowy ýol bolup bilmez. — Eger mujahitleriñize urşy togtatmagy buýrup ýazmaça görkezme berseñiz, Sizi jezadan boşadyp we daşary ýurda sürgüne iberip bileris. Mundan soñ Omar Muhtar dilden-dile geçip nakyla öwrülen sözlerini sözläpdir. — Her namazda Alladan başga hudaý ýokdugyna, Muhammediñ (s.a.w) Onuñ resulydygyna şahadat getiren barmaklarym hiç haçan ýalñyş zady ýazmaz! Biz hiç haçan boýun egmeris. Biz ýa-ha üstün çykarys, ýa-da öleris! Biz ölenimizde-de üstün çykarys, a siz bolsa ýeñilersiñiz. Ýöne gynandyrýan tarapy, siz muny diñe öleninizde bilersiñiz, munuñ bolsa size hiç hili peýdasy degmez!.. Mekanyñ jennet bolsun, çöl peleñi Omar Muhtar! ■ Omar Muhtaryñ taryha geçen sözleri — Biz size hiç haçan boýun egmeris. Ýa ýeñiş gazanarys, ýa-da öleris. Bizden soñky nesillerem size garşy göreşer. Özüm barada aýdanda bolsa, men jellatlarymdan has uzyn ömür sürerin! — Çagalaryñyza süýt bilen bile Gurhandan öwütler beriñ. Goý, olar boý sürende kalplary we düşünjeleri-de boý sürsün. — Höküm we karar ýeke-täk Allatagala degişlidir. Siziñ bu galp we toslama hökümiñiziñ hiç hili güýji ýokdur. “Inna lillah we inna ileýhi rajiun” ("Biz Allanyñ gullarydyrys we ahyrynda Oña dolanyp bararys"). — Men her agzyny açanyñ añsatlyk bilen ýuwdup biläýjek omaçasy däldirin... Hiç kim meniñ imanyma, göreşime we jihadyma bent bolup bilmez. Alla olaryñ işdäsini gursagynda guradar. Omar Muhtar ýesir alynansoñ italýan ofiserleriniñ biri oña şeýle diýipdir: — Niçik görýäñ, eger italýan hökümeti sizi derejelendirip, günäñizi geçse, ömrüñiziñ galan bölegini sessiz-üýnsüz geçirjegiñe söz berip biljekmi? Çöl peleñiniñ oña beren jogaby şeýle bolupdyr: — Walla, siz ýurdumyzdan gümüñizi çekip gidýänçäñiz, saña we seniñ sülsadyña garşy söweşmekden ýeke ädimem yza tesmerin. Munuñ üçin ölsem, ölümiñ başymyñ üstünde ýeri bar. Adamyñ kalbyndakyny bilen Jenaby Hakdan ant içýärin, dek şu pursat gollarym bagly bolmasady, şu garry we ysgynsyz halyma bakman seni bogup öldürmekden gaýtmazdym. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |