23:36 Çopançylyk kärindäki kelamlar | |
Türkmen diliniň many-mazmun gorunyň umman ýaly çuňdugyny, asman ýaly giňdigini görkezýän sözler, söz düzümleri beýleki kesp-kärlerde bolşy ýaly çopançylykda hem örän köp. Şeýledigini mallaryň bakylyşynda, gulagyna salynýan alyk-tagmalarda hem görmek bolýar. Çopanlar alyk-tagma babatda malyň sag ýa-da çep gulagy diýmän, «tutar» hem «daş gulagy» diýip atlandyrýarlar. Ýagny, gören mallary hakynda habar berende «Tutar gulagynda öň alyk, daş gulagynda art alyk, dilik bar» diýip salgy berýärler.
Haýwanat dünýäsi
Şolar ýaly söz düzümleriniň birnäçesi mallaryň bakylyşy bilen bagly hem aýdylýar. «Daşyny basmak», «agdaryp çykmak» hem çopanlaryň gündelik işjeň ulanýan söz düzümleridir. Sährada agyp-dönüp, ýaýrap ýören süriniň ýanyna çopançylygyň öz düzgün-kadasy boýunça barmaly. Şolaryň berjaý edilişi bolsa çopanyň öz hünärine näderejede ussatdygyny görkezýän ýagdaýdyr. Daşyny basmak hem şol berjaý edilmeli kadalaryň biri. Ýagny, sürini gezip ýören örüsinde jaýly gezdirjek bolsaň, diňe sag tarapyndan barmaly. Has düşnükli aýdylanda, süriniň ugry demirgazyk tarapa bolsa, onda gündogar tarapyndan baryp yzyna gaýtarmaly. Şuny amala aşyrmak üçin edilýän işlere daşyny basmak diýilýär. Bu çopançylyk kärinde hiç üýtgemejek düzgün. Şony berjaý etmän, sürini jaýly gezdirmek, dargatman saklamak mümkin däldir. Eger çep tarapyndan barsaň, süri hernäçe otluk ýer bolsa-da, şol ýerde gezmeýär. Ýene şol tarapa gaýdýar. Süriniň çep tarapyndan barylmagyna içini götermek diýilýär. Içini götermek sürini bir örüden başga bir öri meýdanyna geçirmeli bolanda amal edilýän düzgün. Çopançylykda halypa-şägirtlik gatnaşyklary gadymdan dowam bolup gelýän dessurdyr. Çünki çopanyň ýanynda çoluk bolup, onuň durmuş sapaklaryny özleşdirmek bu käre ykbalyny baglajaklara hökmany zerurlykdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |