14:56 Çorbadan gaýdanyñ çemçesi döwülsin! | |
ÇORBADAN GAÝDANYÑ ÇEMÇESI DÖWÜLSIN!
Publisistika
On müñ ýyllyk taryhy bolan nahar hakda gysgajyk makalanyñ dowamynda gürrüñ edip bilmek üçin azy ýaran ukyp-başarnygyñ bolmaly. Munuñ arasynda Gündogar we Günbatar saçagy bar. Her iki saçakda-da çorba birinji orunda durýar. Üstesine, garyp-gasarlaryñ, baýlaryñ, ähli saçaklaryñ halanýan nahary bolsa, ähmiýeti hasam artýar! Adamzadyñ çorba bilen tanyşlygy hakdaky rowaýatlar dürli-dürli. Gastronomiýanyñ taryhy bilen gyzyklanýan arheologlaryñ pikiriçe, çorbanyñ Günbatardaky taryhy 10 müñ ýyldanam öñki döwre uzaýar. Bu maglumat birnäçe soragy orta atdyryşy ýaly, elbetde, hyýaly güýji-de ara salýar. Nähili tötänlik çorbanyñ adamzadyñ iýip-içme sanawyna girmegine sebäp bolduka? Gyzgynmydy, sowukmydy? Çorbany taýýarlamak üçin ot ulanylýarmydy? Çorba atylýan zatlar nämedi? Bu soraglaryñ jogaby Çatalhöýükdäki gazuw-agtaryş işlerinde tapylan çanaklardaky kömürleşip giden arpa dänejikleri bolup bilermi? Ýa bolmasa, ilkinji çorba piwomydy? Hany, bir çanagyñ içindäki arpa dänejikleriniñ ýagyş suwy nilen fermentleşmegi netijesinde ýüze çykan iýmitlendiriji içgimidi ilkinji çorba diýilýän zat? Piwo şonuñ üçin "suwly çörek" diýlipmi? Şonuñ üçin Günbatarda ençeme ýyllap ertirlik edinilende piwo içilipmi? Sorag köp. Anyk jogap welin ýok. Ýa-da baram bolsa, men bilemok. Anyk bir zar bar bolsa, olam çorbanyñ Günbatar dillerindäki manysynyñ sanskrit dilinde "gowy iýmitlenmäni" añladýanlygydy. Has anykdygy öñe sürülen maglumatlar bolsa, şeýle gürrüñe yşarat edýärdi: III asyrda ýaşap geçen Keramatly Patrokl Truaskiý buthananyñ howlusynda işläp ýörkä ajykýar. Onuñ ýanynda jübüsine salan gaty çöreginden başga iýere zady ýok eken. Patrokl çöregini daşyñ oýtugyndaky suwa ezip ýumşadypdyr. Üstüne-de az-owlak duz sepeläpdir. Yzyndanam işdämenlik bilen iýipdir. Duzy nireden tapdyka diýer bolsañyz, gynansak-da, ol maglumatam mende ýok! Bu ýerde çörek-duz baglanyşygy ulanylyp, bularyñ ynanç sistemalaryndaky ähmiýeti barada aýdyljak bolunýarmy? Çöregiñ, duzuñ, suwuñ emele getiren nahar siwmolyndan ugyr alyp, çorbanyñ mukaddesligine ünsi çekjek bolundymyka ýogsa-da? Añymda başga-da soraglar köwsarlaýar welin, gowsy, gürrüñimden gyşarmaýyn. Günbatarda çorbanyñ başlangyç hekaýaty hökmünde iñ köp ýokarky gürrüñe ynanylýar. Çorbanyñ häzirki görnüşine gelmegi bolsa, 1651-nji ýyl bilen hasaplanýar. "Fransuz aşhanasy" kitabynyñ awtory Pýer Fransua la Warenn çorba salynýan önümleriñ däl-de, suwunyñ tagamly bolmalydygyna ünsi çekýär. XVIII asyryñ altmyşynjy ýyllarynda Parižde açylan çorbaçylar naharyñ taryhynda möhüm rol oýnapdyrlar. Atlaryny "gowulandyrýan, saglyga ýaramly" manysyny berýän "restaurant" (restoran) sözünden alýan çorbaçylar soñabaka daşarda naharlanma medeniýetiniñ öñbaşçylary bolupdyr. Ýagny, çorba restoran taryhyna giren ilkinji nahar eken. Indi çorbanyñ Gündogar tarapdaky geçen ýoluna seredip geçeliñ! Bu jelegaýlarda çorbanyñ taryhy yslamyýetden öñki döwürlere yzaýar. Adyny bolsa pars dilindäki "şorba" sözünden alyp gaýdýar. Ýagny, "duzly suw"! Anadoly medeniýetde çorbanyñ gymmaty uly. Onuñ folklor manylary-da bar. Günbatarda işdä açyjy, bejeriji taraplary öñe çykýan bolsa, Gündogarda özbaşyna nahardyr. Garnyñy doýurmak üçin bir jam çorba ýeterlik bolýar. "Çorba iýmäge puly ýok" ("Öýlänligi gaýgy") aýtgysy bilen garyplygy alamatlandyrýanam bolsa, başga manylary-da bar: Haýsydyr bir işu bulaşdyryp taşlana "hemme zady çorba öwrüp taşladyñ" diýilýär. Haýsydyr bir işe goşant goşana "çorba-da onuñam duzy bar" diýilýär. Haýsydyr bir işe baş goşulanda "çorbadan gaýdanyñ çemçesi döwülsin" diýilýär. "Kim birinji gelse, çorbany şol iýer" sözü-de birinjiligiñ ähmiýetini görkezýär. Bu boýunça nakyla öwrülip giden sözler köp, ýöne gürrüñimizi uzaldyp, makalamyzy "çorba" etmäýin. Anadoly (häzirki Türkiýe) çorba babatda diýseñ baý gora eýe. Anadoly çorba bilen turup, çorba bilen ýatýar. Hettleriñ çüý bilen oýulyp ýazylan ýazuw ýadygärliklerinde çorbanyñ dürli görnüşleri agzalýar. Gadymy Gresiýadan galan ýazgylarda adamlaryñ nohut, noýba çorbalary bilen iýmitlenendikleri aýdylýar. Anadolyda çaga doglanda, toýda, ýasda edilýän ýörite çorbalar bar. Bu çorbalara ýöne bir arassa suwa gaýnadylan tirtdir öýtmäñ. Bular özbaşyna bir zyýapatdyr. Çorba Möwlana Jelaleddin Rumynyñ esasy nahart bolupdyr. Otparazyñ gazanynda bişen bulamak çorbasy, tarhana çorbasy, nohutly çorba, bamiýaly (abelmoş) çorba, toýga çorbasy hem-ä düýnüñ möwlewi saçagynyñ, hem şu günüñ Konýa saçagynyñ damagyñy ýaryp gelýän lezzetli naharlarydyr. Bu çorbalar bolmasa, saçagyñ bir zady kem ýaly bolup durýar. Möwlewilerde sabyr-kanagatyñ bahasy çorbadyr. Şonuñ üçinem "Tekgä garaşan çorbany iýer" diýlipdir. Sabyr edip bilen derwüş çorbany iýip bilermiş! Çorbanyñ iýmitlenme ýaly syýasatda añaldýan manylaryna-da üns bereniñe degýär. Mysal üçin, osmanly döwründe ýanyçarlar ertirlik edinende, her gün çorba iýipdirler. Ýanyçarlaryñ rota serkerdesine-de "çorbaçy" diýlipdir. Çorbaçy wezipesine ýönekeý esgerlikden tapgyrma-tapgyr ýetilipdir. Hökümet çorbaçylardan örän çekinipdir. Çünki olar dara-dire ýagdaýda ýanyçarlary gozgalaña iterip bilipdir. Şonuñ üçin Humaýun diwanynyñ ("Diwany-Hümaýun") ýygnak geçiren güni berilýän çorbanyñ ähmiýeti aýry bolupdyr. Çünki bu çorbanyñ iýlip-iýilmezligi ýanyçarlaryñ döwlet dolandyryşyndan razydygyny ýa-da nägiledigini görkezipdir. Üç aýda bir gezek berilýän ulufeleriñ (goşmaça aýlyk) paýlanyşyna-da çorbaçylar jogap beripdir. Birmahallar çorbanyñ syýasy ýüzi şular ýaly bolupdyr. Anadolyda näçe iýere zat köp bolsa, şonça-da çorba bar. Dünýäde çorbasy bilen öwünýän şäherleriñ sany barmak büküp sanañda ona ýetmese-de, biziñ her ettabynyzyñ, hatda obamyzyñ öwünip, ýere-göge sygdyrmaýan aýry-aýry çorbasy bar. Bulary yzly-yzyna sanasañ, ençeme jiltlik ensiklopediýa bolar. Muña garamazdan çorbada iñ köp ulanylýan zat bugdaý bolupdyr. Çünki Osmanlyda ymaratlaryñ, tekgeleriñ, kerwensaraýlaryñ, käbir manastyrlaryñ iýýän nahary bugdaýly çorba eken. Osmanlynyñ iýmitlenişi bilen aýratyn gyzyklanan nemes syýahatçysy Gans Dernşwam 1553-nji ýylda ýazan ýolýazgylarynda türkleriñ çorba bolan işdäsini şeýle beýan edipdir: "Türkleriñ esasy nahary çorbadyr. Ilki goýun etiniñ suwuna bişirilen tüwi çorbasy iýilýär. Nahara limon suwy ýa-da sirke sepilýär. Az-owlagam garaburç sepýärler. Goýun etinden bişirilen çorba kämahal täze ýarma-da goşulýar. Bu nahara bulgur (ýarma) ýa-da bugdaý çorbasy diýilýär. Her dürli eti bişirip çorba goşýarlar. Towuk etini bişenden soñ bölekläp, tüwüli çorbanyñ içine goşýarlar we saçaga getirende üstüne petruşkadyr tarçyn sepýärler". Ýokarda aýdanlarym çorbanyñ umumy häsiýetlendirmesidir. Birem munyñ "Meniñ çorbalarym" bölümi bar. Ýagny, meniñ ýörite çorbalarym, ýatlamalarym, damagymda galan tagamlarym! Şahyr Ahmet Rasimiñ "Şäher hatlarynda" şeýle setirler bar: "Gana kuwwat, göze uçgun, garyna jilwedir çorba, Açlyk derdine dowa, sa:p iýmitdir çorba. Saglara, hassalara aýny şypadyr çorba, Baýlañ dosty, garybyñ söýgülisidir çorba, Islegleñ hasyly bilen akyla sezadyr çorba". Meniñ halaýan naharym kellebaşaýak çorbasydyr. Men kellebaşaýak çorbasyny aýratynam ir säher çagy iýmegi halaýaryn. Hem endamyñy ýyladýar, hem güýç-kuwwat berýär. Şol güýç-kuwwat bilenem gündelik işlerime başlaýaryn. Sarymsakdyr sirkäni hiç gaýgyramok. Gaýgyrýanlara-da bu negözel naharyñ mazasyny gaçyrýarlar diýip gaharym gelýär. Guzynyñ kellebaşaýagyndan edilen çorba bolsa has gowy. Çünki guzynyñ yzky aýaklarynda etiñ has köp bolýandygyny bilýärin. Garyn-içegeden edilen çorba bolsa, günüñ hemme wagtynda iýýän naharlarymyñ biri. Irden, öýlän, agşam... Sirke sepilen garyn-içegeli çorba iýip ýatan günlerim köp bolandyr. Towuk etiniñ suwuna edilen "şehriýe çorbasyny" iýmek üçin hyllygymy akdyryp garaşjak bolamok. Ol meniñ ýaşlyk söýgimdir. Söýgülime mürähet edip bilen arzan naharlarymyñ biridir. Ep-eslije limonly we garaburçly! Aýratynam aşpeziñ eli süýji bolup, suwuna az-owlak towuk etinden goşan bolsa, iýip doýar ýaly bolmaýar! Kastamonynyñ "ejewit çorbasyny-da" halaýaryn. Ilgazdan öwüsýän pyçak kimin dilip barýan sowuk şemalyñ öñe galkan deý gerilip, adamyñ içini ýyladýar. Bu çorbanyñ ady merhum premýer-ministr Bülent Ejewitden gelenok. Kastamonyda Ejewit diýip ýer bar. Gaziantepiñ "beýran çorbasynyñam" agzaman geçmäliñ. Bygyrdap duran, ajyja, sarymsakly çorba güne salam berýän naharlaryñ biri. Antepliler şol çorbany iýmese, gözlerini doly açybam bilenoklar! Dürli önümler garylyp, dürüşde edilen nahara çorba diýilse, anteplileriñ gahary gelýär. Dürüşde çorbadan başgadyr. Baýram günleri şonuñ bilen başlaýar. Işi känem bolsa, damagyñyzy hakyky baýrama öwürjek derejede lezzetlidir. Çorbanyñ şeýle bir ady kän: Ezo gelin, bajakly, sakalaçarpan, dul owrat, pytpyt, eneligyzly, gulak, püşürik, kesme kekeç, pumpum, arapaşy, tirşik... Tarhana bilen merjimek çorbasy elmydama tagamlylykda ýaryşýar. Nohutly, bugdaýly, bürünçli, ýarmaly çorbalardanam sowlup geçer ýaly däl. Gök önümlisi, gyýmalysy, etlisi, balyklysy, gatyklysy. Aklyñyza näme gelse, çorba bolup garnyñyzy doýrup bilýändir. Mehmet ÝAŞIN. "SÖZCÜ" gazeti, 10.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |