18:15 Dana sözler | |
DANA SÖZLER
Sözler
● Üç häsiýet ynsanyñ dinini kämilleşdirýär. Birinjisi, adam maksadyna ýetende, bolgusyz iş etmeli däl. Ikinjisi, gahary gelende, Hudaýyñ hetdinden çykmaly däl. Ýene biri, güýçlenen mahalyñda ýaramaz işe el urmaly däl. Her kimiñ ahlagy oñat bolsa, dini-de oñatdyr. ● Mömin adamyñ her hili häsiýeti bolmagy mümkin, emma ýalan sözlemek we hyýanat etmek mahsus däldir... ● Özüñ üçin gowy görýän zadyñy halk üçin-de gowy gör, şeýtseñ, mömin bolarsyñ. ● Halkyñ ýagşylygyna şükür etmedik, Hudaýa-da şükür etmez. ● Çagalaryñyza hormat ediñ, olar bilen hoşgylyk boluñ, olara oñat däpleri öwrediñ. ● Parasatlylyk, ylym, bilim möminleriñ agtarýan zadydyr. Ony her kimden bolsa-da, hatda ikiýüzli mynafyklardan bolsa-da öwreniñ. ● Saña ynanan adam bile dogruçyl bol. Saña dogruçyllyk etmedik adama-da nädürslik etme. ● Hudaýa edil ony görýän ýaly çokun. Eger ony görmeýän bolsañ, edil ol seni görýän ýaly çokun. ● Jaý salnanyñda haram kerpiç ulanma, çünki ol weýrançylyga sebäp bolar. ● Bazarda, köpçüligiñ gözüniñ öñünde, bir zat iýmek pesligiñ we medeniýetsizligiñ alamatydyr. ● Iki adam ýuwaşja gürrüñ edip duran bolsa, olaryñ arasyna düşme. ● Her etjek işiñ soñuny oýlan. Eger soñy haýyr bolsa, et, ýogsam saklan. ● Dogry söz zalym patyşanyñ garşysynda aýdylsa, iñ uly göreşdir. ● Hudaýyñ öñünde iñ oñat iş ajy doýurmak we onuñ bergisini tölemekdir. ● Sütem edýän ýolbaşçynyñ azaby kyýamatda hemmeleriñkiden köpdür. ● Iñ batyr adam ~ öz nebsini ýeñip bilýän adamdyr. Iñ pes adamlae ~ halky pes tutýan adamlardyr. ● Allatagala aýala talak bermegi duşmançylyk bilýär. ● Allatagala sizi atalaryñyzyñ adyndan kasam etmekden saklanmaga çagyrýar. ● Alymlar pygamberleriñ mirasdarlarydyr, ylym şolardan miras galandyr. ● Allatagala behişdi ikiýüzlülere haram edipdir. ● Her kim karz alyp, ony yzyna gaýtaryp bermek islemese, kyýamatda Allatagala onuñ bilen ogrular hatarynda ýüzbe-ýüz bolar. ● Gyzyl reñkden gaça duruñ, çünki ol reñk şeýtanyñ bezegidir. ● Iliñ yzyndan gybat etmäñ, çünki bu iş zynadan-da erbetdir. ● Öýüne myhman getirmeýän adamlar erbet adamlardyr. ● Nadanlaryñ arasyndan ylym talap edýän adam ölüleriñ arasyndaky diri adam ýalydyr. ● Ene-ata boýumm egmek ~ Hudaýa boýun egmekdir. Olara boýun egmezlik ~ Hudaýa boýun egmezlikdir. ● Ylym we baýlyk her aýbyñ üstüni ýapýar, nadanlyk we garyplyk bar aýbyñ üstüni açýar. ● Gybatkeş behişde barmaz. ● Öz iýmeýän zadyñyzy garyba bermäñ. ● Garyndaşlaryndan arasyny kesen adam behuşde barmaz. ● Hudaý para berýäni we para alýany hem-de olaryñ arasyna düşüp iş düzedýäni näletleýär. ● Aýallar şeýtanyñ duzaklaryndandyr. Muhammet pygamber (s.a.w) * * * ● Iñ oñat baýlyk akyldyr. Iñ uly pakyrlyk (garyplyk) akmaklykdyr. ● Özüñden başganyñ guly bolma, çünki Allatagala seni azat ýaratdy. ● Adam üçin iñ oñat sypat hoşgylyklylyk we iñ gorkunç zat bolsa ulumsylykdyr. ● Akmak bilen dost bolmakdan saklan, çünki ol saña ýagşylyk etjek bolup barşyna zyýan ýetirýär. ● Akylly adamyñ dili ýüreginde we akmagyñ dili agzyndadyr. ● Akyl ýaly döwlet, nadanlyk ýaly garyplyk, edep ýaly ölçeg we geñeş ýaly kömek tapylmaýar. ● Bahyl adam bilen oturyp-turmakdan daşlaş, çünki oña işiñ düşse senden gaçar. ● Namartdan dileg etmek ölümden gatydyr. ● Dana duşman nadan dostdan gowudyr. ● Her bir zat akyla we akyl-da edebi mätäçdir. ● Her bir zadyñ tohumy bardyr, duşmançylygyñ tohumy oýun-mazadyr. ● Jomarlar tagam bermekden lezzet alýar, gysgançlar tagam iýmekden. ● Durmuşyñ iki güni bardyr. Biri nygmat güni, beýlekisi azap güni. Nygmat günüñe şükür et, azap günüñde sabyrly bol. Hezreti ALY (r.a) * * * ● Parasatlylyk we akyllyk barada dört ýüz söz topladym. Şolaryñ dört sanysyny saýlap aldym. Olaryñ ikisini bilmeli we ýatda saklamaly, ikisini-de unutmaly. Halkyñ saña eden ýamanlygyny we seniñ halka edýän ýagşylygyñy unutmaly, Hudaýy we ölümi bolsa hemişe ýatda saklamaly. ● Hemme ýükleri çekdim, emma karz ýükünden agyr ýük görmedim we hemme lezzetden dadyp gördüm, emma saglyk lezzetinden oñat lezzet görmedim. ● Dana adam bir çyra ýalydyr, her kim oña duşsa, ondan ýagtylyk wel peýda alar. ● Hoşgylyk adam kesekileriñ garyndaşy bolar we betgylyk adam garyndaşlaryna keseki. ● Halk bilen gürleşýän mahalyñda ulumsylyk etme we olardan ýüzüñi sowma. Ýöreýän wagtyñda ulumsy ee tekepbir adamlar ýaly ädim ätme, çünki Hudaý ulumsylary gowy görýän däldir. ● Alymlar bilen oturyp tur, olar bilen gürleşeñde edep şertini berjaý et, jedelleşmekden we kejelejmekden saklan, ýogsam olar seni öz ylym nurlaryndan binesip goýarlar. ● Sütemkärler bilen hemdem we ýoldaş bolma. Günäkärler bilen doganlyk ähdini baglaşma we töhmetçiler bilen-de dost we söhbetdeş bolma. ● Pul we baýlyk gazanmak üçin näçe tagalla edýän bolsañ, şonça-da ylym öwrenmek we takwa bolmak ugrunda çalyş. ● Eger dünýäde başyñ dik we hormatly ýaşajak bolsañ, kişi malyna göz gyzdyrma. ● Haçan-da, uky seni doly gurşap alanda ukla, şondan kelläñ aşagynda daş baram bolsa, ol per ýassykdanam gowy görner. Haçan-da açlyk seni doly gurşap alanda iýmit iý, şonda gara çöregem patyşalaryñ huruşyndan datly görner. Öñki geýip ýören geýmiñ düýpli könelensoñ täze eşik edin. Şonda biýzden tikilen geýimem şalaryñ haladyndan oñat görner. Jyns gatnaşygyny kadalaşdyrjak bolsañ, haçan-da jübütleşmek höwesi saña agram salanda we çydap bolmajak derejä ýetende et. Şonda aşhanada işleýän gap-gara kenizem seniñ gujagyñda gözellik perişdesi we näzenin gözel ýaly görner. Lukman HEKIM. * * * ● Ynsaby zaýalaýan zat sütem edýäni magtamakdyr. ● Halas bolmak isleseñ, baý näkesden we ýaranjañ bahyldan heder et. ● Bu dünýäde patyşalaryñ zulumyndan we baýlaryñ bahyllygyndan erbet zat ýokdur. ● Bu dünýäni diñe medeniýet bilen tapyp bolar. ● Tebigata hajatyñ düşmezligini isleseñ: az iý, az geple, az ýat we özüñi her kim bilen bulaşdyrma. ● Şu dünýäde iñ bigäne adam nadandyr. ● Özüñi adamlañ gowy görmegini isleseñ, alyş-berişde sütem etme, ýalan sõlene we söz hiç kimiñ göwnüne degme. Buzrgmihr BAHTEGAN. * * * ● Nadanlar bilen kiçigöwünlilik etmek ajy türşege suw beren ýalydyr. Näçe köp suw berseñ, şonça-da ajylygy artýar. ● Gerekmejek ýerinde tagalla etmek işde ýaltalyk etmekden erbedräkdir. ● Her kim akylly adam bilen maslahat etse, ryswalykdan aman bolar. Duşman bilen-de maslahat etmek gerek. Goý, duşmançylygy mälim bolsun. SOKRAT * * * ● Uly we kiçi bilen oýun etmeli däl, çünki uly kineli bolar we kiçi batyr bolar. ● Her kim akyl gözi bilen işiñ soñuna göz ýetirip bilse, oña ýeten mahalynda gaýgylanmaz. ARISTOTEL * * * ● Ynsanyñ işi ýagşylyk we ýamanlykdyr. Ýagşylygyñ başlangyjy ýamanlygy terk etmek we ýamanlygyñ başlangyjy-da ýagşylygy terk etmekdir. ● Dana nadany tanaýar, çünki onuñ özi bir wagtlar nadan bolupdy. Emma nadan danany tanamaýar, çünki ol hergiz dana bolmandy. ● Hiç bir aýalyñ agyrysyz çaga dogurmaýşy ýaly, hiç bir erkek-de zähmet çekmezden ylyma ýetip bilmez. PLATON. * * * Hakykaty bilmeýän nadandyr, emma ony bilip, inkär edýän jenaýatkärdir. Bertold BREHT. Pars dilinden terjime eden: Aşyrpur MEREDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |