07:01 Danalara diñ salsañ | |
DANALARA DIÑ SALSAÑ...
Sözler
■ Özüñi alyp barmak ~ bu her kişiniñ öz keşbini görkezýän aýnasy. I.W.Gýote. * * * ■ Her günüñ soñunda: "Men şu gün adamlara bagt hem şatlyk getirmek üçin, öz akyllanmagym üçin (bu hem adamlary şatlandyrýar) näme etdimkäm!" diýip oýlan. Eger seniñ pikiriñ hiç bir zatda eglenmese, diýmek, şol gün biderek ýaşalypdyr. W.A.Suhomlinskiý. * * * ■ Wagt ~ bu bizdäki iñ arzan, şol wagtyñ özünde hem iñ gymmatly zat. Ý.Raýnis. * * * ■ Açgöz şöhratparazlyk adamyñ akylyny bulaşdyrýar we ol özüne abanýan howplary duýmaýar. * * * ■ Özgeleriñ gybatyny edýän adamy öz öýüñden kow. Fales. * * * ■ Töhmet aýylganç zat. Töhmetçiler biziñ gazanan iñ gymmatly zadymyzy ~ golaý adamlarymyzy daşlaşdyrýarlar. Kemsitmek ~ samsyk hereket. Ýöne ol töhmete garanyñda gowy: açyk hereket edýär. Gippiý. * * * ■ Bikärlikde geçýän wagtyñ miwesi süýji bolýan däldir. Sofokl. * * * ■ Ýaranjañ adamyñ dilinde baly, ýüreginde zäheri bardyr. M.W.Lomonosow. * * * ■ Edil bägüldäki zäherli gurçuk ýaly töhmetlerdir ajy dillerden ägä bolmak gerek ~ olar ýukajyk hem ýalpyldadylan öwrümlerde gizlenendirler. Plutarh. * * * ■ Göripligiñ baýdagynyñ astynda ýigrenç, töhmet, dönüklik we hile ýöriş edýändirler. K.Şelwesiý. * * * ■ Näçe ýallaklasañam, ajy hakykatyñ üstüni ýaranjañlyk bilen ýapyp bilmersiñ. Eshil. * * * Gamlanyp bilýän bolsañ ~ dirisiñ, özgeleriñ gamyny duýup bilýän bolsañ ~ ynsansyñ. L.N.Tolstoý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |