17:38 Daralmadyk pikirler | |
DARALMADYK PIKIRLER
Sözler
Öleniñden soñam ýaşamak añsat däl. Kämahal munuñ üçin bütin ömrüñi sarp etmeli. Adamyñ ölendigi entek onuñ ýaşandygyny subut edenok. Şeyle zamanlar bolýar, adamlar ukynyñ arasynda hem ýalan sözleýärler. Merhumlar özleriniñ ýerine beýlekiler gepleýänçä dymarlar. Öz iýen adamlarynyñ adyndan gürlemäge adamhoryñ hukugy barmy?! A belki hut hudaýyñ özi meni ateist edip ýaradandyr. "Ýolbarsy giźźelemäñ!" - "Nämüçin" diýip haýwanat bagynyñ garawulyndan soradym. "Giźźelemäñ, şeýtseñ onuñ içi geçip başlaýar", - diýip jogap eşitdim. Dowzaha eltýän ýolda azaşany "Bu ýoluñ soñy ýok" diýip ägä etmegiñ geregi ýok. "Agtalar bilen näçe söhbet etseñem, gürrüñ gutarmaz", - diýip, heremhanadan bir hanym aytdy. Käte kalbymyza hem berhiz tutmak gerek. Öz döwründen öñe ozanlaryñ kopüsi soñra onaýsyz jaýlarda oña garaşmaga mejbur bolýarlar. Stanislaw Ýeźi Les Terjime eden Sylapberdi Muhamow. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |