11:49 Dile geldi - bile geldi... | |
DILE GELDI ~ BILE GELDI ■ Derläp-derläp, tä şorlaýança zähmet çekýän adam uzak wagtlap zaýalanmaýar. ■ Iñ esasy owsarlamak. Çapmagyñ kynçylygy ýok. ■ Iñ soñky aýtjak aýdymy üçin sesini aýaýardy... ■ Kitabyñ ömri uzak boljak öýdýän. Sebäbi hiç kim ony eline alanokdy... ■ Ýolbars hatda eşek ýaly akmak bolanlygynda-da ýolbarslygyna galýar. ■ Saýhallylygyñ nämedigine düşünmeýän bolsañyz öz-özüñizi tankytlap görüñ. ■ Peýda getirmäge çalyşýardy. Ýöne, näme üçindir, şol peýdany diñe öýüne getirmäge çalyşýardy. ■ Hakykaty ýençmek hatarly däl. Ol saña şeýdip gaýtargy berip bilmeýär. ■ Käbir pikirler bolýar, olary beýniñde däl-de, aşgazanda bişireniñ amatly. ■ Ýüreginiñ küýsän zady bardy. Ýöne ýüregi ýokdy. ■ Bagtyñ pulda däldigini eşidip, bagtdan ýüz dönderdi... ■ Wyždanyñy arassalamak üçin eliñi ýuwup oñanyñ ýeterlik däl... ■ Gapdalyñda ýatan zady almaýan bolsañ, diýmek has çuñ gazýansyñ. ■ Kesekiniñ durmuşyndan özüne ýer tapdy. ■ Haramzadany suwa gabansoñyz, ony suwdan gury çykmaz ýaly ediñ. ■ Haýwanyñ ynsana çyn dost bolmagy üçin ähli zatdan ötri onuñ iýmäge ýaramly däl bolmagy zerur. Toplan: Emir MYRAT ogly | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |