06:48 Dile gelen sözler | |
DILE GELEN SÖZLER...
Sözler
■ Baýlyk erkekleriñ ýüregini gatadýar, zenanlaryñkyny ýumşadýar... ■ Ýürek ýeke özüñ üçin berilmändir. ■ Ol pes gapydan girende mañlaýyny urup çişirýär, beýik gapydan girende bolsa bükülip girýär. ■ Ýürek üçin iñ gowy iýmit ylham we mähirdir. ■ Parahat ýürek hiñlenmäni halaýar. ■ Begenmäni başarmaýan ýürek, begendirmäge-de ukypsyzdyr. ■ Ganygyzgynlyk pähime ýagy, sowukganlylyk wehime. ■ Dana arzylansa nepi deger, nadan arzylansa, gepi... ■ Iki ýagşynyñ ýaryşy ösüşe alyp barar, iki ýamanyñ ýaryşy süsüşe. ■ Otünçden zyýan ýok, ökünçden peýan. ■ Ynsan görki zähmetde, malyñ görki süýt-etde, wepalylyk at-itde. ■ Azan pälinden tapar, gezegen ýolundan. ■ Perdä basmasañ heñ çykmaz. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |