23:30 Doganlar arasyndaky gatnaşyklarda edep | |
DOGANLAR ARASYNDAKY GATNAŞYKLARDA EDEP
Pedagogika we edep-terbiýe
Saparmyrat TÜRKMENBAŞY: Doganyň dost bolsun, dostuň dogan! Dogan seniň bir bölegiňdir, dost ruhuň bir bölegidir. Hakyky doganlyk şu iki tarapyň birleşýän halatydyr, doganyň bilen ýürekdeş, kalpdaş bolsaň, ol diňe bir teniň-ganyň däl, eýsem, ruhuňam bir bölegine öwrüler. Mukaddes Ruhnamadan Ynsanlar bir ene- ata ýa-da bir ene ýa-da bir ata tarapyndan biri-birine dogan bolup bilerler. Bularyň hemmesi dogandyr we gan damarlarynda bir gan aýlanýandyr. Hiç bir adamyň öz doganyna, näme üçin doguldy, näme üçin ýaradyldy diýip zeýrenmäge, närazy bolmaga haky ýokdur. Doganyňy özüňki diýip hasap edip içiňe siňdirmeli. Şeýle pikir edilip ynanylan ýagdaýynda ynsan gatnaşyklaryny ýöretmek, özara söýgi, sylag-hormat, arkalaşmak we kömekleşmek ýollaryny pikirlenip tapmaly. Uly dogan kiçileriň ýol görkezijisidir. Oňa hormat goýlup, onuň tabşyrygy ýerine ýetirilmelidir. Aýratyn hem ulularyň (kaka-ejäniň, ata-enäniň, daýy-daýzanyň we ş.m.) ýok ýerinde, uly dogan kiçilerine hossar bolup, kakasynyň wekilçiligini ýerine ýetirmeli. Kiçiler özlerini bu ýagdaýa görä alyp barmalydyr. Bu ýagdaý Mukaddes Ruhnamada şeýle düşündirilýär: «Doganlyk edebiniň başy agzybirlikdir. Agzybirlikde aganyň agzy bilen gürlenilýändir. On dogan bolsa, on kelle bolup pikir ediler, emma netijede aganyň agzy bilen gürleniler. Aga bolsaň, agalyk edebini berjaý et! Ulularyň ýardamçysy, kiçileriň aramçysy bol! Kiçilere naharlanmak, salamlaşmak, sözleşmek, işlemek, okamak, dynç almak edebiniň göreldesini görkez! Ula geňeş, kiçiniň pikirini bil! Ula – ini, kiçä – aga bol! Çagalaryň ýanynda dana, danalaryň ýanynda ini bol! Uly durka – oturma, otyrka – ýatma!» «Aga işiň kynyny özi eder, ýüküň agyryny öz gerdenine alar, howpy ilki özi garşylar. Inisini aýar, çünki iniler neberäniň geljegidir.» Gyz doganlar wagty gelende gelin bolup durmuşa çykarlar we şeýlelik bilen maşgaladan aýrylmaly bolarlar. Olar bilen has näzik gatnaşyklar saklamaly. Aýratyn hem durmuşa çykan gyz doganlary atasynyň öýüne gelende oňa, adamsyna, çagalaryna uly hormat goýup, has mähirli bolmalydyr. Agyr günlerde onuň ýanynda we hyzmatynda bolmaga hemişe taýyndygyňy ynandyrmaly. Olary mähir bilen garşy alyp, mähir bilen ugratmalydyr. Mukaddes Ruhnama kitabynda aýal dogana hormat goýmagyň edebi şeýle düşündirilýär: «Naçar uýadan hoş sözüňi, gol ýardamyňy gysganma! Uýaň eneden soňky mähribanyňdyr. Öz gyzyňda aýal doganyň gaýtalanýandygyny duýduňmy?! Uýaň eneňden soňky duşýan ar-namysyňdyr. Bihepbe giýew sowulmaz töhmete meňzär. Uýaň öňünde ýazykly ýaly bolarsyň. Öz halanydyr, öz saýlanydyr, emma giýew bihepbe çykanynda onuň derdeseriniň baryny uýaň başyna atasyň gelmez. Uýaňy şowsuzlykda ýeke goýma, uýa bagtly bolsa, bagtyny dogany bilen paýlaşar, uýa betbagt bolsa, diňe doganyndan garaw islär.» Maşgalada bagtlylygyň gözbaşy ene-ata we çagalar arasyndaky mähir-muhabbetden, sylag-hormatdan, rehim- şepagatlylykdan başlanýar. Doganlaryň özara gatnaşyklary hem edil şunuň ýalydyr. Şonuň üçin doganlaryň özara gatnaşyklarynyň edebini şeýle düşündirmek bolar: 1. Doganlar özara gatnaşyklarda birek-birege söýgi, sylag- hormat goýmaly, ýaşy kiçiler ulularyny ene-atanyň ornunda kabul edip, olara boýun bolmaly, ulular bolsa özlerini hemişe mylakatly, geçirimli alyp barmaly. 2. Doganlar ene-atany gynandyrjak ýakymsyz sözlerden, gödek hal-hereketlerden özlerini daş saklap, agzybirlik we jebislik ruhunda ýaşamaly, pul, baýlyk, miras ýaly maddy zatlary hyýanatçylykly peýdalanmaly däl we özara birlik we bütewilik ruhuny goramaly. 3. Doganlar öz aralarynda wezipe, şöhrat, baýlyk, abraý ýaly zatlara bahyllyk bilen garamaly däl. Doganlaryň biri ylym, baýlyk we wezipe taýdan ulalsa, üstünlik we abraý gazansa, bu ýagdaýa buýsanmaly, begenmeli. Gabanmak, bahyllyk, husytlyk edepsizlikdir. Şeýle hem maddy we ruhy taýdan baý we güýçli bolanlar-da beýleki doganlara kemsidiji nazar bilen seretmeli däl, gaýta, tersine, güýjüniň ýeteninden olara kömek goluny uzatmaly we hossar çykmalydyr. 4. Doganlar öz aralarynda tutan tutumlary we pikirdir garaýyşlary taýyndan biri-birine gapma-garşy bolan ýagdaýynda-da hiç hili kynçylyk döretmezden, biri-birlerini hormat bilen garşy alyp, geçirimlilik edip, mylakatly gürleşmek arkaly çözülişmeli. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnama kitabynda «Dogan mukaddesligini» şeýle düşündirýär: «Türkmende doganlyk edebiniň şertleri kagyza ýazylmadyk, emma ýüreklere ýazylan kanunlar hökmünde görlüpdir. ■ Aga-ini edebiniň şertleri şulardyr: Her iş bolsun, aga baş bolsun! Ini agadan ata-enä hormat goýmagy, arzylamagy öwrenýändir. Ata ýogalsa, aga ata ornunda galýandyr. Aga agalyk edýändir. Ini ilçilik edýändir. Türkmeniň bu düzgüni atamyz Oguz handan galan ýaşaýyş kanunydyr. Oguz han türkmen üç uly ogluna ýaý, üç kiçi ogluna bolsa ok beripdir. Şondan soň ol, kiçiler ulularyň ilçisi bolsun diýipdir. Ok, ýaý nirä atsa, şol tarapa-da gitmelidir. Ilçiniň borjy bolsa ulular bilen il bolmakdyr. Il bolmagyň manysy ulynyň diýeni bilen bolmak, ulynyň görkezmelerini berjaý etmek, ula gulak asmak diýmekdir. Ilçi aganyň erkine tabyn bolup, onuň erkini we aýdanyny ýöretmelidir. Maşgalada we jemgyýetde aga inisine görelde bolýandyr. Aga inä garaw, ini aga ýaraw bolar. Aga inisiniň daşynyň galasydyr, ini agasynyň haýyr işleriniň alajydyr.» Elbetde, daş-töweregimizde şeýle duýgy we düşünjede hereket edýän, güýçli, bagtly maşgala bolan doganlara häzirki günlerimizde duş gelinýär. Doganlaryň özara oňşuksyzlyklary, düşünişmezlikleri, elbetde, ene-atany we maşgala agzalaryny gynandyrýar we birahat edýär. Şonuň üçin Kabyl ýaly, Ýusup aleýhisselamyň doganlary ýaly däl-de, Musa bilen Harun aleýhisselam ýaly biri-birini söýýän, goldaýan, arkalaşýan, birek-birege sylag-hormat goýýan, hossar çykýan, hemaýat edýän doganlar bolmak hemmämiziň asylky wezipämiz hem-de baş maksadymyz bolmalydyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |