22:41 El bilen döredilýän keseller | |
EL BILEN DÖREDILÝÄN KESELLER
Publisistika
Arada men bazarda gök önüm satýanlaryň biri bilen gürrüňdeş boldum: - Ekinleriňizde mineral dökünleri, mysal üçin, moçewinany ulanýarsyňyzmy? - Dogrusyny aýtsak, häzir ekinlerde-de, parniklerde-de hiç kim azot ulanman oňmaýar. - Çagalaryňyza şeýle önümleri iýdirýärsiňizmi? - Ýok. Özümiz üçin aýratyn joýalarymyz bar. Olaryň topragyny diňe ders bilen dökünleýäris. Soňra güpbe bir zat ýadyna düşen ýaly: - Söwda etmäge päsgel berme, satyn alasyň gelmese, alma – diýdi. • HAS ANYK DÜŞÜNMEK ÜÇIN “...Günortadaky respublikalarda çagalar mis ýetmezçilikli anemiýa keseli bilen ýygy-ýygydan keselläp ugradylar... Bu kesel ene süýdünde, gök önümlerde misiň birsyhly ýetmezçiligi sebäpli ösýär... Islendik azot döküni toprakda mydama ammiagyň ol ýa-da beýleki möçberini berýär. Ammiak bilen mis örän oňat ereýän, kompleks birleşmäni emele getirýärler. Bu birleşme her ýylda sil, ýagyş we ýuwuş suwlary bilen topragyň kökli gatlagyndan ýuwlup aýrylýar. Azot dökünleri köp boldugyça, mis şonça çalt gidýär, adam ony şonça az alýar. Çagalar organizmi bu örän möhüm mikroelementiň ýetmezçiligine has duýgurdyr. Iýmitde misiň ýetmezçiliginiň bolsa howply çişleriň ösmegine ýardam ýerbändigini bellemek gerek”. (M.N.Nikolskaýa. “Tebigat we adam” žurnaly, 1988-nji ýyl, №1). Kämahallar, hatda ylymly-bilimli adamlaryň hem: “Biz eýýäm uýgunlaşypdyrys, hiç hili nitratlar bize täsir etmeýär” – diýýändiklerini eşitmek bolýar. emma bu beýle däldir. Bazardaky satyjylaryň biri bilen bolan ýene bir gür gürrüň hem ýadyma düşýär. Men oňa şeýle sorag berdim: - Mellekleriňizde moçewinany ulanýarsyňyzmy? - Ýok. Men indi sowatly adam. - Onda näme ulanýarsyňyz? - Diňe mineral dökünleri. Başga hiç zat. Emma. Şeýle hem bolsa, haçan-da betnyşan sypatly, büdür-südür gabykly, içi mämişi reňkli garpyz tümmeklerini göreniňde gynanýarsyň. Munuň özi olarda nitratlaryň has köp mukdarynyň bardygyna aýdyň şaýatlyk edýär. saralyp giden ullakan badamjanlaryň, içinden gök görünýän jaýryk-jaýryk pomidorlaryň ýagdaýy hem şolar ýaly. Şeýle önümler has-da howpludyr, sebäbi olaryň daşky sypaty boýunça ýagşysyny-ýamanyny tanamak örän kyn. Hatda ekini has ir ýetişdirjek bolup, olara himiki reaktiwleriň ukollaryny, hem ulanýarlar. Munuň özi jenaýatçylyk, adamlary aç-açan zäherlemek ahyryn. Geçen ýyl men bir gawun satyn alyp, ony ýaryp görenimde, içinde zaýalanyp ugran ýerini gördüm. - Bu näme etdigiňiz bolýar? – diýip, men satyjydan soradym. - Maňa pul gaty zerur gerek – diýip, ol arkaýyn jogap berdi. - Adamlar gawun üçin köp pul töleýärler, ony çagalaryna hem iýdirýärler ahbetin... - Gawun gymmat. Kän satyn alanoklar. Azajyk zat bolsa zyýan edip durasy ýok. Men şol wagt, şol wagtky Türkmenistanyň Tebigaty goramak baradaky döwlet komitetine jaň edip, bu ýagdaýy habar berdim. Emma şondan soň hem bazarda üýtgän zat bolmady. Şolar ýaly bakja we gök önümleri ösdürýänlere-de, satmaga getirýänlere-de, şeýle söwda rugsat berýänlere-de beýle ekologik medeniýetsizlik üçin utanç bolmaly. Satyjylaryň bazarda şol garpyzlary zöleriniň hem iýýändiklerini, çagalaryna-da iýdirýändiklerini görmek has-da aýylganç. Uzak wagtyň dowamynda ähli zatlar toprakda özleşýär, ol ýere näme düşende-de, ösümlik özüne gerekli zady alar diýlip hasap edilip gelindi. Hakykatda bolsa, ösümligiň toprakdaky zatlaryň ählisini alýandygy belli edildi. Şäherliler özleri üçin hem-de satmak üçin gök önüm, miwe ýetişdirmek maksady bilen, ýeriň her dabanyny peýdalanmaga çalyşýarlar. Uly ýollaryň gapdallarynda-da ekin ekilýän wagtlary bolýar. Ýollaryň golaýyndaky toprak awtomobillerde benzin ulanylmagy netijesinde emele gelýän gurşundan, tekerleriň sürtülmeginden ýüze çykýan kadmiden diýgundyr. Bu metallaryň ikisi hem adam organizmine düşmek bilen, agyr keselleri emele getirýärler, gan basyşyňy ýokarlandyrýarlar, böwrekleriňe gaty zelel ýetirýärler, süňkleriňi ýumşadýarlar. Şoňa görä-de, köp gatnawly awtomobil ýollarynyň gyralarynda mal bakmak, has beteri hem bede ýatyrmak zyýanlydyr. Şol zyýan zerarly etiň hem, süýdüň hem saglyga peýda bermejekdigi görünýär. Munuň tersine, ýoluň ýakalarynda güller oňat gögerip, adamlara şatlyk getirýär. Diýmek, tebigy şertler bozulanda gök önümleriň, miweleriň, ir-iýmişleriň zyýanlylary-da bar. Muny öndürijiler-de, satyjylar-da, alyjylar-da bilmelidirler. Häzir jemgyýetimiz umumyadamzat gymmatlyklaryna dolanyp gelýär. Allanyň esasy wesýetleriniň birinde: “Öldürme!” diýilýär. Şonuň üçin, petruşka bilen ukrop ekýänden başlap, et bile süýt öndürýäne çenli hemmeler muny ýatda saklamalydyrlar. Aýratyn ünü berilmeli meseleleriň ikinjisi – awuly himikatlar baradaky meseledir. Häzir biz olary durmuşda: mellekde, meýdanda, bagda örän arkaýyn, kämahallar bolsa seresapsyz ulanyp ugrapdyrys. • HAS ANYK DÜŞÜNMEK ÜÇIN “DDT, PHK, sewin, lindan, hlorofos we beýlekiler... ýürek-damar sistemasynyň kesellemeginiň ösmegine ýardam berýärler, ganyň biologik potensialyny we lipid düzümini bozmak bilen, ýüregiň we damarlaryň metatolizminiň üýtgemegine getirýärler... iýmit bilen birilikde agzyndan hlorofos berlen syçanlaryň 45 prosentinde, hamyndan berlen syçanlaryň bolsa 54 prosentinde howply çişmeler (rak, sarkomalar, angisorkomalar, ademonlar we beýlekiler) emele geldi. Hlorofos nesliň boýunyň ösmeginiň we nesiliň ösüşiniň yza galmagyna, onuň kelle beýnisiniň we süňk dokumalarynyň kemter ösmegine täsir edýär. şunda himikat aňryçäk rugsat berilýän möçberinden 4 esse az bolanda-da, kelle beýnä zelel ýetip biler, köplenç bolsa bu awuly himikatyň önümlerdäki konsentrasiýasy aňryçäk ýol bererli mukdardan artykdyr” (Şol makaladan alyndy). Başga ýurtlardan getirilýän kartoşkalara üns bermek gerek. Ýewropa kontinentinde kartoşkanyň ýaşyndaky ýapraklary iýýän kolorado kekenesi giň ýaýrandyr. Olary ýok etmek üçin awuly himikatlary, şol sanda hlorofosy hem ulanýarlar. Arassalanan kartoşka iýilmezden ozal, 4-5 sagatlap suwda saklanyp, soňra oňat ýuwulmalydyr. Eger ozallar wraçlar çagalarda allergiýa keselleriniň ýaýramagynda antibiotikleri günäkärlän bolsalar, indi munuň tebigatdaky ekologik deňeçerligiň bozulmagynyň netijesidigini aýtmaga esas bar. Ösen ýurtlarda zyýanly önümleriň öňüne birmahal material taýdan “böwet” basyldy. Magazinlerde-de, bazarlarda-da miwelere, gök, bakja önümlerine nyrhlar differensirlenilip, ýagny olaryň haýsy tehnologiýa boýunýa ýetişdirilendigine we düzüminde nämäniň bardygyna baglylykda bellenilýär. Iň gymmat önümler ekologik taýdan arassa bolýarlar. Şondan soňra bäş sany gradasiýa, ýagny yzygiderlilik berjaý edilýär. Şeýle etmek üçin bolsa bazarlarda önümlere oňat ekspertiza we kategoriýalar boýunça bölünen tekjeler gerek. Barlagdan geçmedik önümi satmagy gadagan etmek zerur. Mundan başga-da, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde her bir adam oba hojalyk önümlerini styn alanda, olardaky nitratlaryň düzümini kesgitlär ýaly ekspres-indikatorlaryň peýda bolandygy baradaky habarlar peýda boldy. Şeýle indikatorlaryň satuwda-da bolmagy barada alada etmek gerek. Dogrusyny aýtsak, “Barlanyldy, nitratlar ýok” diýlen ýazgylara kän bir ynam hem ýok. Azyk önümleriniň hiline kontrollyk etmek boýunça wedomostwodan daşary ekspres guluk döretmek gerek, ony barlaglar geçirmäge, şol sand agyr metallaryň mukdaryna hem barlag geçirmäge borçly etmeli. Ýörite şahadatnama bolmasa, bazarlarda we magazinlerde oba hojalyk önümlerini, şol sand eti hem satmagy gadagan etmek maksada laýyk bolardy. Bu barada metbugat, radio, telewideniýe boýunça ilaty öňünden habarly etmek zerur. Durmuşda tebigta mahsus bolmadyk polimer we sintetik materiallaryň ulanylmagy hem az howsala döretmeýär. Olaryň içinde ýaşaýyş jaýlarynda ulanmak maslahat berilmeýänleri-de bar. Meselem, giňden ýaýran agaç-ýonuşga plitalaryň (DSP) ýa-da “kragis” diýlip atlandyrylýan materiallaryň 70 prosenti ýonuşgadan we süýümden ybarat, başga ýerleri smoladyr. Olar gyzgynyň täsir etmegi netijesinde adamyň saglygy üçi ýaramsyz fenol bölüp çykarýarlar. Şeýle materialdan pol etmek ýol bererlikli däldir. Men köp belalar özümiziň ekologik taýdan sowatsyzlygymyz, inersiýa boýunça pikir etmegimiz netijesinde bolup geçýär diýsem, açyş etdigim bolmasa gerek. Eger şeýle bolsa, näme üçin Aşgabatda agşamky ekologik uniwersiteti açmaly dälmişin? Kiçi kärhanalar, kooperatiwler we beýlekiler ekologik taýdan arassa önümleri öndürmäge, diýmek, zerur serişdeleri bölüp bermäge gyzyklanýarlar ahbetin. Sebäbi häzirki wagtda geoekologiýa – munuň özi hem syýasat, hem praktika. Biz haýal-ýagallyk edýäris. Ýa-da betbagtlygyň bolaryna garaşýarysmy? Men şeýle uniwersitet üçin hem döwlet organlarynyň serişde tapjakdygyna ynanýaryn. Biz – alymlar bolsa, okuwlaryň iň ýokary derejede guralmagy üçin tagalla ederis. Kim KALÝANOW, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professory, ekolog, geografiýa ylymlarynyň doktory. “Türkmenistan” gazeti, 21.07.1992 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |