18:35 Ene-atanyñ perzendiñ öñündäki borçlary | |
ENE-ATANYŇ PERZENDIŇ ÖÑÜNDÄKI BORÇLARY
Pedagogika we edep-terbiýe
Saparmyrat TÜRKMENBAŞY: Ene-ata ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy hem ösüşi, olary okatmak barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, medeniýete aralaşdyrmaga, kanunlara, taryhy hem milli däp-dessurlara hormat goýmagy öwretmäge borçludyr. Kämillik ýaşyna ýeten çagalar öz ene-atalary barada alada edip, olara kömek berip durmaga borçludyrlar. Mukaddes Ruhnamadan Bir daragtyň nesliniň we jynsynyň dowam etmeginde tohum näme bolsa, ynsan nesliniň dowamaty hem çagadyr. Çagalaryny ahmal eden, olary ýat medeniýetlere siňip gitmäge ýol beren milletler ýitip ýok bolup gitmäge sezewar bolarlar. Jemgyýetiň gözgyny halyna düşen, terrorlar, serhoşlar, neşekeşler... düýn terbiýeleri ahmal edilen, gözden salnan çagalardyr. Biz şu günki ahmalymyz sebäpli, ertir köçelerimizi nähili nesilleriň doldurjagy hakynda, heý, oýlandykmykak?! Bu hakykaty pähim-parasatly Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle düşündirýär: «Türkmen halky perzendiň ata-ene öňündäki bergi-borjy barasynda birgiden pähim-paýhasy, ahlak kadalaryny işläp düzüpdir. Ol paýhas, ol kadalar müňlerçe ýyllyk durmuş tejribesiniň jeminden kemala gelipdir. Şolaryň esasynda türkmen maşgalasy ýaşapdyr, maşgalanyň esasynda bolsa jemgyýet ýaşapdyr. Diýmek, ahyrky netijede hemme zat jemgyýeti mäkäm, abadan saklamaklyga gönükdirilendir. Şonuň üçin hem türkmende şahsyýet gymmatlygy, maşgala gymmatlyklary we jemgyýetçilik gymmatlyklary aýry-aýry, bir-birinden tapawutlanýan, üzňe däl-de, eýsem, bitewi gymmatlyklardyr. Şeýle sazlaşyk türkmeniň millet hökmünde ýitmän ýaşap gelmegine ýardam etdi. Diňe sowet döwründe enäniň gyza, atanyň ogla garşy goýulmagy netijesinde milli gymmatlyklarymyza zeper ýetdi. Beýle edilmeginiň maksady türkmen maşgalasyny Munuň türkmen maşgalasyny ýykmagyň, türkmen milletini ýok etmegiň iň aňsat usulydygyna düşünilip, bilkastlaýyn edilýärdi.» Hawa, diňe tehniki üstünlige eýe bolan milletlerm däl, maşgala gurluşyna ähmiýet berip, kemally perzent ýetişdirip bilen milletleriň geljegi aýdyňdyr. Kämil ýetişdirilen nesiller bir milletiň dowamatydyr. Geljegini amal etjek kämil nesilleň ýetişdirip bilmedik bir milletiň ykbaly garaňkydyr. Elbetde, nesilleriň edep-terbiýesinde, olaryň ýagşy ýetişdirilmeginde esasy borjuň ene-atanyňkydygy şübhesizdir. Ene-ata çagalaryna eýe çyksalar, olaryň duýgularyny, düşünjelerini, ukyplaryny özlerine we halkyna peýdaly boljak derejede kämillige ýetiren bolsalar, milleti üçin täze we berk esas gazandyklary bolar. Gaýta, tersine, çagalaryny adamkärçilik sypatlary taýyndan terbiýelemegi ahmal eden bolsalar, halkyň arasyna zyýan berjek bir mahluk saldyklary bolar. Hawa, çaga ezizdir, terbiýesi ondanam ezizdir. Perzendiň terbiýesinde, ene-atanyň ornuny hiç kim tutup bilmez. Maşgalada çaga milli terbiýe esasyna görä terbiýelenmelidir. Şonuň üçin her bir türkmen ene-ata buýsanjymyz, geljegimiz bolan çagalarymyzy terbiýelemekde şu zatlara üns bermelidir. ■ Ene-atanyň ilkinji borjy çaganyň terbiýelenmegi üçin şert döretmelidir. Bu barada Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle düşündirilýär: «Eý, ata! Çagaň ahlagynyň aladasy ol dünýä inmänkä başlanýandyr. Bu barada men saňa bir hekaýaty gürrüň bereýin. Ol aslynda durmuş hakykaty bolup, soň türkmen ahlagynyň gözelligini beýan edýän hakykata öwrülipdir. Beýik türkmen akyldary Döwletmämmet Azady oglan okatmak bilen ýalkanan kişidir. Perzendi ýedi ýaşa ýetenden, ata-eneler çagalaryny Azadynyň ýanyna getirip: – Ahun aga, şu dogmamyza edep hem ylym beräýseňiz – diýer ekenler. Şonda akyldar: – Ylym bereýin, sebäbi ylym almagyň ýaşyna ýetipdir, emma edep has ir – çaga göwrede galan gününden başlanýandyr – diýer eken. Şonuň üçinem şu wagta çenli nähili terbiýe beren bolsaňyz, maňa şony kämilleşdirmek galýar. Adam – agaçdyr. Oňa nowçalykdan, körpelikden ideg etmeli. Agaç ep-esli boý alyp, egri ösüp ugransoň, düzetmek hyllalladyr.» Hawa, bir milletiň we jemgyýetiň kämilligi maşgala ojagyndan başlanýar. Çaganyň terbiýesi maşgala ojagyndan başlanan ýagdaýynda has netijeli we uzak ömürli bolar. Şeýlelikde, mekdep we daş-töweregi çaganyň terbiýesine öz goşandyny goşup, üstüni ýetirmelidir. Bu meselede esasy jogapkärçilik ene-ata we mugallymlaryňkydyr. Aslyýetinde jemgyýetiň her pudagynda işleýän adamlar hem ene-ata hem-de mugallymlardyr. Şol sebäpli Mukaddes Ruhnamada ene-ata we mugallymlara şeýle ýüzlenilýär: «Bilim» syýasatynyň baş maksady çagany köçe terbiýesinden halas etmekdir. Maşgala terbiýesini göwnejaý gurmaga ene-ata ýol görkezmekdir.» Şol sebäpli maşgaladan başlap, çaganyň ösüp ulalýan her menzilinde terbiýe üçin zerur bolan şertler döredilmelidir. Bu zerur şertleriň başynda durmuş gurjak gyz we oglanyň hemme tarapdan biri-birine deň bolmagyna üns bermelidir. Iň esasy üns berilmeli zatlar bolsa, arassa ahlaklylyk, dindarlyk, halallyk, asyllylyk ýaly päkize sypatlar bolmalydyr. ■ Ene-atasy çagasyna haram lukma iýdirmeli däldir. Halaldan gurlan maşgala ojagynda çaga ene göwresine geçenden başlap, onuň halal ryzk bilen ösdürilip ýetişdirilmegi möhümdir. Haram lukma çaganyň terbiýesine ters täsir edýändir. Bu barada Mukaddes Ruhnama kitabynda sapak alarlykly şeýle waka aýdylýar: «Magtymguly ýonaçylaryň obasynda juda halalhon kişi ýaşaýan eken. Ýatanda-turanda «Hak» diýip ýören kişiniň ömründe özi üçin juda ýakymsyz waka bolup geçipdir. Ol bir gezek tötänlikden öz oglunyň goňşularyň bagyndan ogurlyk edenini görüp, heýhaty uçupdyr. Öýüne gelip, aýalyna gürrüň beripdir. Iki bolup bu gelşiksiz hereketiň – özlerine mynasyp däl wakanyň sebäbini özlerinden gözläp ugrapdyrlar. Birdenem sebäp aýalyň ýadyna düşüpdir. Ol: – Kakasy, günä mende. Men şu oglan göwrämdekä, agzym bimaza günleriň biri göwnüm gidip, eýesinden soraşman, goňşymyzyň bagyndan alma ýolupdym – diýipdir. Bu wakada uly hikmet bar. Beden halal bolmasa, ruh halal bolmaz, ruh halal bolmasa, beden arassalanyp bilmez. Adam beden bilen ruhuň ýönekeý jemi däl, olaryň täsin, göze görünmez utgaşygydyr. Bularyň nirede haýsysynyň gutaryp, haýsysynyň başlanýandygyny aýtmak çetin. Beden bilen ruhuň serhedi bize görünýän dünýäniň o tarapyndan geçýändir. Perzendiň binýadyny halaldan tut! Halal iýdir, halal geýindir, köňlüňe halallyk guý! Haramlygyň netijesi – biedeplik, halallygyň netijesi edeplilikdir. Edep perzendiň bagtynyň girewidir! Bagt hem, betbagtlyk hem azaşyp gelýän däldir. Halal', edepli bolsaň, bagtyň özi geler, çünki halallyk bagtyň küýsegidir. Haram, biedep bolsaň, betbagtlygyň özi geler, çünki haramlyk betbagtlygyň iýmitidir. Perzendinden haramlygyň ysy kükäp dursa, alnyndan betbagtlyk aýrylman geçer!» ■ Ene-atasy çagasyna hemişe ýagşy doga-dileg eder. Dünýe durmuşynda ýaşaýyş sebäpler zynjyry arkaly dowam edýär. Emma sebäplere esaslanmak netije üçin hemişe ýeterlik bolman biler. Pygamberler hem ynsanyň ýagşylygy üçin tabşyrylan wezipäni kemsiz ýerine ýetirendirler, ýöne olar dogryny tapmaklary üçin Alla ýalbarmakdan üzňe bolmandyrlar. Çünki Allanyň hemaýaty, umuman, ynsanyň daşky hereketleri däl-de, içki duýgularyna görä bolup geçýändir. Şonuň üçin çaganyň edep-terbiýesinde, onuň ýetişdirilmeginde Allanyň hemaýatyna hökman zerurlyk bar. Munuň esasy bolsa iň gözel görnüşde doga-dileg arkaly gazanylar. Doga-dilegsiz edep-terbiýe, Allanyň mülküde Onuň hemaýaty bolmazdan, bir işi öz güýjümize amal etmäge synanyşmakdyr. Bu demri suw bermezden, polatlamaga synanyşyga meňzär. ■ Çaga dünýä inmezden öň ediljek doga-dilegler. Gurhany kerimde çaga dünýä inmänkä edilen doga- dileglere ýagşy mysallar bar. Hezreti Ybraýym aleýhissalam oda atylanda, Allanyň gudraty bilen halas bolýar we küfür diýaryndan aýryljak wagty şeýle dileg edýär: «Allam, maňa salyh bir perzent ber!» (Saffat, 100). Allatagala oňa bu doga-dilegden soň Ysmaýyly berýär. Hezreti Ybraýym bilen Ysmaýyl Käbäni täzeden gurup berýärkäler, şeýle dileg edýärler: «Eý Rabbymyz! Bizi saňa boýun egenlerden kyl, neslimizden saňa tagat-ybadat kylan bir ymmat döret..» (Bakara, 128). Ybraýym aleýhissalam şu dileginde bolsa dünýä injek çagalaryň namaz okanlardan bolmagyny dileýär: «Eý Rabbym! Meni we neslimden önenleri hemişe namaz okanlardan eýle, eý Rabbym, dogamy kabul et!» (Ybraýym, 40). Şu doga-dileg bolsa entek öýlenmänkäň ediljek mazmuny giň bir doga-dilegdir: «Olar şeýle dileg ederler: Rabbymyz, bize gözaýdyňlygy, ýanýoldaşlar we zürýatlar nesip etdir, bizi takwa eýesi bolan jemagata ýolbaşçy kyl» (Furkan, 74). Är-aýal şu hadysda aýdylan çäräni hem ýatdan çykarmaly däldir: «Siz är-aýal bolup gatnaşyk etjek wagtyňyz «Bismillah, Allam şeýtany menden we bize beriljek perzentden daş et diýseňiz, Alla-da bu gatnaşykdan size bir çaga berse, şeýtan oňa ebedi ýakynlaşyp bilmez.» (Buhary). Çaga dünýä inenden soň ilki edilmeli aladalaryň biri azan aýtdyrmak we doga-dileg etmekdir. Hezreti Äşe enemiz şeýle gürrüň berýär: «Resulyllaha çagalar getirilerdi. Ol hem olara bereket bilen doga-dileg ederdi» (Ebu Dawut). Şonuň üçin täze dünýä inen çaga maşgalanyň ýaşulusyna ýa-da töwerekdäki bir hormatlanýan ýaşula azan aýtdyryp, dileg etdirmek zerurdyr. Çagalar üçin doga-dilegi üznüksiz dowam etdirmek iň laýygydyr. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem her pursatda agtyklary Hasan bilen Hüseýin üçin Ybraýym aleýhissalamyň ogullary Ysmaýyl we Yshaka eden şu dilegini gaýtalardy: «Euzu bikelimätillähi tämmeti min külli we hämmetin we min aýnin lämmetin». Manysy: Allanyň doly kelimeleri bilen her bir şeýtandan, öldüriji zäher göterýänlerden, kem gözlerden saňa sygynýaryn» (Ebu Dawut). Çagalara gargamak ene-ata gelişmeýän hal-hereketdir. Ýürekden bolsa-da, gargyş aýtmaga dilimizi öwrenişdirmek dogry däldir. Pygamberimiz aleýhissalam çagalara gargyş etmegi gadagan edipdir we bu barada şeýle diýipdir: «Çagalaryňyza gargyş okamaň. Allanyň doga-dilegleri kabul edýän belli bir wagty bardyr, eger siziň gargyşyňyz şol wagta duş gelse, Alla ony siziň zyýanyňyza-da bolsa kabul eder.» (Ebu Dawut). Bir wagtlar gadymy Merwde ýaşap geçen meşhur hadys alymy Abdullah bin Mübäregiň ýanyna bir adam gelýär, çagasynyň ýaramaz gylyk-häsiýetinden zeýrenýär. Ibni Mübärek «Çagaňa, heý, gargyş okaýaňmy?» diýip soraýar. Çaganyň kakasy «Hawa» diýip jogap berende, Ibni Mübärek «Men näme edeýin, sen çagaňy öz eliň bilen bozupsyň» diýip aýdýar. Bulardan başga pähim-parasatly Türkmen ene-atasy çagasy dil açyp başlanynda oňa ýagşy doga-dilegleri, aýat-töwirleri, edep kadalaryny öwretmelidir. Türkmeniň bu asylly däbi hakynda Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle aýdylýar: «Türkmen halky yslam dinine kalby bilen, köňli bilen, ýüregi bilen ynanyp, ony özüniň ozaldan gelýän ynançlary bilen, adaty, däbi-dessury bilen utgaşdyryp, ruhuna siňdiripdir. Türkmen Gurhanyň, hadyslaryň ähli oňatlyklaryny ýörelge edinen halk. Ol bir taňra uýýar. Ol ýeke-täk Allanyň gudratyna ynanýar. – Kimiň guly bolarsyň? – Allanyň guly bolaryn! – Kimiň ymmaty bolarsyň? – Muhammet ymmaty bolaryn!.. – diýip, türkmen çagasyna-da dil bitip ugrandan, şony gaýtaladyp, bu dini nesillere wagyz edýär. Diňe oňat zatlar wagyz edilýär. Wagyz edilýän, ýatda galýan zutlar halkyň ýüregine ornaşýar. Halkyň ýüregine ornaşýan zatlar şol halkyň ýoluny ýagtyldýar.» ■ Ene-ata çagasy dünýä inende oňa ýagşy at dakmalydyr. Çaga many-mazmunly, ýagşy at dakmak ene-atanyň ilkinji wezipelerindendir. Türkmençilikde çaga doglandan bir hepdäniň içinde atasy ýa-da kakasy tarapyndan, ýogsa-da dini bilimi bolan biri Çagyrylyp, sag gulagyna azan, çep gulagyna bolsa kamat okalýar, soňra ylalaşylan at dakylýar, ýagşy doga-dilegler edilýär we sadaka berilýär. Muňa bäbek toýy diýilýär. Mukaddes Ruhnama kitabynda bäbek toýy hakynda şeýle aýdylýar: «Täze doglan çagany türkmen tutumly toý bilen garşy alýar. Munda uly many bar, munuň özi ýaşaýşyň gözelligini, adama berlen ömrüň bagtlylygyny ykrar etmekdir.» Çaga ýagşy at dakmak bilen baglanyşykly Pygamberimiz biziň ünsümizi şu zada çekýär: «Kyýamat-magşar güni atlaryňyz we atalaryňyzyň atlary bilen çagyrylarsyňyz. Şonuň üçin ýagşy atlar saýlaň» (Ebu Dawut). Pygamberimiz käbir adamlaryň adyny erbet bolany üçin üýtgedipdir. Birden köp ady ýa-da lakamy bolanlaryň iň ýagşy at ýa-da lakamy bilen çagyrylmagyny ündäpdir. Şeýle hem alymlar gyz bilen oglana dakylan birmeňzeş atlary çagalara dakmakda seresap bolmalydygyny aýdýarlar. Sebäbi bu atlar çaganyň ýaňsa alynmagyna sebäp bolup biler, bu bolsa çagada içki duýgularyň çaknyşygyny döreder diýip belleýärler. Çaga ýagşy at dakmak hakynda ybrat alarlyk şeýle bir waka bolýar: Bir ata çagasynyň ýaramaz häsiýetlerinden ýaňa nägile bolup, Hezreti Omaryň (Alla ondan razy bolsun) huzuryna barýar. Çagasynyň özüne boýun bolmandygyny aýdýar. Hezreti Omar şol çagany ýanyna çagyrdýar we çagadan kakasyna näme üçin boýun bolmandygyny soraýar. Çaga şeýle jogap berýär «Eý müminleriň emiri, kakanyň çagasynyň öňünde hiç hili haky ýokmy?» Hezreti Omar: «Elbetde, bar, olar: kaka ilki bilen çagalary üçin arassa ahlakly, dindar ene saýlamaly, soňra çagasyna ýagşy at dakmaly, belli ýaşa gelende Gurhan öwretmelidir» diýip düşündirýär. Bu düşündirişden soň çaga sözüniň üstüni şeýle ýetirýär: «Eý müminleriň emiri, kakam bu aýdanlaryňdan hiç birini berjaý etmedi. Maňa ene hökmünde bir otparazy saýlady, at hökmünde pyşdyl manysyny aňladýan bir at dakdy. Gurhandan bolsa ýeke harpam öwretmedi! « Çagadan bu manyly we ybratly jogaby alan Hezreti Omar oglanyň kakasyna ýüzlenip: «Aslynda, sen çagaňa garşy gidipsiň, ol saňa erbetlik etmezden, sen oňa erbetlik edipsiň» diýip jogap berýär. ■ Ene-ata öz jigerbendini erbet nazardan goramalydyr. Çaga dünýä inenden soň, iýmitine, saglygyna, geýimine-gejimine üns berşimiz ýaly, ony hapa we haýyn nazardan goramak möhümdir. Çünki duýgusy, düşünjesi, sözi hapa kişiniň gözüniň şöhlesi çaganyň inçe duýgularynyň ýitmegine täsir edýär. Şonuň üçin pähim-parasatly türkmen atasy çagasynyň bile oýnaýan ýoldaşlaryndan okajak mekdebine, saýlajak kesp-kärinden işdeş ýoldaşyna çenli her bir zadyna üns bermelidir. Bu meselede seresap bolmaly, ätiýaçlylygy elden gidirmeli däldir. Mukaddes Ruhnamada bu barada şeýle aýdylýar: «Eý ene! Seniň halallygyň çaganyň kalbyny göz-dilden gorap saklajak iň uly keramatdyr!» ■ Ene-ata gürleşmek edebini bilmelidir. Ähli oý-pikirlerimizde, hal hereketimizde, hatda ýanýoldaşymyz bilen ikiçäk gürrüňdeş bolanymyzda, beýleki gatnaşyklarymyzda hemişe ünsde saklamaly zadymyz – çaganyň aň-düşünjesine täsir etmegini isleýän mowzuklarymyz bolmaly. Elbetde, bir maşgalada her dürli mowzuk barada gürrüň ediler. Emma çaganyň ýanynda gürleşilende onuň bilen baglanyşygy bolmadyk, oňa peýdasy degmejek meseleleri onuň ýanynda gürrüň etmeli däl, oňa zyýan berjek mowzuklary gürleşmekden bolsa ägä bolmaly. Çaganyň ruhunda we kalbynda ornaşyp ösjek hususlar has gowy kesgitlenmeli. Öýde, işde, çagalarymyz ýanymyzda bolan wagtlary hemişe etjek gürrüňlerimizde olary hasaba almaly. Mümkingadar olaryň ýanynda Alla, Alla iman, Onuň beren nygmatlary, Watana, millete wepalylyk, ene-ata, ýaşululara sylag-hormat, dogrulyk, halallyk we ş.m. hakynda söhbetdeşlik guramaly. Umuman aýdanyňda, öýde çaganyň ýanynda edýän söhbetimiz, geljekde onda bolmagyny arzuw eden mowzuklarymyz barada bolmaly. Şeýlelikde, şol zatlar wagtyň dowamynda çagada maksada öwrüler. ■ Ene-ata mähir we söýgüde deňagramly bolýandyr. Çaga Allanyň bize beren amanadydyr. Biziň oňa bolan söýgimiz hem Rahman we Rahym bolan Allanyň sowgadydyr. Alla ony çagamyzy terbiýelemegimiz üçin beripdir. Şonuň üçin çagalarymyzy terbiýelemekde olara bolan söýgimiz, söýýän we söýmeli zatlarymyz, olaryň çägi uly ähmiýete eýedir. Hemme zatdan öňürti çaganyň ýüreginde Watana, milli gymmatlyklara, dinine, diline, taryhyna, däp-dessurlaryna uly söýgi, sylag-hormat we buýsanç duýgusyny döretmeli. Ene-atany, dogan-garyndaşlaryny, dost-ýarlaryny, milletini, bütin ynsanlary hatda beýleki janly-jandarlary, tebigaty söýmegi, sylamagy öwretmelidir.Olary belentde tutjak, abraýyny artdyrjak gujur-gaýraty, halallygy, batyrlygy, wepalylygy, mertligi, edermenligi öz durmuşymyzda nusga bolup görkezmeli. Çünki Mukaddes Ruhnama kitabynda bellenilişi ýaly: «Adam söýgi basgançagyna münüp, Ýagşyzada bolup biler.» Şol sebäpli-de, esasy söýgi köňülleriň soltany Alla gönükdirilmelidir. Alladan soňra söýgä iň mynasyp – Watandyr. Watan söýgüsi hakynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Mukaddes Ruhnama kitabynda şeýle diýýär: «Edebiň ýagşysy Watany söýmekdir. Watan gymmatlygy Watanyň ezizligi bilen kesgitlenilýär. Çünki ol adama berlen sanlyja ezizlikleriň biridir. Ýeke-täk ezizlikleriň hatarynda Watandan başga Allanyň birligini hem-de janyň birligini ýatlap bolar. Bu üç ezizligiň haýsy has ýokary, olaryň ezizden ezizi haýsy diýip soralsa, şeýle diýgin: ezizlikleriň haýsy haýsyna gurban bolýan bolsa, soňkusy ýokarydyr. Jan Watana, Watan bolsa Alla gurbandyr. Eýsem,jandan eziz diňe Watan, Watandan ýokarda bolsa, diňe Alla bardyr. Çünki Alla Watandan soňam gerekdir, Watan bolsa, jandan soňam zerurdyr. Düşün: kyýamat-magşarda Watan gaýyplyga, wepat edeninden soň bolsa, jan gaýyplyga öwrüler. Haýsy pursatda gopjagyny bir Alla bilýän harasat gününe çenli Watanyň goýnunda ýatjaksyň.» ■ Türkmen ene-atasy rehim-şepagatlylykda hem nusgadyr. Bu ýerde asyl maksat çagalarymyzy rehim-şepagatly edip ýetişdirmekdir. Bu hem öz durmuşyňda görelde görkezmek bilen mümkin. Mysal üçin, kömege mätäç birini göreniňde, ene-ata biri-birinden öň oňa ýagdaýyna görä kömek etjek bolup jan etmeli. Şeýdip, çagalarymyzy rehim-şepagatly edip terbiýelejek bolmaly. Hawa, rehim-şepagatlylyk juda möhümdir. Jomartlyk, elaçyklyk, mertlik, rehim-şepagatlylygyň bir netijesidir. Şonuň üçin çagalarymyzyň bahyl, görip, harsydünýä, gysyk bolmagyny islemeýän bolsak, özümiz ýaşaýşymyz bilen olara rehim-şepagatlylykda, jomartlykda, mertlikde nusga bolmalydyrys. Çünki husyt biriniň musulman hem bolsa, jennete girmegi gaty kyndyr. Jomart, sahy bir adam fasyk hem bolsa, jennete arkaýyn girip biler. ■ Türkmen ene-atasy çagalaryna adalatlydyr. Türkmen çagalaryny ogul-gyz diýip tapawutlandyrmaýşy ýaly, birini beýlekisinden artyk tutmaýar. Bu barada sähel goýberilen ýalňyşlygyň çagalara ýaramaz täsir edýänini hökman hasaba almaly. Bir maşgaladaky çagalaryň biriniň beýlekilerden sähel artyk tutulmagy beýlekilerde gysgançlyk, husytlyk, bahyllyk duýgusyny oýarar, doganlar biri-birine duşman bolup galar. Bu hakykata Gurhany kerimde Ýusup aleýhissalamyň kyssasy aýdyň mysaldyr. Mälim bolşy ýaly, Ýusup aleýhissalam düýşünde ýyldyzlaryň, Aýyň, Güneşiň özüne sežde edýänini görýär. Bu begeniljek we buýsanyljak habary kakasyna aýdanda, Ýakup aleýhissalam: «Oglum, düýşüňi doganlaryňa aýtma!» (Ýusup, 5) diýýär. Pygamberlik parasady bilen ynsanyň ýaradylyşyny juda gowy bilýän beýik ynsan – Ýakup aleýhissalam bu meseläniň doganlar arasynda göriplik, bahyllyk duýgularyny oýarjagyny bilýär. Ýöne, gynansagam, doganlary Ýusup aleýhissalamy öldürmek üçin guýa taşlaýarlar. Endişe eden zatlary bolup geçýär. Diýmek, bu waka pygamber ojagynda hem bahyllygyň, husytlygyň, göripligiň ynsany nähili erbetlige itekleýändigini görkezýär. Hawa, çagalardan birini beýlekisinden söýgi, rehim we ş.m... hususlarda artyk tutmak doganlarda dürli ýaramaz duýgulary oýarjakdygy we ene-atanyň bilmezden edýän dürli hereketlerinden ötri çaganyň aňynda gizlin ýigrenç duýgularyny ýüze çykarar. Şeýle hem Ýusup aleýhissalam kyssasy bize söýgüde adalatyň bolup bilmejegini aňladýar. Asyl mesele, çagalaryň maddy zerurlyklarynyň üpjün edilmeginde, sowgat ýaly zatlarda adalatly bolup, bu artyk söýginiň belli edilmezligidir. Çaga ene-atasy taýdan möhüm zat, söýülýändigine ynamdyr, çagamyz bolanlygy üçin ony söýýändigimizi oňa ynandyryp bilmekdir. Bu mesele bilen baglanyşykly Pygamberimiz döwründe şeýle bir waka bolup geçýär: «Saha-badan Numan bin Beşir, ýagny Numanyň kakasy Hezreti Beşir (Alla olardan razy bolsun) bir gün Pygamberimize gelip, şeýle aýdýar: – Eý Allanyň Resuly, başga çagalarym-da bar, ýöne Numan beýlekilerden üýtgeşik. Rugsat berseňiz, mal- mülkümiň şonça-syny Numana bermek isleýärin. Pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem: – Beýleki çagalaryňa-da şonça berdiňizmi? – diýip soraýar. Beşir: – Ýok – diýýär. Resulyllah (sallallahu aleýhi wesellem) bu gezek jemagata ýüzlenip şeýle aýdýar: – Alladan gorkuň we çagalaryňyzyň arasynda adalatly boluň. Soňra Beşire öwrülip: – Sen çagalaryňyň hemmesiniň saňa deň dereje hormat etmeklerini islärmiň? – diýýär. Beşir bolsa: – Hawa islärin – diýeninde, Pygamberimiz: – Onda, beýle etme» diýýär (Buhary). Ýagny, diňe ýekeje çaga däl, hemmesine deň hukukly bol, ýogsa olardan hukugy kemsinenleriň saňa garşy ýagşylyk duýgulary azalar. ■ Türkmen ene-atasy är-aýal mährem gatnaşyklaryny çagadan gizlin saklamalydyr. Türkmen ene-atasy ar-namysyň nusgasydyr. Ol kiçi ýaşly çagasynyň düşünip bilmejek, ýöne zehinine täsir etjek mährem hal-hereketlerini gizlin saklamalydyr. Şeýle hem ene-ata we beýleki maşgala agzalary biri-birine, hatda kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryna-da uýat ýerlerini görkezmeli däldir. Rugsat soramazdan, ene-ataň otagyna girmegine çaga rugsat bermeli däl. Gurhany kerimde: «Eý, iman edenler, eliňizdäki gul we hyzmatkärler, içeriňizdäki kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryňyz otagyňyza girmek üçin şu üç wagtda hökman rugsat sorasyn: ertir namazyndan öň, günortan dynç almak üçin eşikleriňizi aýyrýan wagtyňyz we ýassy namazyndan soň» (Nur, 58). ■ Türkmen ene-atasy perzendine hemme taraplaýyn ýagşy görelde bolmalydyr. Terbiýäniň iň täsirlisi aýdan nesihatlaryňy iş ýüzünde görkezmekdir. Sözüň bilen hereketiň deň gelmegidir. Mysal üçin, Watan üçin şirin jandan geçmek gerekdigini aýdyp, özümiziň bize ynanylan wezipäni şahsy bähbidimize ulanandygymyzy görse, ýalan sözlemegiň, ogurlygyň, haramlygyň, binamyslygyň we ş.m. gylyk-häsiýetleriň erbetligi hakynda nesihat edip, şahsy durmuşymyzda çaga beren sözümizi ýerine ýetirmesek, aç-açan haramlyk etsek, onda çaga beren nesihatlarymyzyň hemmesi netijesiz galar. Şonuň üçin, çagamyzyň nähili terbiýelenmegini isleýän bolsak, durmuşda oňa görelde bolmalydyrys. Hawa, söz bilen amalyň bütewiliginiň çaga terbiýesindäki täsiri, ýagny, çaganyň halallygy hakynda Ymam Agzamyň başyndan geçendigi aýdylan şu tymsaly aýtmakçy: Şol döwürde bir çagajyk bal iýse ýarawsyzlaşýar eken. Çaga, näçe gezek «Balam, bal iýme! Keseliň beterleýär» diýilse-de, hiç hili gulak asmaýar. Soňunda naçar galyp, çagany Ymam Agzamyň huzuryna getirýärler we «Bu çaga näçe diýsegem, bizi diňlänok, bal iýme diýsegem, gulak asmaýar» diýýärler. Ymam Agzam: «Çagany äkidiň, kyrk gün soň getiriň» diýýär. Kyrk günden soňra çagany getirýärler. Ymam Agzam çagany öňünde oturdýar, oňa «Bal iýmäni bes et!» diýýär. Çaga ýerinden turýar-da, kakasyndan ötünç sorap, indiden beýläk bal iýmejegine söz berýär. Hossarlary: «Eý Ymam, näme üçin ilkinji gelenimizde nesihat etmediň, bizi kyrk günläp garaşdyrdyň?» diýip soranlarynda, Ymam Agzam şeýle jogap berýär: «Siz çagany maňa getiren günüňiz men bal iýipdim. Eger özümiň eden işimi, onuň taşlamagyny isleýän bolsam-da, mümkin, nesihatym tasir etmän bilerdi. Men kyrk günläp bal iýmäni bes edip, ony bedenimden aýyrdym. Çünki ýürekden çykan sözler ýürege barýar.» Mukaddes Ruhnama kitabynda pähim-parasatly Türkmen ene-atasyna ýagşy görelde bolmak bilen baglanyşykly şu gymmatly maslahat berilýär: «Perzent edep görmese, edep görkezmez. Edebiň iň ýagşysy bolsa, öz-özüňi çäklendirmekdir. Göwnüňe gelen zady edibermek, haram islegleriň öňünde ejizlik il içinde biabraýlyga, diliň gysgalygyna, ýüzüň ýere salynmagyna getirer. Seniň biabraýlygyň bolsa perzendiň adyna uly tegmildir. Türkmende ata akyl-parasadyň, watanparazlygyň, ar-namysyň, adalatyň nusgasy. Türkmende ata terbiýe beriji hökmünde göz öňüne gelmeýär, ata çagasyna hiç haçan eýle bol, beýle bol diýip aňsat-aňsat pent etmeýär. Ata öz perzendine nähili bolmalydygyny, nähili ýaşamalydygyny durmuşda öz işleri, bolşy, edim-gylymy bilen nusga bolup görkezýär. Ata öz perzendine näme diýjek bolsa, nazary bilen diýip bilyär. Mirasyň ýagşysy edepdir. Edepli perzent il içinde halal ýaşamagyň tärini atasyndan öwrenen perzentdir. Perzent seniň synaň bir bölegidir, synaň bölegine özüň jogapkärsiň. Eger ol zaýalansa, tutuş bedeniň hassa bolar. Eziz ata-ene, sen öz jigerbendiňe: Halal bilen haramyň arasyny açyp ber. Ýalan bilen çynyň arasyny açyp ber. Ýagşylyk bilen ýamanlygyň arasyny açyp ber. Zähmet bilen harsydünýäligiň arasyny açyp ber. Ylym bilen nadanlygyň arasyny açyp ber. Haýyr bilen şeriň arasyny açyp ber. Şularyň arasyny dil bilen däl, iş bilen açyp berseň, perzendiňe terbiýe berdigiňdir.» Mukaddes Ruhnamanyň dili bilen jemläp aýtjak bolsak: «Türkmen ata-babalarymyz merdana halk bolup, öz geljekki nesillerini eneleriniň göwresindekä terbiýeläp başlapdyr. Türkmen çagasy 10-12 ýaşynda kämillige, batyrlyga, milli terbiýä we uly durmuş gözýetimine eýe bolupdyr. Şol sebäplere görä, ten sagdynlygy, akyl päkligi, ýürek arassalygy türkmene mahsus bolupdyr. Pähim-parasatly türkmen atasy öz çagalaryna terbiýe bermek üçin onuň özi oňat şahsy görelde görkezmelidir, çagalar bilen mährem bolmalydyr, sadalyk, rehimlilik, gülerýüzlülik, söýgi, üns-alada çagalary gurşap almalydyr, ata adalatly bolmalydyr. Türkmen çagasy halal, watanyna wepaly, sazlaşykly ösen, sagdyn pikir ýöredýän, jomart we jogapkärçiligi duýýan adam bolup ýetişensoň, ata-enäniň soňky borjy perzendine şular bolmalydyr: birinjiden, hünärli bilim bermelidir, ikinjiden, öý tutup bermelidir, üçünjiden, öýermelidir! Ondan soň türkmen ýigidi öz durmuş ýoluny öz güýji bilen geçmeli. Ine, biz şu üç borjy türkmen ilimizde esas edineliň! Her bir zat babatda maksadymyz aýdyň bolsun!» | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |