21:55 Erkekleri tozanyna garan zenanlar -1: Rozalind Franklin | |
UGURLARYNYÑ ÖÑDEBARYJYLARYDY, ÝÖNE ÇEKEN ZÄHMETLERI "OGURLANDY", ÜSTÜNLIKLERINIÑ ÜSTI ÖRTÜLDI: ERKEKLERI TOZANYNA GARAN 12 ZENAN:
Zenan şahsyýetler
Gündelik durmuşda edýän hysyrdyly işleri görülmän ezilen aýal-gyzlar ylym-bilim, sungat, çeper edebiýat ýaly ugurlarda-da ýüzlerçe ýyllap zähmet eksplutasiýasyna uçrady. Aralaryndan az sanlysy sessizligi böwsüp bilenem bolsa, köpüsiniñ başdan geçirenleri bireýýäm ýatdan çykyp gitdi. Ýene bir 8-nji mart ýetip geldi. Aýal-gyzlar häzirem dünýäniñ çar künjünde "hak-hukuk gyradeñligi" üçin göreşýärler. Ýöne bu göreş täze däl. Taryhda şeýle aýallar bar welin, olar resmi taryhyñ özüniñem görmezlige salan, gazanan üstünliklerini erkekleriñ hasabyna ýazan, olaryñ iñ ýakynyndaky erkekler tarapyndan zähmetleri ogurlanan, bilkastlaýyn üsti örtülen aýallar. Gündelik durmuşda edýän hysyrdyly işleri görülmän ezilen aýal-gyzlar ylym-bilim, sungat, çeper edebiýat ýaly ugurlarda-da ýüzlerçe ýyllap zähmet eksplutasiýasyna uçrady. Aralaryndan az sanlysy sessizligi böwsüp bilenem bolsa, köpüsiniñ başdan geçirenleri bireýýäm ýatdan çykyp gitdi. Kimler ýok bu sanawda?.. • DNK-nyñ molekulýar gurluşyny tapdy, üstünligi iki erkegiñ adyna ýazyldy: Rozalind Franklin XX asyryñ iñ uly ylmy ýeñişleriniñ birem DNK-nyñ (Дезоксирибонуклеиновая кислота) molekulýar gurluşynyñ çözülmegidir. Jeýms Uotson we Frensis Krik 1953-nji ýylda DNK-nyñ ikileýin spiral gurluşyny ýüze çykaryp, taryhy üstünligiñ awtory boldular. Bu uly üstünlikleri üçinem 1962-nji ýylda fiziologiýa we medisina boýunça Nobel baýragyna mynasyp boldular. Emma köpleriñ bilmedik bir hakykaty bardy, olam DNK-nyñ molekulýar gurluşyny täze synag tilsimi arkaly sudurlandyryp, şol wagta çenli görülmedik anyklykda fotosurat düşüren Rozalind Franklinden başga hiç kim däldi. Uotson we Krik bu fotosuraty gören batlaryna DNK-nyñ gurluşyny çözdüler we açyşlaryny 1953-nji ýylyñ 25-nji aprelinde "Nature" žurnalynda çap etdirdler. Emma Frankliniñ fotosuraty heniz ylym dünýäsine mälim edilmändigi üçin ony agzamadylaram. Frankliniñ özem fotosuratyñ görleninden habary ýokdy, eger muny Frankline aýtsalar, onda onuñam adyny makala goşmaly boljakdy. Uotson we Krik 1962-nji ýylda Nobel baýragyny gowşuryş dabarasynda sözlän sözlerinde Rozalind Frankliniñ adyny agzaman oñdular. Gaýtam Jeýms Uotson Rozalind Frankliniñ 38 ýaşynda aradan çykan wagtyndan dokuz ýyl geçensoñ, 1967-nji ýylda çap edilen kitabynda Rozalind Franklini agressiw häsiýetli biri hökmünde görkezdi we jynsparazçylykly sözler bilen onuñ mertebesini peseltdi. Jeýms Uotsonyñ we Frensis Krikiñ adamkärçiliksiz hereketleri ylym dünýäsinde has soñ aýan boldy we giñ jemgyýetçilik gatlaklary tarapyndan ýazgaryldy. (dowamy bar)... Müžgan HALIS. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |