00:39 Ermeni pähimleri | |
ERMENI PÄHIMLERI
Sözler
Garyp towuk iýse, bir emmasy bardyr. Ýa özi näsaglar, ýa-da towugy. * * * Garybyñ içerisini talamak kyrk garakça-da başartmaz. * * * Gorkak it alysdan üýrer. * * * Gün - säherinden belli, ýyl - baharyndan. * * * Düýe äpet, ýöne onam dyza çökerýärler. * * * Ýüpüñ - uzyny ýagşy, gepiñ - gysgasy. * * * Süýji söz baldan datly. * * * Dili uzynyñ ömri gysga. * * * Ogul enesi üçin aýasynda ýumurtga gowursa-da, ýene enesine bergilidir. * * * Ýada ýarysyny ber, dosta - barysyny. * * * Çök düşüp ýaşanyñdan, dik durup öleniñ ýagşy. "Edebiýat we sungat" gazeti, 19.10.1977 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |