23:53 Ermenistanyň ýeke-täk çykalgasy | |
ERMENISTANYŇ ÝEKE-TÄK ÇYKALGASY TÜRKIÝÄNIŇ ÜSTÜNDEN GEÇÝÄR
Publisistika
Söwdany giňeltmek we serhetleri täzeden açmak ýaly köre-hasa bähbitleri üpjün etmäge ukypsyzlygy premýer-ministr Nikol Paşinýanyň syýasy geljegini howp astynda goýup biler, çünki Ermenistanyň ýeke-täk çykalgasy Türkiýäniň üstünden geçýär. Azerbaýjanyň 24 sagadyň içinde bada-bat üstünlikli amala aşyran terrora garşy amalyýaty Ermenistanda başagaýlyk turuzdy. Ermeni milletçileri Daglyk Garabagy taşlap barýan ermenileriň suratlaryny 1915-nji ýyldaky sürgün edişik bilen deňäp, ody hasam ölçerýärler. Närazylyk çykyşlary tutuş ýurdy gurşap alýar: çykyş edýänler premýer-ministr Nikolo Paşinýany hereketsizlikde aýyplap, onuň “bizi satandygyny” yglan edýärler. Ýogsa-da, soňky ýyllarda Ermenistanda nämeler bolup ýör? Paşinýan ilki häkimiýete gelen wagty birmahaldan bäri çözülmän gelýän düýpli meseleleriň paýhasa laýyk çözgütlerini teklip edip, halka umyt beripdi. Emma ol Russiýa we Günbatar bilen gatnaşyklaryň arasynda deňagramlylygy ýola goýmakda kynçylyga duçar boldy. 2020-nji ýylda Garabagda Azerbaýjanyň üstünlikli harby amalyýatyna ilkinji nobatda hut şu daşary syýasat deňagramsyzlygy sebäp bolupdy. Moskwa Ýerewany ýekeläp, ony Türkiýeden goldaw alan Azerbaýjan prezidenti Ylham Aliýewiň garşysynda ýalňyz goýdy. Ermenistanyň 1991-nji ýylda häkimiýet boşlugyndan peýdalanyp basyp alan ýerlerinden çykmaga mejbur bolmagy Paşynýan üçin gaty uly zarbady. Emma saýlamaga başga degerli garşydaşy bolmansoň, ermeni halky ýene-de ony wezipesinde galdyrdy. Paşinýan özüniň Ermenistany uzak wagtdan bäri kössekläp gelýän taryhy çäkliliklerden boşatmak kararynda aýgytly görünýärdi. Ol hatda prezident Rejep Taýýyp Erdoganyň wezipä girişme dabarasyna gatnaşmak üçin Ermenistanyň “taryhy duşmany” hasapanylýan Türkiýä zyýarat hem etdi. Şol bir wagtyň özünde hem öz ýarany Russiýanyň ýerine başga ýaranlyklar gözleginde bolup, ABŞ bilen harby tälimlere hem goşuldy. Ermenistanyň içki gapma-garşylyklarynda özi üçin mümkinçiligi aňlan Alýew Daglyk Garabagda otuz ýyl gowrak kök urup oturan häkimiýeti ýegsan edip, bu ýeri belli-külli öz ygtyýaryna geçirmek üçin sebitdäki harby üýtgeşmelerden peýdalandy. Köp kişiler Paşinýanyň sebitdäki oýunçylar bilen arany bozup, gaýtam hatda Ukraina goldaw bermekde çäklilik görkezen ABŞ-a bil baglamagyna sebäp bolan strategik mantygyny şübhe astyna alýarlar. Kremliň we başga-da ençeme ýorumçylaryň pikirine görä, bu tejribesizlik meselesi. Emma beýle seljermelerde Ermenistanyň içindäki häkimiýet ugrundaky göreş gözden salynýar. Daglyk Garabagda otuz ýyl gowrak kök urup oturan häkimiýet Ermenistanyň “jümmüş döwleti” bolup durýardy. Iş ýüzünde milletçi jemgyýetçiligiň ruhany lideri hökmünde çykyş edýän Ýerewandaky saýlanan bir hökümetiň her hereketi Daglyk Garabagyň garşylygyna duçar bolýardy. Daglyk Garabagyň ýolbaşçylygy tarapyndan şeýle status-kwonyň ebediligi onuň dowam etmegini goldaýan diaspora ermenileriniň kömegi arkaly üpjün edilýärdi. Mahlasy, Azerbaýjanyň Daglyk Garabagdaky amalyýatlaryna Paşynýanyň garşy durmaga göwünsizligi onuň bir duşmany beýlekä küşgürmek straregiýasya esaslanyp, onuň bu strategiýany üstünlikli amala aşyrandygyny aýdyp bileris. • Paşinýanyň aýalynyň Ukraina sapary Sebitde dartgynlylyk ýetjek derejesine ýetip durka Paşinýanyň öz aýaly Anna Akopýany Ukraina goldaw üçin ibermesini hem-de onuň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň tussag edilmegini göz öňünde tutýan Halkara jenaýat kazyýetiniň (ICC) Rim statutyny tassyklamak hakda ermeni parlamentine beren teklibi barada oýlanyp göreliň. “Azerbaýjan goşuny mümkin bolaýjak hereketlere häzirlenýärkän, Paşinýanyň bu prowokasion hereketleriniň maksady Kremliň ara goşulmagynyň öňüne geçmekden başga näme bolup biler?” diýen sorag ýüze çykýar. Elbetde, Paşinýanyň iş bilişi sorag astyna alnyp bilner, emma ol asla akmak däl. Munuň delili bolsa onuň Zangezur dälizini açmak babatdaky duruşynda takyk bolar. Ermeni milletçileriniň garşylyk görkezmelerine garamazdan, sebit söwdasyny ymykly janlandyrmaga mümkinçilik berjek bu ýol taslamasy garyp düşen ýurdy girdapdan halas etmek üçin uzadylan ýüp bolup durýar. Häzir 100.000-den gowrak ermeni Türkiýede işläp, Ermenistandaky maşgalalaryny maddy taýdan üpjün edýärler. Serhetler açylsa, bu Türkiýäniň kiçijik bir şäherine barabar ilaty bolan Ermenistanda ykdysady galkynyşa badalga berip biler. Paşinýanyň bolsa gaýra goýman, wagtynda karara gelmegi zerur bolup durýar, çünki Erdogan “Eger Ermenistan bu ýoluň öňüni açmajak bosa, onda ol Eýranyň üsti bilen geçer” diýip gyssaýar. Eger edilen eglişikleriň deregine Paşinýan söwdanyň giňeldilmegi we serhetiň täzeden açylmagy ýaly görnetin bähbitleri amal edip bilmese, öňdäki saýlawlarda onuň syýasy geljegi howp astynda bolup biler. Suratda: Adamlar premýer-ministr Nikol Paşinýanyň garşysyna närazylyk çykyşy hökmünde Ermenistanyň hökümet binasynyň öňüne ýygnanýarlar. Ýerewan, Ermenistan, 2013-nji ýylyň 19-njy sentýabry. Melih ALTYNOK, “Daily Sabah” gazeti, 25.09.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |