21:19 Eýranly inžener: Ölüm jezasynyñ formasy üýtgedi, indi zäherleýärler | |
EÝRANLY INŽENER: ÖLÜM JEZASYNYÑ FORMASY ÜÝTGEDI, INDI ZÄHERLEÝÄRLER
Publisistika
"Dünýä jemgyýetçiliginiñ bildiren nägileligi netijesinde Eýranda ölüm jezasy azaldy. Emma täze forma işläp düzdüler: alüminiý fosfaty. Indi syýasy tussaglary şu himikat bilen zäherleýärler, adamlar köp ýaşasa iki aý ýaşaýar". Eýranda sosial mediýada paýlaşan maglumatlary sebäpli 45 günläp gynamalara uçrandygyny aýdan we öldürilme howpy bilen ýurduny terk etmäge mejbur bolan Eýranyñ tanymal inženerlerinden Zahir Alizade türmelerde ölüm jezasynyñ üýtgändigine ünsi çekdi. Alizade "Dünýä jemgyýetçiliginiñ bildiren nägileligi netijesinde Eýranda ölüm jezasy azaldy. Emma täze forma işläp düzdüler: alüminiý fosfaty. Indi syýasy tussaglary bu himikat bilen zäherleýärler, adamlar köp ýaşasa iki aýa çenli ýaşap bilýär" diýdi. Eýranda gurup gutaran möhüm taslamalary bilen tanalýan Zahir Alizade ýurdunda bolup geçýän ykdysady durnuksyzlygy, şol bir wagtyñ özünde antidemokratik çärelere sosial mediýa arkaly nägilelik bildirendigi üçin tussag astyna alynandygyny we 45 günläp psihologiki basyşlar bilen birlikde fiziki gynamalara-da sezewar edilendigini gürrüñ berdi. Alizade ölüm jezasyna höküm edilme ýa-da öldürilme gorkusy bilen ýurduny taşlap gaýtmaga mejbur bolupdyr. Häzir Türkiýede ýaşaýan we janyna howp abanmazlygy üçin bolýan ýeriniñ mälim edilmegini islemeýän Alizade Eýranyñ adamkärçilige sygyşmaýan gynamalary amala aşyrýandygyna ünsi çekdi. Gynama wagtynda jynsy zorluk we agza alyp bolmajak usullaryñ hem ulanylýandygyny aýdýan Alizade habar beriş serişdeleriniñ doly gözegçilikde saklanýandygyny we Eýranyñ şular ýaly adamkärçilige sygyşmaýan etmişlerini tankyt edýän oppozisionerleriñ bolsa agyr jezalara, hatda kim tarapyndan amala aşyrylandygy belli bolman galan jenaýatlara uçraýandygyny aýtdy. "Hak-hukuk bozulma" meselesi orta atylanda gozgalan temanyñ öñdäki hatarlaryny eýeleýän eýran hökümeti täze güwä bilen täzeden üns merkezine oturdy. Eýranda guran birnäçe möhüm taslamasy bilen tanalýan gurluşyk inženeri Zahir Alizade 2022-nji ýylyñ 13-nji sentýabrynda 22 ýaşly Mahsa Amininiñ bürenjegini talabalaýyk dakynmandygy bahanasy bilen "ahlak polisiýasy" tarapyndan tussag astyna alynmagyndan soñ öldürilmegi bilen başlan protest wakalary döwründe sosial mediýada paýlaşan maglumatlary sebäpli howpsuzlyk gullugynyñ gözüne ilipdi. Şol wagt Yrakda gezip ýören Alizade ýurda girende Eýranyñ howpsuzlyk gullugynyñ işgärleri tarapyndan tussag astyna alynandygyny aýdýar. 45 gije-gündizläp ymmata sygyşmajak gynamalara uçrandygyny aýdýan Alizade şol wagtky başdan geçiren horluklaryny şeýle sözler bilen beýan etdi: "Eýranda protestler başlanda men Yragyñ Kürdüstan welaýatynda bir taslamanyñ üstünde işläp ýördüm. Ýaşlaryñ öldürilmegi we eýran hökümetiniñ wakalara ýowuz çemeleşmegi hemmelerde bolşy ýaly meniñem wyždanymy ýaralaýardy. Şonuñ üçinem çydap durup bilmedim we sosial mediýa arkaly bolup geçen wakalardan düşürilen ýazgylary paýlaşyp, nägileligimi bildirdim. Bärde eýran halky hakly ýagdaýda öz hak-hukuklaryny talap edýärdi. Adalat isleýärdi, ýaşamaga bolan hukugyñ berilmegini isleýärdi, iñ esasysy-da ýurduñ içindäki krizisiñ çözülmegini isleýärdi. Munuñ özi tebigy hukukdy, bolaýmaly zatdy. Eýranda demokratiýa we ykdsady mesele bu ýurtda ýaşaýan hemmeleriñ umumy meselesi. Men nägileligimi sosial mediýada-da dillenendigim üçin ýurduma giren badyma tussag edildim we neneñsi agyr gynamalara uçradym. Fotosurat: AA • "Zor bilen prowokatorlyk aýbyny boýnuma goýjak boldular" Alizade tussaglykda saklanan 45 gününde özüni zor bilen ýüze duruzmaga synanyşandyklaryny aýdýar. Eýrandaky dartgynlylygy döretmek üçin daşarky güýçlerden pul alynandygy barada görkezme beren ýagdaýynda özüne azatlyk wada edilendigini aýdýan Alizade soñky gezek maşgalasyna-da howp abanandygyny, muña garamazdan beýle bihaýaçylygy etmekden boýun towlandygyny aýtdy: "Şeýle bir erbet zatlary etdiler welin, olary açyk aýtmagy ahlak taýdan dogry hasaplamaýandygym üçin aýdyp bilemok. Meni maşgalama zyýan ýetirjekdiklerini aýdybam gorkuzjak boldular. Men inžener bolup işleýärin we eden işimiñ hakyny alýaryn. Aýlygymy töleýäm şereketlerem belli, meniñ işlän wagtymam belli. Muña garamazdan hasabymda duran puluñ "daşarky güýçler tarapyndan Eýrany bulaşdyrmak üçin berilendigini aýtmagymy talap edýärdiler. Elbetde, men muña razy bolan bolsam, dar agajynyñ ýüpüni öz elim bilen boýnuma oradygym bolardy. Menden öñ şeýle aýyplamalary günäsi ýokdugyna garamazdan boýnuna alan adamlaryñ hemmesi ölüm jezasyna höküm edildi. Maña-da ölüm jezasyny berjekdiler. Men çydadym, edilýän ähli gynamalara dişimi gysyp döz geldim. Öñüme wideokamera dikdiler. "Günäñi boýnuña al-da gidiber, soñ sen boş" diýdiler. Muña garamazdan men etmedik işimi boýun almadym". Fotosurat: Reuters • "Aýallary erkekleriñ, erkekleri bolsa aýallaryñ öñünde ýalañaçlap mertebelerini peseldýärdiler" Eýranda gynamalaryñ çäginiñ ýokdugyny aýdýan Alizade fiziki gynamalar derege ýaramansoñ, psihologiki basyşa ýüz urulandygyny aýdýar: "Dört metrlik ýerde aýaly, ýaş ýigidi we gojany goýup, iñ agyr gynamalary edýärdiler. Bulara boýun egmeseñiz, soñ psihologiki gynamalar başlaýardy. Aýallary erkekleriñ, erkekleri bolsa aýallaryñ öñünde çuw-ýalañaç edip goýýardylar. Jynsy zorluk we agza alyp bolmajak paýyş sözler bilen haýbat atardylar. Bu edilýänlerde musulmanlykdan ýa-da adamkärçilikden zerre nam-nyşan ýokdy. Olaryñ bar aladasy birini öñe çykaryp: "Hawa, men Eýranda bulaşyklyk döretmek üçin daşarky güýçlerden pul aldym" diýdirmekdi. Şeýle diýen bolmansoñam, iñ ýowuz gynamalar bilen täzeden daşymyza geçerdiler". • "Alüminiý fosfaty bilen gelen ölüm" Halkara jemgyýetçiligiñ bildiren nägileliklerinden soñ eýran hökümetiniñ ölüm jezalaryny azaldandygyny aýdýan Alizade munuñ ýerine möhletinden öñ jogapkärçilikden boşatmak we bu möhletinden öñ boşatmalar bilen täze ölüm formasyny işläp düzendiklerine ünsi çekdi: "Alüminiý fosfatyny bilýärsiñizmi? Bürünç dänesine meñzeýär. Eýran muny täze ölüm serişdesine öwürdi. Aýratynam syýasy tussaglara berilýär. Kepillik ýa-da başga bir talap bilen adamlary jogapkärçilikden boşadýarlar. Elbetde, şol wagt alüminiý fosfatyny naharlaryna ýa-da suwlaryna goşup berilýär. Häzire çenli 18 adam türmeden çykandan soñ öldi. Zäherlenen adamlardan iñ köp ýaşasa iki aý ýaşaýar. Dek on gün mundan öñ türmeden çykan ýene biri öldi. Men kepillik arkaly türmeden çykdym, çykandan soñ meniñem burnumdan gan gelýärdi. Lukmana göründim, emma lukman kelläme urgy alandygym üçin burnumyñ ganandygyny aýtdy. Ganymam barlamady, hiç zat etmän şeýle diagnozy goýdy. Eýran hakykatdanam ýaramaz ýurt". Eýran şahynşalar döwründe (1925-1979), Yslam Respyblikasy döwründe (1979-njy ýyldan şu güne çenli), hökümetiñ eýran raýatlarynyñ hak-hukuklaryna garşy gönükdirilen basyş syýasaty eýranlar, halkara adam hukuklary aktiwistleri, ýazyjylar, raýat-jemgyýetçilik guramalary we ABŞ tarapyndan berk ýazgarylypdy. Şalaryñ dolandyryşy astyndaky monarhiýa günbatarly guramalaryñ köpüsi tarapyndan adam hukuklary boýunça ýüze tutarlygy bolmadyk tejribä eýe bolandygy üçin giñ möçberli hüjüme uçrasa-da, ondan soñky gelen Yslam Respublikasy hökümeti birnäçeleri tarapyndan öñküdenem erbet hasaplanýar. Pehlewi dinastiýasy (Ryza şa Pehlewi we onuñ ogly Muhammet Ryza şa Pehlewi) mahal-mahal "patyşalyk diktaturasy" ýa-da "ýeke-täk adam hökümeti" hökmünde tanaldy we syýasy oppozisiýany basyp ýatyrmak üçin gizlin polisiýany, gynamalary we ölüm jezalaryny ulandy. Muhammet Ryza şa Pehlewiniñ soltanlyk süren döwründe ölüm jezasy berileb syýasy tussaglaryñ sany 100-den 300-e çenli bolandygy çak edilýär. Yslam Respublikasy döwründe türme sistemasy merkezileşdirildi, giñ möçberde ulaldyldy, hökümet özüniñ irki döwründe (1981-1985) 7 müñ 900-dan gowrak adamy ölüm jezasyna höküm etdi. Yslam Respublikasy halkara adam hukuklary normalaryna gabat gelmeýän (etmişlere bellenen agyr jezalar, jebir çekeni bolmadyk etmişleriñ jezalandyrylmagy, söz we metbugat azatlygynyñ gysylmagy, dini azatlygyñ gysylmagy we başgalar) bilen birlikde Yslam Respublikasynyñ konstitusiýasynda we kanunlarynda bellenen çäklendirmeler we jezalar sebäpli-de ýazgaryldy, gazet redaksiýalarynyñ bombalanmagy, urup-ýençmeler, gynamalar, jynsy zorluk we syýasy tussaglardyr oppozisionerleriñ, raýatlaryñ sud edilmezden öldürilmegi we beýleki işleri üçinem ýazgarylma kemi galmady. Idris ÝYLMAZ, @idrisylmz65 Penşenbe 30.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |