14:57 Eýrany sarsdyran teraktda agzalman galan ýene bir duşman bar | |
EÝRANY SARSDYRAN TERAKTDA AGZALMAN GALAN ÝENE BIR DUŞMAN BAR
Publisistika
Eýranyñ atom bombasynyñ atasy saýylýan Muhsin Fahrizade teraktynyñ Ysraýyla ýöñkelmegi we munuñ bilen baglanşykly Ysraýyla "terrorist döwlet" diýilmegi, näderejede dogry ýa-da ýalñyş... bu boýunça jedelleşere zat kän. Bir zady ýatdan çykarmalyñ: Eýrandaky mollalar režiminiñ düýp maksady Ysraýyl döwletini dünýäniñ kartasyndan ýok edip aýyrmakdyr. Olaryñ çykarmaga çalyşýan atom bombasynyñam gönderilmek islenýän adresi aç-açan belli. Özem telim gezek bu bet pygylyñ maksadynyñ Ysraýyla garşy gönükdirilendigi Eýranyñ döwlet ýolbaşçylary tarapyndan biperwaýlyk bilen gös-göni aýdylypdy. Ahmedinejat muny iñ köp agzan liderdi. Ondan soñky gelen täze liderlerem muny gaýtalamakdan ýadamadylar. Eýran şol bir wagtyñ özünde dowamly diýen ýaly Siriýanyñ çäklerinde ýarag ammarlaryny gurup, Ysraýyla garşy front liniýasyny gurmaga taýýarlanýar. Şonuñ üçinem Ysraýyl Russiýa bilen baglaşan ylalaşygynyñ çäklerinde özüne howp hasaplaýan ýarag we harby bazalaryny ýol üstünde we ammarlarda ýok etmäge ýaýdanyp duranok. Hut Türkiýänin serhetden añyrda geçirýän operasiýalary arkaly özüne duşman we howp hasaplaýan PKK bazalaryny bombalaýşy ýaly... PKK Türkiýe üçin nähili howp bolýan bolsa, Eýranyñ "Kuddus batalýonlary" we "Rewolýusion brigadalary" Ysraýyla şonça howp salýae we olary herekete geçmezden ýok etmek gerek. Bu harby we syýasy kararlylykdyr. Bu ýaşaýyş ugrunda alnyp barylýan söweşdir. Ýogsam bolmasa, Ysraýyl bilen ýeke garyş hem serhetleşmeýän Eýranyñ Ysraýyl bilen bölüşip bilmeýän zady barmy, olar Siriýada ornaşyp Ysraýyly ýok etjek ýarag bazalaryny toplamagy nämäniñ alamaty? Eýran munuñ bilenem çäklenmän, Liwandaky çybanbaşy "Hizbullah" terrorçylykly guramasyny we onuñ lideri Hasan Nasrallahy, şeýle-de Gazzäniñ terrorçylykly guramasy "Hamasy" Ysraýyla garşy ýaraglandyrýar we maliýe goldawyny berýär. Ýagny, Ysraýyl daş-töweregini gurşap alan şunça duşmançylykly halkany görmezden gelip, ol özüni intellektual saýýanlaryñ özüne "terrorçy döwlet" diýäýmesin diýip, döwletiñ we raýatlarynyñ howpsuzlygyny howp astynda goýar öýdýän bolsalar-a, herkes ýalñyşýar. Ne jöhitler, ne-de Ysraýyl döwleti bu ugurda oýun oýnanok indi. Kim bu döwlete garşy gidermen bolsa, başy beladadyr. Näme sebäp bilenem bolsa... Muny men aýdamok, muny Ysraýylyñ Goranmak ministri we premýer-ministri açyk aýdýar. Geleliñ, bir alymyñ janyna kast edilip öldürilmegi etiki taýdan dogrumy diýen meselä. Haýsydyr bir alymyñ narkotiki serişdeleriñ önümçiligine goşulmagy etika nähili ters gelýän bolsa, hut şol alymyñ köpçülikleýin gyryş ýaragyny öndürmegi-de etika düýbünden ters gelýär. Bu sözlerime geljek jogaplary eýýämden çaklaýaryn. Ýeri, Ysraýyl bilen Amerikanyñ ýadro ýaraglarynyñ bolmagy näderejede etika gabat gelýär? Aradaky kiçijik tapawudy size görkezmek isleýärin. Ysraýylyñ ýadro ýaraglary birnäçe ýyl bäri bar, ýöne muny ençeme ýyllap bilen-goýan bolmady. Özem Ysraýyl hiç bir döwleti ýa-da duşmanlaryny bu ýaraglar bilen gorkuzjak bolmady we "siziñ baryñyzy birden ýok ederin" diýmedi. Emma Eýran muny telim gezek diýdi. Aradaky tapawut şu: Eýranyñ niýeti düzüw däl. Hemmelere ýatlatmak isleýärin. AKP hökümetine we özüni syýasy yslamçylara garşy gidýän hem-de özüne sosialist ýa-da kommunist diýýänleriñ - agzyndan “imperialistler” sözüni düşürmeýänleriñ diñe Erdogana we AKP-ä garşy gidýändigine seredip, jöhitlere we Ysraýyla dostdur öýtmäñ. Olaryñ ilkinji pursatda Ysraýyla “terrorçy döwlet” myjabatyny atmakdan gaýtmaýandyklaryny aýtmak isleýärin. Hem mysal hökmünde saýlawlarda çepçi partiýalara ses berýän ysraýyllylary öz dosty hasaplap, jöhitlere dostdugyny nygtaýarlar. Kim diýseñiz, ýoldaş Merdan Ýanardagyñ adyny tutsam gowy bor. Merdan beý, Ysraýyl terrorçy döwletlere garşy söweşen ýurtdur. Ysraýylyñ Muhsin Ýanardagy öldürip-öldürmändigi-de, heniz belli däl. Şonuñ üçin bu babatda gutarnykly netijä gelmegiñiz dogry bolmasa gerek. Galyberse-de, Eýranyñ ýeke-täk duşmany Ysraýyl däl. Eýranyñ daş-töweregine göz aýlap, onuñ duşmanlarynyñ kimlerdigini ýekän-ýekän görersiñiz, ýurduñ Eýrandan ar almaga synanyşýan birgiden möjekleriñ arasynda oturandygyny görersiñiz. ABŞ, kürtler, azeriler, saudlar, Bahreýn we Birleşen Arap Emirlikleri... Ýene kimler, kimler... Bu terakty kim amala aşyranam bolsa, goñşularynyñ ýardamy bolmazdan 62 adamlyk hakynatutma ganhorlar toparyny bir pursadyñ içinde asmana uçurmazdylar. Agzalman galan ýene bir duşman bar, olam - eýranlylaryñ özi. Ýa-ha halkyñ içindäki eýran häkimiýetinden nägile toparlaryñ, ýa-da gönüden-göni häkimiýetiñ öz içindäki toparlaryñ bu teraktda eli bar. Dessine Ysraýyla müñkürlik edip, barmagyñyzy çommaltmañ, haýyş edýärin. Hormatlamak bilen... Indiki ýazgymda añsatlyk bilen garalanýan imperializm temasynyñ üstünde durup geçeris, eger isleseñiz. Rafael SADI. 01.12.2020 ý, Odatv.com | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |