15:35 Farhunda Malikzada | |
ADY ÝATDAN ÇYKARYLAN ZENANLAR: FARHUNDA MALIKZADA
Zenan şahsyýetler
Farhunda Malikzada Owganystanyñ paýtagty Kabulda ýaşaýardy. Ol ýaşaýan jemgyýetine birjigem garşy gelmeýän ýagdaýda dini ynançlary bolan, Kabul uniwersitetinde ylahyýet ugrundan okaýan 27 ýaşly ýaş gyzdy. Onuñ durmuşy şäheriñ merkezinde zyýarat edilýän bir kümmete zyýarat edende, kümmetiñ öñünde doga-tumar satyp oturan bir palçy mollany görmegi bilen düýbünden başga ugra gönükdi. Ol bir salym palçynyñ doga satyşyna syn edip, gelýän aýal-gyzlar bilen näme gürrüñ edýändiklerini diñledi, soñam oña nägileligini bildirdi. Mollanyñ satýanlarynyñ Kurana we yslama garşy gelýändigini, doga satyn alýan aýallary aldaýandygyny aýtdy. Doga satyn alýan aýal-gyzlara "bulara puluñyzy gidermäñ, bu zatlaryñ yslamda ýeri ýok" diýip ýatlatdy. Pyssy-pyjurlygy ýüzüne basylan palçy mollanyñ gahary geldi we Farhundany ýanyndan kowdy. Bu wakadan dört hepde geçensoñ, 2015-nji ýylyñ 19-njy martynda ýañky satyjy Farhundany ýene gördi. Emma bu gezek ol taýýarlykly gelipdi, ony gaharlanan bolup ýanyndan kowup oñarly däldi. Ol elindäki birnäçe bölek kagyzy ýakandan soñ köne Kuranyñ içine goýup, uly iliñ içinde Farhundadyñ garşysyna gygyryp başlady: "Bu gyz Kurany ýakdy, bilemok, ol näsagmy, nämemi? Siz nähili musulman bolýañyz, adamlar, geliñ ahyryn, diniñizi gorañ!" Bu aç-açan linç çakylygyna daş-töwerekdäki köpçülik ylgap geldi. Haýýar palçynyñ pygyly amala aşypdy, bir demde Farhundanyñ daşyna hümerlenişdiler. Farhundadan gaharly ýagdaýda nämüçin Kuran ýakandygy soraldy. Farhunda beýle iş etmändigini aýtsa-da, oña ynanan bolmady. Yzyndan Farhundanyñ amerikanparazdygy, daşary ýurtlularyñ hasabyna işleýändigi hakda "garalawjy" sesler we hyşy-wyşylar asmana galdy. Polisiýa işgärleriniñ biri gelip, Farhundany sorag etmäge äkitjek boldy. Görgüli gyzjagaz gelen erkek poliseý bilen gitmän, zenan polisiýa işgäriniñ özüni äkitmegini talap etdi. Şol wagtam kimdir biri oña ýumruk saldy. Ýere ýazylyp giden gyzyñ çem gelen ýerine urdular-depdiler, görgüli gara gana boýaldy. Şol wagt polisiýa işgäri asmana ok atyp, märekäni Farhundanyñ ýanyndan daşlaşdyrjak bolýardy, ýa-da şeýdensirän bolýardy. Emma gözüne gan guýlan märekäniñ küýi-pikiri gana bulaşyp ýatan Farhundany öldürmekdi. Polisiýa işgäri gyzy köpçüligiñ arasyndan çekip çykaryp bilmänsoñ, ony üçege çykaryp, şol ýerden gaçyrmaga synanyşdy. Farhundanyñ üçege çykarlan wagty, bir adam onuñ aýagyndan aslyşdy we ony aşak çekdi. Polisiýanyñ bar synanşygy-da şol ýerde gutardy. Polisiýa işgärlerinij gyzjagaz öldürilip durka-da, para-para edilip, ýakylyp durka-da syn edip durmakdan başga alaçlary galmady. Farhundanyñ üçekden çekilip alnyşy aýylganç ölümiñ ilkinji ädimi boldy. Köpçülik gyzy täzeden ýençmäge durdy, soñra ony ýoluñ ortasyna taşlap, üstünden awtoulag sürdüler. Yzyndan derýanyñ kenaryna äkidip daşladylar, iñ sonunda jesedi ýakmagy makul bildiler. Gyzjagaz gara ganyñ içinde bolansoñ, öz şarflaryny tutaşdyryp, üstüne zyñdylar we alawlap ýanýan jesedi synladylar. Bu linç wakasy boýdan-boşa jenaýaty amala aşyranlar tarapyndan wideoýazgy edildi we internetde goýuldy. Ilkibaşda degişli polisiýa edarasy wakany gizlemäge synanyşsa-da teleýaýlymlaryñ we halkara habar beriş serişdeleriniñ diline düşen ýazgylar ginger gerimli barlagyñ geçilmegine getirdi we ahyrynda Farhundanyñ hiç hili günäsiniñ ýokdugy ýüze çykaryldy. Pahyrjyga töhmet atylandygyny bilmedik galmady. Kisesini doldurmak üçin kiçijik kagyz böleklerine doga ýazyp, adamlara derman gerdejigi ýaly din satýan mollanyñ bu batyrgaý gyzyñ garşysynda girere deşik tapman utanman-uýalman "Bu gyz Kuran ýakdy" töhmetini atyp, köpçüligi aýaga galdyran mollanyñ iki dodagynyñ arasyndady, bir naçaryñ ykbaly... Wakadan soñ gyzyñ kakasyny gözlediler. "Gel, gyzyñ günä iş etdi, alyp git" diýdiler. Hawa, hawa, bir din söwdagäriniñ kezzaplygyny ýüzüne basmakdan beterem uly "günä barmy diýsene? Farhunda muña añryýany bilen mynasypdy. Şonuñ üçin onuñ garşysyna birtopar ýalan-ýaşryk gepleri tosladylar. "Akly ýerinde däl, Kuran ýakdy" diýdiler. Emma wagşylyk bilen edilen bu jenaýatyñ yzyndan ýagdaý pälazanlaryñ garaşyşy ýaly bolmady. Farhundanyñ tike-tike edilen ýanyk jesedi müñlerçe owgan zenanynyñ gahar-gazabyna öwrüldi: ýüzlerçe ýyl dowam eden bu erkek gegemoniýasyna: alynmaga, satylmaga, zorlanmaga we kemsidilmäge garşy Farhundanyñ jansyz bedeninde janlanan gahar-gazap siline! Aýallaryñ ömrüni kül eden, zyndanlara dykan, erkegiñ iki dahanynyñ arasyndan çykan ýeke söz bilen öldüren molla düzgünune garşy dabaralanan Farhundanyñ meýdi müñlerçe zenanyñ egninden geçdi. Kakasy, betpygyllaryñ talap edişi gyzyndan utanmady, ony näletlemedi. Gaýtam maşgalasynyñ familiýasyny üýtgedip, Farhunda etdi. 2015-nji ýylyñ 4-nji maýynda geçirilen derñewde elli adam tussag astyna alynyp, jogapkärçilige çekildi. Bularyñ dördüsine ölüm jezasy berildi, sekiziniñ ölüm jezasy bolsa uzak möhletleýin türme tussaglygyna geçirildi. Wakanyñ bolan ýerinde bolan polisiýa işgärlerine-de jenaýatyñ öñüni almandyklary üçin berk temmi çäresi berildi. Emma wideoýazgylardanam görnüşi ýaly jenaýaty amala aşyrmaga gatnaşanlaryñ sany 100-den geçýärdi. Birem bularyñ daşynda jenaýatyñ öñüni almaga synanyşmagyñ deregine tomaşa edip oñan we wideoýazgy eden adamlaram bardy. Şeýle-de, "bütin yslam duşmanlaryna göz bolsun" diýip internetde paýlaşanlar bardy. Bir zenan - Farhunda Malikzada hakykaty aýtmakdan çekinmändigi üçin, erkegiñ sözünden çykman hereket edýän jemgyýet tarapyndan ýüzlerçe kişiniñ gatnaşan jenaýatynyñ pidasy boldy. Biri aýyplady, beýlekiler linç çakylygyna ylgap gelip goşuldy, polisiýa işgärleri-de bolýan zatlary görüp kömek etmäge jan edýänsiräp, emma elinden hiç zat gelmeýän ýaly hereket etdi. Aýal-gyzlaryñ garşysyna bolýan her bir jenaýat ýaly bul jenaýat hem sistematiki we meýilleşdirilendi. Bu jenaýatyñ başy ýüzlerçe ýyla çenli uzap gidýär. Şindi biz aýal-gyzlar owgan zenanlarynyñ Farhundanyñ ölüminden soñ görkezen batyrgaýlygy bilen aýaga galyp öz sözüni aýtmakdan çekinmän, ynanýan hakykaty üçin, jemgyýet ony diñlemändigi üçin, degişli hukuk goraýjy edaralarynyñ sowuk-salalyga ýol berendigi üçin ömür tanapy üzülen we bulary başdan geçirme ähtimallygy bolan ýer ýüzüniñ ähli aýal-gyzlarynyñ öñünde borçludyrys. Çünki dünýäniñ islendik ýerinde bizi dinimize, milletimize, ideologiýamyza seretmezden öldürýän erkek gegemonlygy sistemasyna garşy diñe aýal-gyzlaryñ aýal-gyzlary ýaşadyp biljekdigine ynanýarys! Ebru SERT. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |