15:22 "Futboluň şasy" Pele: Futboluň ilkinji dünýä ýyldyzy aradan çykdy | |
"FUTBOLUŇ ŞASY" PELE: FUTBOLUŇ ILKINJI DÜNÝÄ ÝYLDYZY ARADAN ÇYKDY
Sport we turizm
XX asyryň naýbaşy futbolçysy hasaplanan braziliýaly legendar futbolçy Pele 82 ýaşynda aradan çykdy. Pele ähli döwürleriň iň gowy futbolçysy hasaplanýar. Ol dürli toparlarda salan 1281 goly bilen dünýäniň iň köp gol salan we Dünýä kubogyna mynasyp bolan iň ýaş oýunçysy boldy. Ginnesiň Rekordlar kitabynda Peläniň futbol karýerasynda 1281 gol salyp, futbol taryhynyň iň köp gol salan futbolçysydygy aýdylýar. 50-nji ýyllaryň ahyrlaryndan 70-nji ýyllaryň ahyrlaryna çenli Pele Ýewropada we Latyn Amerikasynda sportuň ösýän ugry bolan futbolyň saýlama wekilleriniň biridi. Ol joşgun döretdi, garaýagyz bolandygy üçin afrikan identiçnostyny öňe çykardy we ABŞ-da futboluň ösmegine goşant goşdy. Hakyky ady Edson Arantes do Naskimento bolan Pele futbol taryhynyň iň uly futbolçysy hasaplanýar. Ol dünýä derejesinde görkezen üstünlikleri sebäpli “Futboluň şasy” adyny aldy. Pele 17 ýaşynda Dünýä kubogyna mynasyp bolan taryhyň iň ýaş futbolçysydyr. Ol 1958-nji ýyldan 1970-nji ýyla çenli gatnaşan bäş çempionatynda üç gezek baş baýraga mynasyp boldy. Pele şol bir wagtyň özünde taryhda üç gezek dünýä çempiony bolan (1958, 1962, 1070) ýeke-täk oýunçydyr. 1970-nji ýylda Braziliýada harby hökümetiň häkimiýeti elinde saklan ýyllarynda gazanan dünýä kubogy ýurdundaky ploýuslaşan şertleri ýumşatmaga hyzmat etdi. Şonuň üçinem ol ähli gatlaklaryň hormat goýýan abraýly türgenidi. Pele “Santosda” we Braziliýanyň milli ýygyndy toparynda 18 ýyllap çykyş edenden soň 1975-nji ýylyň futbol möwsüminde ABŞ-nyň “New York Cosmos” topary bilen şertnama baglaşdy. Peläniň ABŞ-na gitmegi ýurduň futbolynyň ösmegine we halkyň futbol bilen gyzyklanmagyna sebäp boldy. Ýurt derejesinde futbola janköýerlik edýän tomaşaçylaryň sany artdy. Ol garaýagyzlaryň ABŞ-da içerki howp hasaplanýan ýyllarynda garaýagyzlar üçin rol-model boldy. Amerikan status-kwosy taýdanam sazlaşykly integrasion serişdesi hökmünde öňe çykaryldy. Şonuň üçinem ömrüniň ahryna çenli syýasy çekişmelerden gaça durdy. Söýgi we parahatçylykly şygarlaryň ýegäne goragçysy boldy. Pele Nigeriýada bolup geçen içerki uruşyň hem togtamagyna sebäp boldy. Nigeriýada iki etniki toparyň (ibolar we hausalar) arasynda bolup geçen çaknyşyklarda 2 milliondan gowrak adam wepat bolupdy. “Biafran urşy” diýlen graždanlyk urşunyň bolýan wagtynda “Santos” topary Pele bilen birlikde ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmek üçin Afrika turnirine çykdy. Peläniň topary stadiona, otele we howa menziline howpsuz ýagdaýda gelmegi üçin Nigeriýanyň hökümetiniň we taraplaryň arasynda çaknyşyklar bes edildi. Şahsy durmuşy bulaşyklyklardan doly boldy. Üç gezek öýlendi we olardan üç çagasy boldy. Hyzmatkäri bilen bolan ýakyn gatnaşygyndan dünýä inen başga bir çagasyny dawaly geçen sud prosesiniň çykaran kararyndan soň perzentlige aldy. Pele köp sanly meşhur aýdymçylar, žurnalistler we modelýeralar bilen pynhan söýgi gatnaşyklaryny başdan geçirdi. “Netflix”-de beren bir gepleşiginde “näçe kişi bilen ýakyn gatnaşykda bolanyny we näçe çagasynyň bardygyny bilmeýänini” aýtdy. Pele futboldan gidenden soň öňki prezident Fernando Kardozonyň sagçy hökümetinde sport ministri bolup işledi. Ýurtda öz adyny göterýän kanunyň taýýarlanmagyna goşant goşdy. Sportda öwrülişik döreden “Pele kanuny” ýurduň sportynda aç-açanlygy we halkara soprta has köp professionallyk getrimegi maksat edinýärdi. Kanun Braziliýada futbol klublarynyň şereketlere öwrülmeginde möhüm rol oýnady. Kanun şol bir wagtyň özünde Olimpiýa we Paralimpik oýunlary üçin fond döredip, Sport sudlarynyň garaşsyzlygyny üpjün etdi. Has az mukdarda döwletiň tarapyny çaldy. Pele – futboluň ilkinji dünýä ýyldyzy Pele iki sebäpden üçin dünýä derejesinde meşhurlyk gazandy. Ol iň abraýly halkara ýaryşlarynda has köp öňe saýlandy we gazanan üstünliklerini telewideniýe arkaly bütin dünýä tomaşa etdi. Dünýä çempionatynda görkezen oýny we Latyn Amerikasyndaky turnirlerde gazanan çempionlyklary ony “gara dür” hökmünde parlamagyna sebäp boldy. Ol özünden öňki nesliň iň gowy oýunçalary hasaplanýan wengeriýaly Puşkaşdan we argentinaly Di Stefanodan has meşhurdy. Meşhurlygy kluby bilen dünýä derejesinde geçiren köp sanly turniri wagtynda gowy ulanylyşy ýaly-da arşa çykypdy. Pele hiç wagt tälimçilik etmediwe Ýewropada futbol oýnamady. Şeýle-de harby hökümet döwründe onuň Ýewropa gitmegi gadagan edildi. Pele köp sanly halkara şereketleriň kysym tuwagy boldy. Ýöne ol hiç haçanam çilim we alkogol öndürýän şereketleriň mahabatyny etmedi. 1959-njy ýylda Atlantik okeanyň iki tarapyndaky adamlar umuman brazil futboluna we aýratynam Pelä aýratyn gyzyklanma bildirip başlady welin, onuň kluby “Santos” her ýyl ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmek üçin daşary ýurtlara gitmäge başlady. Daşary ýurt habar beriş serişdeleri käwagt onuň kluby “Santosyň” ýerine “Pele FC” lakamyny ulanýardy. Braziliýaly ýaşlaryň müňlerçesiniň Ýewropa klublaryna gitmeginiň öňüni açdy. Onuň görkezen göze ýakymly futboly, gözüňi-başyňy aýlaýjy çakgan tilsimleri, pökgä erk etme tehnikasy we garşydaşlaryna bolan sylag-hormaty ýewropalylaryň ünsüni Latyn Amerikanyň futbol bazaryna gönükdirdi. Garaýagyzlygy bilenem afrikaly birgiden adamyň idolyna öwrüldi. Şonuň üçinem Pele futbolyň ilkinji dünýä ýyldyzydyr. Bizem sözümiziň ahyrynda brazil halkyna, futbol dünýäsiniň ähli janköýerlerine giňlik dileýäris. Sport dünýäsiniň yzy ýarasyn. Topragyň bol bolsun, Pele... Hüsametdin ASLAN, syýasaty öwreniji. Sişenbe, 03.01.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |